|

Omar Haýýamdan rubagylar

Omar Haýýamdan rubagylar OMAR HAÝÝAMDAN RUBAGYLAR

Omar Haýýamdan rubagylar

Dünýäden gorkýa diýp pikr etme bijaý,
Ölümden gorkym ýok, ondan göwnüm jaý,
Ölmek hakykatdyr, men ondan gorkman,
Güzeran pes bolsa, şol günüme waý!

***

Eger-de uzatsam zülpüňe elim,
Çyn aşyk bolmasam, kesilsin dilim,
Zülpünde görüp men däli göwnümi,
Öz ýesir göwnüme uzatdym golum.

***

Meý içip, göwnümiz gel, şat edeliň,
Gelerden-geçerden kem ýat edeliň,
Gam laýyna batan bu ýesir göwni
Akyl duzagyndan azat edeliň.

***

Gülüň möwsümidir, baga gideliň,
Şerigata garşy bir iş edeliň,
Gül ýaňakly ýarlar bilen şerapdan
Göklügi gülzara öwrüp gaýdalyň.

***

Söýgülim, haýsy el ýaratdy seni?
Görküň utandyrdy aý şöhlesini,
Gözeller baýram diýp ýüzün bezese,
Sen ýüzüň husnundan bezeýäň ony.

***

Sopulyk ylmyndan gaçan ýagşydyr,
Bir ýaryň bilini guçan ýagşydyr,
Dünýä ganymyzy içmezden ozal,
Üzümiň ganyny içen ýagşydyr. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle