| | |

Oguz han taglymatynyñ esaslary -7: Şöhratly atlar

7. Şöhratly atlar

Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Meniň ruhubelentlik baharym» atly şadiwanynda «Oguz hanyň agtyklaryny wasp edişi» şygry bar. Bu şygyrda Oguz han Türkmen öz agtyklaryny söýgüleýär, olaryň ýekänme-ýekän adyny tutup, wasp edýär. Munuň özi biziň ajaýyp «Oguznamalarymyzyň» ruhunda ýazylan ajaýyp goşgudyr.
Dogrudanam, «Oguznamalarda» oguzlaryn ýigrimi dört taýpadandygy, olaryň her biriniň Oguz hanyň bir agtygyndan gaýdýandygy guwanç bilen aýdylýar. «Oguznamalary» ýazan alymlar her bir taýpanyň adyny ýigrimi dört agtyk bilen baglanyşdyryp, atlaryň manysyny düşündiripdirler. Bu gürrüňe, ilki bilen, ýigrimi dört sanyň özünden başlamak makul bolardy. Örän gadymy zamanlarda – miladydan öňki müňýyllyklarda ýüze çykandygyna garamazdan, tire-taýpa bölünişiginde bu sany ulanmak tas häzire çenli dowam edip gelýär. Mysal üçin, häzirem mukry hem hatap tirelerinde ýigrimi dört atlandyrylýan uruglar bar. Taryhdan mälim bolşuna görä, miladynyň VII asyrynda göktürkmenleriň hany Aşine ýigrimi dört boýy öz içine alýan oguzlary Hytaý zulmuna garşy aýaga galdyrypdyr. «Boý» oguzlaryň milli-harby birligidir. Mahmyt Kaşgarly Syrderýa oguzlarynyň ýigrimi dört boýa bölünýändigini aýdýar. Her boýuň öz tagmasy bolupdyr. Alymlaryň käbiriniň aýdyşynyň tersine, tagma (ýa-da tamga) sözi «daglamak», «ot basmak» sözlerindendir. Çünki «tam» hem, «dag» hem ody aňladýar. Tagmalar diňe mallara basylman, eýsem keçä, hala, kilim-palasa salnypdyr, jaýlaryň diwarlaryna, derwezelere, gap-çanaga, tamdyrlaryň ýüzüne, mazar daşlaryna çekilipdir. Munuň özi geçmiş däldir, ol häzirki türkmen durmuşynyňam janly bir hakykatydyr.
XIX asyrda-da Mary tekeleriniň ýigrimi dört sany kethuda tarapyndan dolandyrylandygy mälimdir. Beýle birlik oguzlaryň gadymy atlandyrylyşy bolan gunlarda bar eken. Gunlar – Gün hanyň adyny alan oguzlardyr.

Gün hanyň ogullary diýip «Oguznamalaryň» iň ynamdar nusgalarynda şularyň ady tutulýar:
Gaýa,
Baýat,
Alka öýli,
Gara öýli.
«Gaýa» diýmek gaýa ýaly berk, mäkäm diýmegi aňladýar. Gaýanyň nesillerinden bolan Ärtogrul Gazynyň ogly Osman I Beýik Osman-türkmen şadöwletini esaslandyryjydyr. Hut şuny-da, megerem, göz öňünde tutup, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ady agzalan goşgusynda Oguz hanyň dilinden şeýle diýilýär:

Gaýa oglum gaýadyr,
Arşa-kürse söýedir.
Golunda suňkar guşy,
Ýedi yklyma eýedir.

«Baýat» adyny oguznamaçylar «baý, döwletli», «döwletli we nygmatly» diýip düşündirýärler. Baýatlaryň galyndylary häzirki wagtda dürli ýurtlarda ýaşap, dürli türkmen taýpalarynyň düzümine girýär. «Baýat» atlandyrylýan örän köp ýer atlary hem oguz-türkmenleriň ýaýran köp ýurtlarynda – olaryň asyl watanynda, şeýle-de Eýran, Azerbaýjan, Türkiýe, Şam ýaly ýurtlarda gabat gelýär. Oguz hanyň dilinden ýokarky goşguda Baýat şeýle wasp edilýär:

Baýat oglum baýadyr
Il başy, il hanydyr,
Il arkasy, il janydyr.
Onuň tugy – watanydyr,
Tugrasy hem imanydyr.

«Alka öýli». Bu başgaça «alabölük», «alkabölük», «alkyröýli» görnüşlerde hem atlandyrylýar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy «ak öýli» diýip atlandyrýar. Dogrudanam, ikinji sözüň – «öý» sözüniň tapawutlanmaýandygyna, diňe birinjiniň kä «alka», kä «alkyr», kä «ala» atlandyrylýandygyna üns bermek gerek. Onuň «gara öýli» ady bilen ýanaşyp getirilýändigine seredeniňde, «ak» diýilmegi dogry görünýär. Çünki «ak-gara» tirkeş sözleri türkmen sözköki ylmynda adaty ýagdaýdyr. Professor S.Atanyýazowyň «Türkmen sözkökleriniň sözlüginde» «ak» sözi bilen baglanyşykly ellä golaý sözköki görkezilipdir. «Alka», «alkyr» bolsa kökünde «ak» sözi ýatýan ýasama sözlerdir. «Ak öýliniň» manysyny oguznamaçylar «mynasyp», «her ýerde bolsa, döwletli we bagtyýar bolar», «nirede bolsa, sylagly bolar» diyip düşündirýärler.
«Garaöýli». Bu Kaşgarlyda «garabölük» görnüşinde getirilýär. Adyň manysyny «nirede otursa, öý bilen oturýan», ýagny, göçmek diýip düşündirýärler. Emma Salyr Baba «ýörişde goşun bilen gowy ýörär» diýip düşündirýär.

Oguz hanyň ikinji ogly Aý hanyň perzentleri şulardyr.
Ýazyr.
Düker.
Dodurga.
Ýaparly.
«Ýazyr». «Ýazgur» görnüşinde gelýän ýeri hem bar. Abulgazy «Iller agasy diýmekdir» manyda düşündirýär. Salyr Baba bolsa «köp welaýatlar seniňki, balam» diýip düşündirýär. Käbir taryhçy alymlar sözüň aslynda «ýas» köki ýatýar diýýärler. Gadymy alanlaryň «ýas» diýen taýpasy bolupdyr.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Oguz hanyň agtyklaryny wasp edişi» goşgusynda Oguz hanyň dilinden şeýle diýilýär:

Ýazyr oglum ýaýly oglum
Goly toklutaýly oglum
Serdarlara serdardyr.
Ýazyr begiň bardygy
Duşman ýere ýegsandyr.

«Ýazyrlaryň» ady «ýazy» görnüşde hem duşýar.
«Düker» ady «düger», «dogýar», «tüwi» ýaly görnüşlerde hem duş gelýär. Reşideddin «Bir ýere toplanmak üçin»; Abulgazy «töwerek»; Ýazyjy ogly Aly bolsa «bir ýere toplananlar» diýip düşündirýär. Käbir häzirki zaman alymlarynyň pikirine görä, «düger» sözi gadymy hindiýewropa halkyýeti toharlaryň adyndan gelip çykypdyr. Häzirki wagtda düker /tüwer/ tiresi türkmenleriň birnäçe taýpalarynyň düzüminde duş gelýär. Şeýle-de «düker» ady bilen baglanyşykly ýer atlary Türkmenistanda, Türkiýede hem-de Eýranda saklanyp galypdyr.
«Dodurga». Oguznamaçylar bu ady «ýurt alar we tertipde saklar», «ýurdy almagy we saklamagy başarýan»  diýip düşündirýärler. Häzirki türkmen taýpasy gökleňleriň uly bir bölegi. Şeýle-de dodurgalar Türkiýede hem-de Ermenistanda ýaşapdyrlar.
«Ýaparly». Bu söz, megerem, «ýapmak» işliginden bolsa gerek. Käbir isimler bilen goşma işligiň düzüminde gelende, (meselem, başa ýapmak) «urmak» manysyny berýär. Hut şonuň üçindir, Abulgazy bu adyň manysyny «öňünden näme çyksa ýykar (urar)» diýip düşündirýär.
Ýyldyz hanyň ogullary:
Owşar.
Gyzyk.
Begdili.
Garkyn.
«Owşar». Oguz han Türkmeniň dünýä taryhynda iň şöhratly yz goýan agtyklarynyň biridir. Hut şonuň üçinem Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Oguz hanyň agtyklaryny wasp edişi» şygrynda guwanç bilen şeýle diýilýär:

Owşar oglum, şir oglum
Söweşjeňdir, serdardyr.
Toýda töre bor oglum
Döwüşlerde derkardyr.
Jowur laçyn golunda
Bardy – alar galany.
Gaýtarar ol dag bolup
Ýurda gelen belany.

«Oguznamalarda» «owşar» sözüniň manysy «işi derrew bitirýän», «çalasyn», «awa gyzýan» diýip düşündirýärler. Wamberi bolsa owşar – salgyt ýygnaýjy diýip aýdypdyr. Gündogarda beýik şadöwlet döreden Nedir şanyň owşarlaryň garakly tiresindendigini taryhçylar ýazypdyrlar. Dürli häzirki türkmen taýpalarynyň içinde «owşar» atly bölekler duş gelýär. Şeýle-de owşarlaryň bitewüligini saklap galan toparlary Azerbaýjanda, Eýranda we Türkiýede ýaşaýarlar.
«Gyzyk». Oguznamaçylar «batyr, edermen», «kuwwatly», «jäht ediji» diýip düşündirýärler. «Jäht ediji» arassa türkmençe aýdylanda, «gyzygýan» diýmek bolýar. «Gyzmak» sözüniň iki manysy bar: gyzykmak, gyzyklanmak hem-de «gaharlanmak».
«Begdili». Reşideddin «Ulularyň sözi kimin degerdi». Salyr Baba «Uluglar sözi dek azyz bolgaý», Abul Gazy bolsa «sözi hormatly» diyip düşündirýär. Begdililer Türkmenistanda, Türkiýede, Eýranda we Azerbaýjanda ýaşaýarlar.
«Garkyn». Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ady agzalan goşgusynda Oguz hanyň adyndan şeýle diýilýär:

Garkyn oglum garkyndyr,
Daglarymda barsymdyr.
Golunda suw burgüdi,
Gökde çakýan barkymdyr.
Döwletlidir, aşlydyr,
Derýa ýaly rysgally,
Mydam dana baslydyr.

«Oguznamalarda» «aş beren we doýuran», «aşly» diýip düşündirilýär. Garkyn türkmenleri Türkmenistanda, Türkiýede, Kawkazda, Krymda ýaşaýarlar.

Gök hanyň ogullary:
Baýyndyr.
Bejene.
Çawuldyr.
Çepni.
«Baýyndyr». Oguz han Türkmeniň taryhda iň uly yz goýan agtyklarynyň biri. Oguznamaçylar «hemişe döwletli bolgaý», «hemişe baý we hümmetli bolar», «nygmatly bolar» diyip düşündirýärler. Nesilleri Türkmenistanda, Eýranda, Türkiýede we Kawkazda ýaşaýarlar.
«Bejene». Adyň manysy «Oguznamalarda» «gowa çalyşar», «iş bitiriji», «ýerine ýetiriji» diýip düşündirilýär. Nesilleri Türkmenistanda, Türkiýede, Azerbaýjanda ýaşapdyrlar.
«Çawuldyr». Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Oguz hanyň adyndan şeýle ýazdy:

Çowdur oglum Çawuldyr
Döwüş bolsa gabyldyr.
Är-namysyň tugudyr,
Halkyň arkadagydyr.
Golunda uýgun guşy,
Baran ýerin aparar,
Uran ýerin goparar.

Adyň manysy «Oguznamalarda» «namysly», «uly şöhratly» diýip düşündirilýär. Nesilleri örän köp ýurtlara ýaýrapdyr. Sözüň aslynda «çaw» şöhrat sözüniň, şeýle-de «tow-uş» – ses, owaz kökleriniň ýatandygy görnüp dur.
«Çepni». Adyň manysy «Oguznamalarda», «batyr», «nirede ýagy görse, hökman söweşer», «derhal söweşer we çapar» diýip düşündirilýär. Sözüň aslynyň harby manydaky çapmak, ýagny söweşmek sözündendigi görünýär.

Dag hanyň ogullary:
Salyr.
Eýmir.
Alaýontly.
Üregir.
«Salyr». Adyň manysy «Oguznamalarda» şeýle düşündirilýär: Reşideddin: «Nirä barsa, gylyç bilen çomagyň rowan bolsun», Abulgazy: «Gylyçly». Adyň «gylyç salmak» sözlerinden diýýärler.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Oguz hanyň agtyklaryny wasp edişi» şygrynda salyr barada şeýle diýilýär:

Salgyr begim salgyrdyr,
Aç arslandan algyrdyr.
Deminden Gök titrese,
Zemin sandyr-sandyrdyr.
Golunda Gok bürgüdi,
Çawy dünýä ýaýrandyr.
Atasy deý döwletment,
Taňrym ony ýalkandyr.

Abulgazynyň «Türkmenleriň nesil daragtynda» ýazyşy ýaly, giçki orta asyrlarda salyr, saryk, teke, ärsary we ýomut taýpalarynyň salyr bileleşiginden çykandygyny göz öňünde tutsaň, Türkmenistanda ýaşaýan türkmenleriň esasy köplügi Salyryň nesilleri bolýar. Şeýle-de salyrlar beýleki ýurtlarda hem ýaşaýarlar.
«Eýmir». Oguznamaçylar adyň manysyny «çaksyz gowy we kuwwatly», «boýlaryň boýy» diýip düşündirýärler. «Eýn» – gowy sozündendir. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şeýle wasp etdi:

Eýmir oglum, eý oglum,
Söweş donuň geý oglum,
Leşgerleriň hanysyň,
Oguzlaryň janysyň,
Oguz seni söýendir,
Sen oguzy soý, oglum!

«Alaýontly». «Oguznamalarda» adyň manysy dürlüçe düşündirilýär. «Mallary gowy: diýen düşündiriş Reşideddiniňkidir. Salyr Baba: «çeharpalary (mallary) ýagşy bolgaý». Ýazyjy ogly Aly: «atlary  ala». Abulgazy: «ala atly» diýip düşündiriş berýär. Soňky iki düşündirişiň hakykata has laýyk gelýändigini bellemeli. Çünki «ýont» sözüniň gadymy oguz dilinde aty aňladandygyny aýdýarlar. Bu sözüň häzirki türkmen dilinde giňden ulanylýan «ýynd-am» sözi bilen kökdeşdigini aýtmak bolar. Şeýle-de «ýort-mak (ýört-mek)» sözüniňem bu kök bilen baglanyşyklydygyny çaklamak bolar. Alaýontlylar häzirki türkmenleriň içine siňip gidipdir.
«Üregir». Adyň manysy şeýle düşündirilýär: «Hemişe oňat iş edýän we düzgün tutujy» (Reşideddin), «Hemişe gowulyk we yhsan ediji» (Ýazyjy ogly), «Ýagşy işler ediji» (Abulgazy).

Deňiz hanyň ogullary:
Igdir.
Bükdüz.
Uwa.
Kynyk.
«Igdir». Adyň manysy «Oguznamalarda» şeýle düşündirilýär: «oňatlyk, beýiklik, ýigitlik», «gowulyk, ululyk we batyrlyk», «uly». Sözüň «eýgi – oňat» sözündendigini çaklamak mümkin.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Oguz hanyň agtyklaryny wasp edişi» şygrynda şeýle bent bar:
Igdir oglum gercekdir,
Duşman läşin serjekdir.
Golunda garcgaý guşy,
Watan üçin jan alyp,
Şirin janyn berjekdir.

Igdiriň nesilleri Türkmenistanda, Türkiýede, Eýranda, Azerbaýjanda ýaşapdyrlar.
«Bükdüz». Adyň manysyny şeýle düşündirýärler: Reşideddin: «Her kese mähriban bolar we hyzmat eder». Salyr Baba: «Barçaga towazyg (tagzym) kylgaý». Ýazyjy ogly: «towaryg we gulluk we hyzmat eder». Abulgazy: «hyzmata gaýym».
Bükdüz bilen baglanyşykly ýer atlary dürli ýurtlarda gabat gelýär.
«Uwa». Adyň manysyny oguznamaçylar şeýle düşündirýärler: «Derejesi hemmeden üstün», «Atlary barça nimelerden ýokary bolgaý», «mertebesi hemmeden üstün bolar», «mertebesi belent».
Uwa bilen baglanyşykly ýer atlary Türkmenistanda we Türkiýede duş gelýär.
«Kynyk». Oguz hanyň iň şöhratly agtyklarynyň biri. Beýik türkmen-seljuk döwletini Kynygyň nesilleri gurupdyrlar. Adyň manysy şeýle düşündirilýär: «Nirede bolsa degerlidir», «her ýerde bolsa, eziz bolgay», «eziz» diýmekdir.
Nesilleri dünýäniň köp ýurtlaryna ýaýrapdyr.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasynyň birinji kitabynyň 80 – 83-nji sahypalarynda Oguz han Türkmeniň agtyklarynyň tagmalary, guşlary hem-de et paýlary barada jikme-jik aýdylyp geçilýär. Şol ýerde aýdylyşy ýaly, her dört agtygyň bir nyşany – guşy bolupdyr. Her agtygyň öz tagmasy – möhüri bolupdyr. Guşlaryň hemmesi laçynlar ýa-da bürgütler maşgalasyna degişlidir.
Tagmalar Oguz hanyň ogly Gün hanyň patyşalyk eden wagtynda oýlanyp tapylypdyr hem-de tassyklanypdyr. Olar her agtygyň – taýpanyň eýeçiliginiň hem-de hak-hukuklarynyň kanun tarapdan ykrar edilmegi bolupdyr. Şonuň üçinem olary üýtgetmek ýa-da bozmak asla ýol berilmesiz ýagdaý hasaplanypdyr. Şeýle kada-kanun Oguz han döwletiniň we oguz jemgyýetiniň ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda durnukly hem parahat ýaşaýşyny üpjün edipdir. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy muňa «Oguzlaryň kanun kitaby» diýip at berdi. Syýasy, ykdysady, eýeçilik, harby, maşgala we beýleki hukuk düzgünlerini öz içine alan ol kanun has soňraky asyrlarda «adat» ady bilen saklanyp galypdyr.

Edebi makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle