Ol aýdym aýdardy…
Ol aýdym aýdardy…
Atageldi Ahallyýewe.
Mejbur etmese-de obadaşlary
Beren bulamagnyň muzdun töläre,
Ol oglanjyk aýdym aýdyp bererdi
Çykyp üsti gamyşlanan teläre.
Uruşdady oglanjygyň kakasy.
Uruşdady onuň agalary-da.
Ol bolsa obada aýdym aýdardy.
Aýyryp aýdymdan Göroglyň adyn,
Şu mähriýan toprak, ene ýer üçin,
Watan, il-gün üçin, gelinler üçin,
Gözi ýolda galan eneler üçin
Söweşip ýörenleň adyn aýdardy.
Ak köýnekli oglanjygyň aýdymyn
Eşdenler galardy garylaryna.
Ol aýdymlar medet bererdi obaň
Garrylaryna.
Melhem bolardy ol ogullaryny
Ýitiren eneleň ýaralaryna.
Ýaryn urşa ýollap, tyylda är işin
Bitiren gelinleň ýaralaryna.
Uruşam gutardy, ýigit çykdy soň
Uruş ýyllarynyň çagalary-da.
Aýdym aýtdy ýigit, ýöne uruşdan
Dolanyp gelmedi kakasy onuň,
Gelmedi uruşdan agalary-da.
Ol bolsa şonda-da aýdym aýdardy.
Maýyldy aýdymna gamgynam, şadam.
Ýöne ýerbe-ýerdi sözi aýdymyň,
Öňki ýerindedi Göroglyň adam.
Atajan ANNABERDIÝEW. Goşgular