Ölümiñ öñ ýanynda aýdylan sözler
Ölümiñ öñ ýanynda aýdylan sözler

Ahmet Bekmyrada
«Barsañ döwran ötdi diýgil daglara…»
(Halk aýdymyndan)
Bilmedim men: bizden döwran ötdümi —
Ne arwahdan,
Ne ajaldan gorkaram,
Geçirdim bu ömri köne güpbüli
Hem ýetirdim süýreý-süýreý kyrkyma.
Köñül aýdymlarym sabadymyka?! —
Ne owaz bar,
Ne sowal bar.
Dymyşlyk.
Şu pursat iñ soñky sagadymmyka?! —
Didaryn küýseýän köne tanyşlañ.
Buýsançly baglaryñ başlary egik,
Buýsançly gyzlaryñ yşky solupdyr.
Ýetişdim, gör, kimleñ göwnüne degip,
Yşkymdan, gör, kimleñ göwni galkdy.
Ýylgyryp gezdim men başardygymdan,
Ýygrylyp gezdim men — tebigatymdan.
Nadyl bolmasam-da ýaşan günümden,
Mensiz günler üçin tebil tapyndym.
Döwründe asmanyñ Aýyn diledim,
(Oña ýeten barmy?!)
Galdym söýüb-ä,
Kä ýognaldy,
kä inçeldi bilegim —
Özüm götermedim ilden beýige.
Ýürekdeş tapyndym — ýitirip gördüm —
(Ençe söwer dostum ötdi aýatdan).
Egnimde il derdin göterip gördüm,
Öñde-de däl,
galmadymam aýakda.
Bilmedim men: bizden döwran ötdümi,
Ýa ýene-de Tañryñ gözi düşermi?
Geçirdim ömrümi köne güpbüli,
Hem ýazynyp sary gaçan düşegmi…
13.08.1990 ý.
Döwlet GARKYN. Goşgular