Ökünç
Ökünç

Gaplan bolsa gerek şöhrat serimi,
Ýalan bolsa gerek ýürek nalam hem.
Döredýärkäm goşgy setirlerimi
Göze görünmeýär eziz balam hem.
Dünýäniñ waspyna şirin söz gözläp
Ýörşüme, çagama hoş söz diymedim.
Ýanyma gelende mährimi isläp,
Kowdum, mañlaýyndan ogşap söýmedim.
Galam elimdemi, diýmek-bu çynym!
Ýaýrap açylmazlar gül gunçasy dek.
Otagymda galan oýnawajyny
Sorap almaga-da etmezler ýürek.
Jaýyñ bir burçunda ýanýar gözleri,
Olar näme pjkir edýärler onda?!
Duzsuz şygrym üçin şirinden-şirin
Balalarym gezýär daraklygynda.
Olar maña meñzäp ýazmasyn goşgy,
Nepi degsin, ili bassyn bagryna.
Wah, ýüzüne közler degsedi, käşgä,
Balamy agladyp ýazan şygrymyñ.
Muhammet ÝUSUP.
Terjime eden: Gurban Gurbanow. Goşgular