Ömür ýyldyzy
Ömür ýyldyzy
Duýýan, käte sen aýratyn golaýym,
Buýur, mydam hyzmatyñda bolaýyn,
Boz çägede galan tylla zire deý,
Düşläp tellerine gökje ýylagyñ-
Topragyñdan aýdym çöplär gulagym!
Sowa sakla bir manysyz gabykdan,
İl kalbyna akdyrmawer läbik deý,
Bilýärin, şeýle bir çar bağlar dörär,
Bolsam bolaýyn men kıçı şänik deý-
Saña öser pikirlerim gämik deý.
Gowulyk edesim gelýär şu pursat,
İçine dağlar Siñdiren gursak-
Kemeri gaýasy, çeşmesi bilen,
Peýdamyz değsin illere barsak,
Eşdemol, diýse-de şeýtanlar » ters ak! »
Diýýarler Ýyldyzlar ömürden nyşan»
Haýsysy dogrudur, Haýsysy ýalan,
Erteki tapmaça aydasym gelýär,
Yhlasy y görseñ bolarmyñ hoşal,-
Ol mydam bilinci aklyga guşan!
Hol topbak ýyldyzlar belkide kowmum,
Ýylpyldap, beğenip tanandyr kowmum,
Gögünde, Zeminde üzñelik tapman,
Telwaslar içinden meni görüpler,
Bir ýyldyz düşmekçi,
Ol meniñ oğlum!..
Ýaşaýyş pelsepe — Ýaşaýyş matal,
Her kime bir ykbal Nesibe atan,
Bu ýagşy günlerden ýagşylyk gözläp,
Men senden duýýaryn ýakynlyk Watan,
Hem şeýle ykbala nesibäm atan…
Oguljemal ÇARYÝEWA. Goşgular