|

Ömrüm

Ömrüm ÖMRÜM

Ömrüm

Ömrüm-eý,
Gara gözüm.
Görejim,
Didäm meniñ.
Men señ bilen ýol almaly,
Ýogsa kim idär meni.
Meni hor etmeginiñ,
Harlamajak bolanym.
Ha uzyn bol,
Ha gysga,
Ýöne senden dilegim:
Äkit.
Ýa-da mün gerşime.
Ýol görkez,
Bagta ýetir
Basaýyn ony bagryma,
Ganaýyn ony ysgap.
Ýogsa, uzyn bolañda nä,
Boljak bolsa dilim gysga.
Ömrüm-eý,
Alñasama,
Diýme sen:
— Hany munça wagtym meniñ.
Ömrüm-eý,
bagtym meniñ.
Bu gün ýada düşdüñ.
Bildim.
Saña berk baglydygymy.
Boldy,
köp wakalar boldy,
Kebap deý daglady seni.
Ömrüm-eý,
Gül ömrüm-eý,

Señ bilen bile dönüp,
Seń bilen bir öwrüleý.
Erkinlikde gül açar sen,
Ganatymmy şygrym-eý?!
Meniñ gara gözüm,
bagtym,
Ömrüm-eý,
Gül ömrüm-eý!

Aşyrmät GARLYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle