|

On bäş ýara

On bäş ýara ON BÄŞ ÝARA

Meniň gursagymda on bäş ýara bar,
On bäş gezek pyçak urdular oňa.
On bäş ýara maňa berip dur azar,
Ýöne çydam etmän diňmäge derek
Urup dur,
Urmasyn goýmazam ýürek.

Meniň gursagymda on bäş ýara bar,
Oan bäş ýara maňa berip dur azar.
Olar daşynda-da Gara deňiziň
Gara, ganly suwy-misli bir ýylan
Aýlanyp, güýç bilen gysýar gör meni,
Başarsa bir demde berjek däl aman.

On bäş pyçak uruldy meň gursagma,
On bäş ýara maňa azar berip dur.
Ýöne welin kükregimde ýüregim
Dynman urup dur.

Meniň gursagymda on bäş sany ot,
Pyçagam döwüldi hut on bäş gezek.
Ýöne gyzyl baýdak deýin lowurdap
Urup dur,
Urmasyn goýmazam ýürek.

1921 ý.

“TÜRMEDEN HATLAR” ATLY TOPLUMDAN ÜÇ GOŞGY

Bu gün ýekşenbe güni,
Özem ýaz güni.
Bu gün ilkinji gezek zyndandan meni
Çykardylar howla.
Men bolsam ömrümde ilkinji ýola
Göz ýetirip depämdäki asmanyň
Belenetdigine
Göm-gökdügine
Hem giňdigine
Gymyldaman durun.
Soň diwara ýaplanyp,
Hormat goýup topraga
Emaý bilen oturdym.

Zenan gujagyny ýa erkinligi…
Arzuw etmek şo dem gury höwesdi.
Bagtly bolmak üçin maňa şo pursat
Toprak bardy,
Güneş bardy,
Men bardym – şularam besdi.

1938 ý.

***

Biziň oglumyz näsag,
Atasy-da türmede
Seniň agralan kelläň, ýadaw elleň üstünden
Hiç aýrylyp bilenok.
Seniň merjen dişleriň ýylgyranok,
Atyn gözleň gülenok.
Her minutyň agyr, agyr, ajy zäk ýaly,
Biziň ykbalymyz – dünýäň ykbaly.
Zyýany ýok.
Äderler-de iň batyrgaý,
iň aýgytly ädimleri,
Ýetirerler nurly, güneşli güne
Adamlar adamlary.
Oglumyzam gutular.
Atasy-da bir gün çykar zyndandan.
Seniň altyn gözleňem gülüp görner her ýandan,
Biziň ykbalymyz – dünýäň ykbaly.

21.XI.1945 ý.

***

Kitap okaýaryn:
Sen hakda ol, sen hakda.
Aýdym diňleýärin:
Sen hakda ol, sen hakda.
Iýmäge başlaýan berlen höregi:
Otyrsyň sen gaşymda.
Goşgy ýazyp köşeşdirýän ýüregi:
Islän wagtym köňlüm seni çagyrsa,
Peýda bolýaň geregim.
Ýöne biz gürleşip bilemizok hiç.
Sesiň eşdemok seniň.
Sen sekiz ýyl bäri misli dul ýaly,
ezizim meniň.

22.XI.1945 ý.

Terjime eden Italmaz NURYÝEW,

“Edebiýat we sungat” gazeti, 19.01.1977 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle