|

Okanyma öýkünme

Okanyma öýkünme OKANYMA ÖÝKÜNME

Okanyma öýkünme

Adam-da! Çig süýt emen-dä,
Ynanyp ýörüs-dä hemmä
Aýa gonuldy diýseler,
Aman gelsin diýýäs, härnä!

Bäş mýň ýyl öň bolan diýip,
Sanaýas gör kimiň neslin,
Ýap-ýaňy ýaşan seýdileň,
Kesgitläp bilmänkäk aslyn,

Amerikany türkmenler
açan- diýp, biri öwünýär.
Lap eden hem gözümize,
Zor alym bolup görünýär.

Aslynda bu süýtdenmikä?!
Bolmamyz bar, juda sada.
Kä öwünýäs, käynanýas,
Bolmajak zada?!

2024 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle