|

Ömür sagady

Ömür sagady ÖMÜR SAGADY

Dünÿe bilen deñ aýlanÿar sagatlar,
Getirÿär, äkidýär ähli pursady.
Käşkä, em bolmaga gelsedi olar,
Munça agyrmazdy ynsan gursagy.

Gussany äkidip, şatlyk getirse,
Garañky ýollarda azaşan günler.
Depesini gar bürän bu daglara,
Nä wagt biterkä al-elwan güller?

Nä wagt dörerkä ynsan kalbynda,
Özgelere garşy rehim-şepagat?
Biz dogan ahyryn milliard ýyl boÿy,
Unutmañ, ganymyz birdir, jemagat!

Onsuzam bu zemin dawadan doly,
O:tlap, zulum etmek zerurlyk däl-ä.
Wah, sessizlik bilen geçýän sagatlar,
Bu goja Zeminde ömürlik däl-ä.

Şonda-da ädimler haÿal ädilsin,
Görmek üçin bu dünÿäniñ šatlygyn
Eý, adam, bir zady unutma asla,
Her sagadyñ gadryn bilip ýaşagyn.

Isa HOJAMERDANOW.

# Oтправитель: «Isa Isco» <iscojan0@gmail.com>
28.11.2019 15:20
Получатель: <hasturkmen84@gmail.com> Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle