|

Ölüm

Ölüm

ÖLÜM 

(Agageldi Allanazarowdan)

Ahyr bir gün haýallady ol ene,
Gardaş-dogan, il-gün daşyn gallady.
Polat gama kimin ýaşap, görsene,
Ene ebgarlady, agyr haldady.

Oturanlaň gözi balkyldap durdy,
Ene kösenýärdi. Demligi bermän.
Ajal onuň ragbatyna el urdy,
Ýokdy indi ony direltjek derman.

Hatda derman boljak bolsa şirin jan,
Tapyljakdy, ene derdin açýany.
Eger aby-köwser  em bolsa, hökman,
Häzir dörjek kändi Ýeri-asmany.

Emma  giçdi. Enäň ýalňyz dermany,
Ýalňyz balasynyň güler ýüzüdi.
Olam kyrk ýyl bäri gorap ýatyrdy,
Ukrainaň gyrtyç basan düzüni.

08.05.1983.

Öwezdurdy NEPESOW.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle