|

Ömrümiziñ bahary

Ömrümiziñ bahary

ÖMRÜMIZIŇ BAHARY

Agageldi Allanazarowa

Altmyş ikiň altyn güýzi ýatdamy?
Gara deňiz. Artek. Aýy daglary…
Oglan kalbymyzy heýjana salan
Krymyň kölgesi goýry baglary.

Ýadyňdamy, altmyş ikiň güýzi dost?
Depregiň, surnaýyň irki owazy.
Seri gam-gussasyz oglan-gyzlaryň
Aýdan aýdymlary hem çalan sazy.

Ýadyňdamy, altmyş ikiň güýzi, dost?
Şol ekeni ömrümiziň bahary.
Elli ýaşly dostuň göwni giňeýär
Şo pursaty ýada salan mahaly.

Ýadyňdamy, düşüşimiz howsala,
Telbe kimin çyrpynanda o gomlar.
Mahal-mahal çalyp gidýär zoguny
Şäheri ýatladyp duran gämiler.

Kenarda yzyny küýsäp oturan
Oglanyň keşbini ýatlaýan bu gün.
Ýyllar bizi ýuwaş-ýuwaş garradýar,
Birje haýyşym bar: garrama göwün.

Ýadyňdamy, garagumly oglanyň
Moldawan gyzyna syrly bakyşy.
Ýadyňdamy, garagumly oglanyň
Suwda ýüzüp bilmän suwda akyşy.

Hoşlaşyk pursaty ýetip gelende
Duşuşmagy wada beripdik ýene.
Duşuşyp bilmedik soň dostlar bilen,
Geçse-de ençeme-ençeme sene.

Indi diňe ýatlamalar galypdyr,
Gara deňiz. Artek. Aýy daglary…
Hem gussaly, hem gözüňe söweýin,
Iki şahyr dostuň oglan çaglary.

Ýadyňdamy, altmyş ikiň güýzi, dost?
Şol ekeni ömrümiziň bahary.
Elli ýaşly dostuň göwni giňeýär,
Şo pursaty ýada salan mahaly.

12.05.1998.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle