| | |

Oguz han taglymatynyñ esaslary -6: Ok-ýaý teswiri

Oguz han taglymatynyñ esaslary -6: Ok-ýaý teswiri

Oguz han taglymatynyñ esaslary -6: Ok-ýaý teswiri

6. Ok-ýaý teswiri

«Oguznamalarda» Oguz han Türkmeniň alty ogly barasynda giňişleýin maglumat berlipdir. Mälim bolşy ýaly, gadymy «Oguznamada» Oguz hanyň asmandan inen aýalyndan Gün han, Aý han hem-de Ýyldyz han, onuň ikinji aýalyndan bolsa Gök han, Dag han hem Deňiz han bolupdyr. Reşideddin alty ogluň iki topary emele getirişi barasynda şeýle ýazypdyr: «Ençe günden soň, bu alty ogul awa çykdy. Olar bir altyndan ýaý, üç sany altyn ok tapdy. Ogullar bu zatlary atalaryna alyp geldiler. Bulary nähili bölüşeli diýdiler. Oguz han ýaýy üç ogluna berdi. Üç okuň her birini üç kiçi ogluna berdi. Ol: «Uly ogullardan bolan uruglara, goý, «bozok» diýsinler. Olaryň lakamy bozok bolsun» diýdi. Bulara anyň üçin bozok diydiler ki, ýaýy paýlaşmak üçin oky döwmeli, bozmaly boldy. Goşunyň sag ganaty bozokyňky bolsun hem şolardan bolan nesillerinki bolsun» diýdi. Üç ok alan ogullardan bolan uruglaryň nesillerine ol «üçok» lakamyny goýdy. Asly «üç ok» diýmekdir. Goşunyň bu ganaty bu üç kiçi oguldan bolan uruglara we nesillere degisli bolsun» diydi. …Patyşa ornunda bolan yaýy ol uly ogullaryna we ilçi ornunda bolan oklary ol kiçi ogullaryna berdi. Sag we sol tarapdaky ýurtlaryň hemmesini şol düzgün boýunça ol ogullaryna paýlady we şeýle diýdi: «Eger Gün menden soň diri galsa, goý, patyşalyk tagty şonuňky bolsun. Ol diri galmasa, goý, Aý patyşa bolsun».
Gadymy «Oguznamada» alty ogla iki kümüş towuk, iki sany goýun bagyşlanandygy barada aýdylýar. Munuň Oguz hanyň agtyklary bilen baglanyşyklydygy üçin, häzirlikçe bu maglumaty diňe ýatlamak bilen çäklenýäris. Ýöne her hili alamatlar, nyşanlar arkaly bu ýerde gadymy oguzlaryň harby-syýasy bölünişik düzgüniniň suratlandyrylýandygy düşnüklidir. Rowaýat – taryhyň çeper suratlandyrylmasydyr. Bu çeperçilikde hiç hili toslama ýok, onda diňe taryhyň çeper umumylaşdyrylmasy bar.
«Gorkut ata» sadessanynda «bozok» hem «üçok» bölünişigi «daş oguz» hem «iç oguz» şekilinde gelýär. Eýsem-de bolsa bu dört adalga harby-taryhy-syýasy mazmunly aňlatma hökmünde nämäni aňladyp biler?
«Bozok» sozüniň bozmak işliginden getirilip çykarylyşy dil nukdaýnazaryndan ynandyryjy däl. Bu ýerde, megerem, «boz» sypaty barasynda gürrüň etmek gerekdir. «Boz» aslynda ilkinji, uly diýen manylary berýär. «Ok» bolsa ýene-de oky, tiri dal-de, «og» aslyndan bolan taýpa, tire diýmekligi aňladýar. «Og» sözi aslynda nesil diýmekdir. Hut şu kökdenem ogul, oglan, owlak ýaly sözler ýasalypdyr.
Bu ýerde şeýle sowalyň ýüze çykmagy mümkindir: näme sebäpli biziň ata-babalarymyz geçmişi şol geçmişiň özünde bolmadyk rowaýatlar arkaly beýan edipdirler? Çünki rowaýat – munuň özi ýaşaýşy janlylygynda, tebigylygynda dikeltmekdir. Şol gönümellikde beýan etmek adam akylynyň derwaýys zeruryýetidir. Geçmiş haýsydyr bir jemgyýetçilik, dil, syýasy we gaýry kanunlar arkaly gury-guraksy beýan edilse, adamyň bilesigeliji kalby mundan kanagat tapyp bilmeýär. Paýhasyň akyl ýetirmek, bilmek hajaty hökmany suratda onuň lezzet almak, gyzykmak ýaly tebigy islegleri bilen utgaşykly ýaşaýar. Galyberse-de, biziň gürrüňini edýän taryhy geçmişimiz adamzadyň guraksy hem howaýy  akylynyň däl-de, çeper taslaýjy paýhasynyň, ýagny ýürek bilen bile ýaşaýan paýhasynyň esasy düşüniş serişdesi bolan zamanydyr. Munun bolsa bir artykmaçlygy bar: ol taryhy diriligine, bitewüligine hem-de islendik adam uçin gyzyklylygynda dikeldýär. Munuň özbolusly taraplarynyň biri-de taryhy wagty, taryhy jemgyýeti şahsyýetleşdirmek işidir.
Şahsyýetleşdirmek – hususanam, birgiden milli, syýasy, jemagaty birlikleri adam şahsyýetlerine öwrüp görkezmekdir. Ine, Oguz han Türkmeniň guran bileleşigine giren bölekler onuň agtyklary görnüşinde şahsyýetleşdirilipdir.
Oguz han Türkmeniň öz ogullaryna at berşi baradaky rowaýatda, elbetde, gadymy oguzlaryň edara ediş-syýasy gurluşy beýan bolupdyr. Ok hem ýaý meselesinde Abulgazynyň Oguz hanyň adyndan aýdýan şu sözleri ähmiýetlidir: «Ýene oglanlaryna aýtdy: «Siziň üç ulyňyz altyn ýaýy tapyp getirdiňiz, ýene ony bozup paýlaşdyňyz. Siziň adyňyz «Bozuk» bolsun. «Üç oky getiren üç kiçi ogluma we ondan bolanlara «üç ok» diýsinler. Tapyp getiren ok we ýaýyňyz – ol kişiden bolmady, Taňrydan boldy. Bizden öň öten halklar ýaýy patyşa ornunda bilip, oky ilçi hasap edipdirler. Sebäbi ýaý oky haýsy tarapa atsa, ok şol tarapa-da gider».
Şeýle maglumatlar aslynda milli (etniki) däl-de, syýasy taryha degişli maglumatlardyr. Iş ýüzünde bu ýerde beýik bir şadöwletiň düýbüniň tutulyşy we ony dolandyrmagyň ýörelgeleri ýazylyp görkezilýär. Taryhyň soňky dowamatynda asylbaşky syýasy hadysalar milli döredijilige ýazyp gidipdir.
Umumanam, taryh örän çylşyrymly bir hadysa bolup, onda syýasy ýa milli, ýa bolmasa diňe durmuşy, ýa diňe ruhy diýilýän sap, özbaşdak hem aýratyn bir hadysa bolmaýar. Munda hemme zat garyşyk, biri-birine öwrülýän, geçýän görnüşdedir. Diňe biziň özümiz şol çylşyrymlylyga we garym-gatymlyga aňsat akyl ýetirmekden ötri, ony sadalaşdyrýarys, ulgamlaşdyrýarys. Munuň özi gutulgysyz iş. Ýöne munuň hakykata düşünmek üçin amala aşyrylýan ýöne bir akyl ýetirme şertidigini, akyl işidigini unutmaly däldir. Şeýlelikde, «bozuk» (bozok) hem-de «üçok» adalgalary iş ýüzünde taýpalaryň, has dogrusy, goşunyň, ondan-da dogrusy, syýasy birlikleriň üç uly hem-de üç kiçi toparyny aňladýar. Oguz han Türkmen döwründe, belki, ondan soňky döwürlerde hem Millet – Göşun – Döwlet diýilýän aňlatmalar biri-birine barabar, aslynda bir zat bolupdyr. Bu üçlük ata-babalarymyzyň taryhy ýaşaýyş usuly bolupdyr. Goşun tutuş Döwleti öz içine alypdyr, Döwlet bolsa Millet bilen barabar bolupdyr.
«Bozugyň» hem-de «üçokuň» daşoguz we içoguz bilen baglanyşdyrylmagy maksadalaýykdyr. Miladynyň baryp VIII asyrynda belli bolan «Gorkut ata» şadessanynda oguzlar şeýle bölünişige eýe bolupdyr. Içoguz – munuň özi «Oguznamadaky» bozuklardyr. Olar milletiň hem, goşunyň hem, döwletiň hem içinde – merkezinde ýerleşýärler. Daşoguzlar bolsa «üçok» bilen baglanyşykly bolupdyr. Olar «bozuk» babatda «ilçi», ýagny şolaryň emrine we buýrugyna boýun egiji, ýerine ýetiriji ýagdaýynda bolupdyrlar. Köne kitaplarda aýdylyşy ýaly, bozuklar öýüň sag tarapynda, üçoklar bolsa çep tarapynda oturypdyrlar. «Öý» bu ýerde göçme manyda göz öňüne getirmedir. «Öý» döwlet hökmünde göz öňüne getirilende, bozuklaryň orny hanyň sag tarapynda, «öý» goşun hökmünde aňlanylsa, bozuklar goşunyň sag ganatyny, «öý» millet hasaplanylanda, bozuklar milletiň sag uly şahasyny düzüpdirler. Degişlilikde üçoklar çep tarapy, çep ganaty we kiçi şahany aňladýar.
Şeýle tertip Oguz hanyň öz döwletini hem-de goşunyny nähili derejede gurnap bilendigini görkezýär. Şu hili berk tertip-düzgün milletiň taryhy taýdan ömrüniň uzak bolmagyny üpjün edipdir. Şeýle bölünişik has soňraky döwürlerde hem dowam edipdir. Meselem, giçki orta asyrlarda salyrlaryň iki topara – içki salyr hem-de daşky salyr diýip bölünendigini bilýäris. Dünýäniň, ýaşaýşyň «iç-daş» şekilde göz öňüne getirilmesi hatda häzirki dilimizde-de saklanyp galypdyr. Saglyk-amanlyk soraşylanda, uly adam kiçiden «içiň-daşyň gurgunmy?» diýip, hal-ahwal soraşýar.
Ok-ýaý, içoguz – daşoguz bilen baglanyşyklylykda, köne taryhy kitaplaryň «türkmen» sözüniň gelip çykyşy we manysy barada berýän maglumatlary-da taryhy sowatlylyk babatda ähmiýetlidir. «Türkmen» sözüniň iki bölekden «türk» hem-de «iman» sözlerinden durýandygyny Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň Ruhnamasynda düşündirýär. «Türk» – «asyl» manysyny berýär. «Türk» sözüniň köki tör, töre, döremek ýaly sözlerdendir. «Iman» bolsa ynanjy, ýagny ýagtylygy, nury aňladýar. Edebi makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle