Ol Garagumuň ogludy…
Tanyşlary tarapyndan «Wasil aga» diýip ýüzlenilýän, ömrüniň agramly bölegini Türkmenistanda ýaşap geçiren rus ýazyjysy Wasiliý Iwanowiç Şatalow bilen şunça ýyl tirkeşsegem onuň öz ene dilinden soň, türkmen dilini şeýle oňat bilşine haýran galmagymyzy bes etmeýärdik. Ene diliňden başga ýene bir dil bilmek geň däl. Emma biziň Wasil agamyz welin, gepleşip otyrkaň gözüňi ýumsaň, gürrüňdeşiňi saýry bir milletiň wekilidirem öýtdürmeýärdi. Ýogsam onuň daş sypatyny synlasaňam, beýle kişi edil türkmen adamy ýaly bolup geplärem öýtmeýärdiň. Ol örän saryýagyzdy, saç-sakgaly, gaşlary-da ýüzüniň sarylygyna kybapdaşdy. Onuň bilen oba ýerlerine gidip, daýhanlaryň arasyna aýlanan wagtymyzda, köpüň öňüne çykyp, Wasil aga medeniýet, durmuş, edebiýat barada arassa türkmençe gepläp başlanda adamlar «Bu nätdi-aýt?» diýýän ýaly, bir-birlerine geň nazar aýlaýardylar.
Gowudan-gowy goşgy okasagam, diňleýjiler üçin Wasil aga birinji orunda durýardy, biz soňky orunlardadyk. Sebäbi biziň Wasil agamyz akylly-başly gep-gürrüň bilenem diňleýjileri özüne çekýärdi welin, adamlaryň oňa hasam imrikmekleri türkmençe gepleýşidi. Gepi uzaltman, şu babatda hut özümiň şaýat bolan onlarça wakamdan diňe iki sanysyny ýatlap geçeýin.
Türkmeniň görnükli şahyry, «Sowet edebiýaty» (häzirki «Garagum») žurnalynyň şygryýet bölüminiň müdiri bolup işleýän Mämmet Seýidowda bir gylyk bardy. Ol redaksiýa gelen goşgulary, ýanynda adam bar hem bolsa, ýakymly owaz bilen aýdym ýaly edip sesli okap derňeýärdi. Bir gezek ol täze gelen goşgulary biziň ýanymyzda okap otyrka, usullyk bilen gapydan giren Wasil aga boş oturgyçlaryň birine geçdi-de, goşgy diňlemäge oturdy. Dört-bäş goşgyny okan Mämmet Seýidow myhmany bilen salamlaşansoň:
— Wasil aga, goşgulary nähili gördüň? — diýdi.
Wasil aga pespällik bilen gepledi:
— «O bolýa, bu bolanok» diýip, gutarnykly pikir aýdyp biljek däl — «Kim gaýkyny söýer, kim küýküni». Ýöne soňky okan goşgyňa bir belligim bar.
Wasil aganyň soňky goşgy diýýäninde çöle Garagum kanalynyň gelmegi wasp edilýärdi. Onda «Towşanlaram içýär Jeýhun suwundan» diýen setir bardy.
Wasil aga şahyra ýüzlendi-de:
— Towşany başga haýwan bilen çalşyraý, Mämmet — diýdi. — Sebäbi Garagum towşany suw içmeýär.
Beýle bellige biz geň galdyk.
— Wasil aga bilmeli-dä — diýip, Mämmet degişdi. — Ol köp ýyl çölde çopançylyk edipdi.
— Senem şonda meň çolugym bolupdyň — diýip, Wasil aga-da ondan pes oturmady. — Ýöne Garagum towşanynyň suw içmeýändiginem ýadyňdan çykarma. Men gaýrada Lebap çöllüginde, Şiram guýusynyň töwereklerinde günorta Garagumda kän bolupdym…
Wasil aga bilen bagly ikinji ýatlajak wakam «Türkmenistan» neşirýatynda bolupdy.
Wasil aga neşirýatda işleýän çagalar şahyry Gurban Çöliýewiň ýanyna kän barýardy, çaý başynda edebiýat, durmuş barada pikir alyşýardylar. Şol gezek menem uniwersitetde bile okan ýoldaşym Gurban bilen salamlaşyp geçmek üçin baranymda, onuň ýanynda Wasil aga-da bar eken. Ol Gurbanyň stolunyň üstünde ýatan gazete seredip:
— «Körpelere okap beriň!» diýen jümläni hemme çagalara degişli hasap edýärler. Beýle däl. Türkmen dilinde «körpe» diýlip diňe bir çaga, maşgaladaky çagalaryň iň kiçisine aýdylýar. Üç çaganyň enesi ortanjy ogluny görkezip «Şu meň körpäm» diýmez. Onuň üçünji çagasy körpesi bolar diýdi.
Elbetde, Gurban ikimiz hem körpe sözüniň manysyna düşünýärdik. Ýöne Wasil aga dowam etdi.
— Türkmençe körpe sözüniň ýene bir manysy bar. Orulandan soň ösüp bir garşa ýetiberen ýorunja-da «körpe» diýilýär. Körpe sözüniň yzyna «Ç» sesini goşsaň welin düýpden başga many berýär. «Körpeç» sözüni bilýäňmi? — diýip, Wasil aga maňa seretdi. Men bilmeýändigimi boýun aldym. Gurbanam ýylgyrdy welin, onuň hem şol sözi birinji gezek eşidýändir öýtdüm.
— Döle ýaly edilip gazylyp, içinde ýaňy doglan owlak-guzy saklanýan çukur körpeç bolýar — diýip, Wasil aga gündelik gepleşikde seýrek ulanylýan sözleri-de bilýändigini tekrarlady.
Başga dili beýle derejede öwrenmek üçin, şol dile, şol dilde gepleýän halka aýratyn hormat, söýgi gerek. Sebäbi öwrenesiň gelende-de, onda-da özüňki bilen kowumdaş däl dili öwrenmek gaty kyn mesele ahyryn.
Wasiliý Iwanowiç Şatalow 1922-nji ýylda Russiýanyň jümmüşindäki Musorka obasynda doglup, ýaşlygyny Wolga boýunda geçirenem bolsa, özüni Garagumuň ogly hasaplaýardy. Bir gezek ikimiz ýazyjylaryň Moskwanyň etegindäki Peredelkino döredijilik öýünde günorta naharyndan soň, meşe agajynyň saýasyndaky gök otlaryň üstünde gyşardyk. Gök otuň köküni dyrmansoň gum bolan barmaklaryny kakyşdyran Wasil aga esli salymdan soň, garaşylmadyk ýerden:
— Orsýetiň gara topragynda näçe müň türkmen ýigidi ýatyr — diýdi. — Men olara derek Garagumda galaryn…
Ony öz dogduk mekanyny ýatlaýandyr öýdüp çak edemsoň, men: «Niräni isleseňiz, şol ýerde-de galarsyňyz-da» diýmekçi boldum. Emma dilim aýlanmady. Wasil aga meniň pikirimi okan ýaly:
— Men Garagumda jaýlanmaly. Meni Garagum adam etdi — diýdi. — Ömrümiň manyly bölegini türkmen topragynda ýaşadym. Onsoňam ol toprakda meň söweşdeş ýoldaşlarymam ýatyr-a — diýip, uludan dem alan ýaşuly Durdy Haldurdynyň, Atda Durdyýewiň, Taňryguly Hojakgaýewiň atlaryny tutdy. Şonuň yzyndanam D. Haldurdynyň «Dostum diýip gatnaşsam-da köp bilen, söweşdäki ýaly dosty görmedim» diýen setirlerini gaýtalady.
Wasiliý Iwanowiç Beýik Watançylyk urşuna harby bölümiň serkerdesi bolup gatnaşan adam. Ol agyr çaknyşyklaryň birnäçesini başdan geçirýär. Moskwanyň eteginde Wolokolamskidäki aldym-berdimli söweşde agyr ýaradar bolýar. Uruşdan soň onuň maşgalasy Türkmenistana göçüp gelýär. Dogabitdi zehinli žurnalist Wasiliý Iwanowiç ýazyjylygyny dokumental žurnalistikadan başlaýar. Onuň Hazaryň balykçylarydyr Gumdagyň nebitçileriniň durmuşyndan ýazan ilkinji oçerkleri okyjylaryň göwnünden turýar, türkmen dilini oňat öwrenmegi bolsa, ýazýan eserleriniň gahrymanlarynyň häsiýetleriniň doly, çeper açylmagyna ýardam edýär.
Wasil aganyň özüni Garagumuň ogly hasaplamagyna doly esas bardygyny ýazan kitaplary-da tassyklaýar. Ol näme ýazsa-da türkmen topragy, Garagum, çopan-çoluklaryň durmuşy, biziň tebigatymyz, tebigatymyzy goramak bilen baglydy.
Ýüzlenýäni hyýaly däl-de, durmuşy wakalar bolany üçin, onuň eserlerini diňe türkmenler däl, Türkmenistan bilen gyzyklanýan gaýry okyjylaram halaýardy.
Ýazyjynyň «Garagumdaky Amur balygy» atly eseriniň Daşkentde baýrak almagy, kän-kän eseriniň «Ýaş naturalist» žurnalynda çap edilmegi-de, onuň türkmen tebigatynyň gözelliginiň syrlaryny başga ýurtlaryň okyjylaryna ýetirmekde abyrsyz iş bitirendigine şaýatlyk edýär.
Wasil aga dokumental kyssany söýeni üçin, Türkmenistanyň tebigatyny çeper esere geçirmegi ussatlyk bilen başarýardy. Ol kitaplaryna okyjynyň ünsüni bada-bat özüne çekjek özboluşly atlary tapmagyň-da ussadydy. Mysal üçin, «30 müň çaknyşyk» diýen, darkaşly uruşdan habar beräýmeli ýaly at, türkmen ýylançylarynyň lukmançylyk üçin zerur bolan zäher alyşlaryna bagyşlanýar. Diňe ady däl, howply ýylanlar bilen gönümel iş salyşýan dogumly hem ussat adamlaryň işleri-de edil söweş çaknyşygy ýaly çetin ahyryn. Özi-de dokumental eser bolansoň, okan kitaplaryňda häli-şindi gabat gelip ýörmeýän täsin wakalar, elbetde, okyjyny özüne çekýär. Ýazyjy türkmen topragynda durmuşa geçýän ägirt işleriň ilkinji jarçylarynyň, waspçylarynyň biri boldy. Onuň «Deňiz aýlagynyň syry» diýen eseri dünýä belli Garabogaz meselesine bagyşlansa, «Gowurdak dagynyň hazynasy» atly kitaby günorta-günbatar Türkmenistanda kükürdiň öndürilişinden gürrüň berýär. Ol türkmen çölünde peýda bolan gudrat — Garagum derýasyna bagyşlap örän kän durmuşy eserleri ýazdy.
Onuň şol derýany döretmekde ummasyz zähmet çeken gahrymanlary wasp edýän kitaby «Şemal jülgesi» diýip atlandyrylýardy. 1979-njy ýylda Wasiliý Iwanowiç «Gotanlar Garagumda galýar» diýen diýseň täsin kitabyny okyjylara sowgat etdi. Ol kitap örän zerur zada — daşymyzy gurşap alýan tebigaty goramak, ony adam jany üçin bähbitli edip saklamaklyga bagyşlanýardy. Umuman, türkmen tebigatyny jany-teni bilen söýen Wasil aga onuň tebigylygyny goramagyň aladasyny edýän eserleri kän ýazdy. Ol Türkmenistanyň köp ýerleriňkä meňzemeýän özboluşly ösümlik dünýäsi, onuň, hatda sözen ýaly ösümlikleriniň ykbaly hakynda-da oýlanýardy, türkmen tebigatynyň gözelleşýändigine guwanýardy.
Wasiliý Iwanowiç Şatalowyň «Agaç miwesinden tanalýar» diýen ýygyndysyny onuň «baş kitaby» hasap edýärin. Ol kitapda ýazyjynyň ussatlygy ýaşalan ýyllaryň, geçilen uzak ýollaryň tejribesiniň üsti bilen, hemmetaraplaýyn ýüze çykýar. Ol çeper powestleriň ýygyndysy. Emma şol kitaba giren «Gijeki myhman», «Partlaýyş» ýaly eserler ýene Türkmenistanyň tebigatyna bagyşlanýar. Wasil aga türkmen tebigatynyň pikirini etmän ýaşap bilmeýän ýalydy. Umuman, öz ömründe onlarça eser döreden Wasiliý Şatalowyň kitaplarynyň hemmesi Türkmenistan bilen bagly. Ol Türkmenistanyň çölüne-sährasyna, dagdyr düzüne, deňizdir derýasyna — umuman, jadyly tebigatyna janköýerlik etmekden, zähmetsöýer adamlaryna, halkynyň umumy ösüşine şaýat bolmakdan lezzet alýardy, türkmen dilinde köstsüz gepläp bilýändigine bolsa guwanýardy. Şonuň üçinem Türkmenistanda oňa uly sarpa goýulýardy. Şonuň üçinem biziň Wasil agamyz özüni Garagumuň ogly hasap etmäge haklydy. Şonuň üçin Garagum hem ony öz perzendi ýaly edip, gujagyna aldy.