Oguz han taglymatynyñ esaslary -2: Oguz han rowaýaty
Oguz han taglymatynyñ esaslary -2: Oguz han rowaýaty
2. Oguz han rowaýaty
Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnamanyň birinji kitabynda türkmeniň gelip çykyşy barasynda şeýle weli pikirleri ýazdy:
«Türkmeniň döreýşi Nuh eýýamyndan gözbaş alýar. Biz türk – iman – asly nur diýen ady alan türkmenlerdiris. Nesilbaşymyz Oguz han Türkmendir. Oguz han özüne, milletine Türkmen – asly nurdan diýip at dakypdyr. Şondan soň hem Oguz hanyň nesli ýaýrap ugrapdyr».
Biz weli pikirler diýýäris. Welilik, adatça, geljek bilen baglanyşykly ulanylýar. Geljegi öňden görýän – ine, weli sözüniň adaty türkmençe manysy. Emma welilik geçmiş bilenem baglanyşykly bolup biler, ol aslynda namälimlik, özgelere näbellilik ýagdaýynyň welä belliligini, görünýänligini, aýdyňlygyny aňladýar. Şonuň üçinem geçmişiň özgelere näbelli manysyny we hakykatyny görmek hem welilikdir.
Rowayat – ine, geçmişiň nämälimliginiň täsin suratyny özünde saklap galan şekili. Rowaýat geçmiş hakykatyny – mälimligini çeper nämälimlige, örtgülilige öwürmegiň usuly bolup galypdyr. Onsoň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ýaly beýikler öz gudraty bilen ol nämälimligi bir sözde açyp goýberýär, bize bolsa muny yzarlap tapmak, onuň üstüni açyp, oňa düşünmek galýar.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň weli pikiriniň hakykatyny biz «Oguznamanyň» iň gadymy nusgasyndan tapýarys.
«Bolsungyl din diýdiler. Anyň suraty üşbu turur (Öküziň suraty çekilen – O.Ö.) Taky mundan soň sewinç tapdylar. Kene günlerden bir gün Aý kaganyň gözi ýaryp, bodady, erkek ogul togurdy. Oşol gulnuň öňlügi, çyrazy kök erdi. Agyzy ataş kyzyl erdi, közleri ol, saçlary, kaşlary kara erdiler…
Kene günlerden bir gün Oguz kagan bir ýerde Taňryny ýalbarguda erdi. Karanguluk geldi. Köntek bir kök ýaruk tüşgi. Künden altyn, aýdan şuglaly erdi. Oguz han ýördi gördi kim, uşbu nuruň içinde bir gyz bar erdi. O şol gyz andag görkli erdi, kim gülse gök taňry güle erdi, ýyglasa, gök taňry ýyglas erdi. Oguz kagan any gördükde özi kelmedi, kitdi, söwdi, oldy onuň biri ýatdy. Ol gyz hamyla boldy. Günler geçip, gijeler ötüp, ondan üç ogul dogdy. Ulusyna Gun diýip, ortanjysyna Aý diýip, kiçisine Ýyldyz diýip at goýdy.
Bir gün Oguz han awa çykdy. Bir köl arasynda alnynda bir agaç gördi. Bu agajyň köweginde bir gyz ýeke özi otyrdy. Ol örän owadan gyzdy, onuň gözi asmandan hem gök, saçy ýagşyň suwy dek, dişleri hünji ýalydy. Ol … arzuwyna ýetdi. Ol gyz hamyla boldy. Günler geçip, gijeler ötüp, ol üç ogul dogurdy. Ulusyna Köl, ortanjysyna Dag, kiçisine Deňiz diýip at goýdy».
Görnüşi ýaly, Oguz han Aý handan dogulýar. Oguz hanyň ogullary bolsa gök şöhle bilen ýere düşen gyzdan hem-de kölüň içinde tapylan gyzdan bolýarlar. Bu rowaýatdan gadymy ata-babalarymyzyň totemistik garaýyşlary mese-mälim görünýär. Totemizm diýlende köpimiz keramatly, hatda ylah hökmünde görülýän haýsydyr bir haýwana çokunylmagyna düşünýäris. Emma aslynda beýle däldir. Totemizm ruhy düşünjäniň iň gadymy görnüşi hasap edilýär. Bir söz bilen aýdylanda, totemistik düşünjeler adamlaryň tebigat bilen garyndaşlygy, olaryň tebigatyň haýsy hem bolsa bir böleginden (wekillerinden) gelip çykandygy baradaky garaýyşlardyr. Özem totem hökmünde diňe haýsydyr bir haýwan, hatda ösümlik däl, eýse jansyz tebigatyňam bölegi çykyş edip bilýär. Ýokarky rowaýatdan görnüşi ýaly, gadymy oguzlar öz gelip çykyşyny Aý hem-de suw bilen baglanyşdyrypdyrlar. Oguz hanyň ejesiniň ady – Aý, birinji aýaly – asmandan düşen gök nuruň içindäki gyz. Ikinji aýalynyň keşbi bolsa hasam gyzyklydyr: «gözi asmandan hem gök, saçy ýagşyň suwy dek».
Eýsem-de bolsa, üç halatda-da gürrüňiň nur hakynda gidýänligi jedelsizdir. Hatda häzirki türkmen düşünjesinde hem nur – munuň özi diňe ýagtylyk, şöhle däl, eýsem suw bilenem baglanyşyklydyr. Türkmenler ýagmyra – gara hem nur diýýärler.
Oguz han rowaýatyndaky agaç hem suw bilen baglanyşyklydyr. Ata-babalarymyz agaç, ösümlik suwdan döreýär hasaplapdyrlar. Suw bolsa nurdur. Şonuň üçinem türkmen dilinde asman hem, ösümlik hem «gök» sözi bilen aňladylýar. Rowaýatdan görnüşi ýaly, ata-babalarymyz ähli zadyň asly – nur hasaplapdyrlar. Asmandaky nurdan – Gün, Aý, Ýyldyz; Ýerdäki nurdan bolsa – suwlar – Deňiz, guryýer – Dag, Gök – ösümlikler döräpdir diýip olar hasaplapdyrlar. Diýmek, adam hem nurdan kemala gelipdir.
Degişli totemistik garaýyşlaryň, biziň pikirimizçe, azyndan 8 – 10 müň ýaşy bar. Iň gadymy eždatlarymyz has soňky – medeni taryhynyň dowamynda olary Oguz hanyň, türkmen milli-syýasy gurnawlarynyň kemala gelşini aňlatmak üçin ulanypdyrlar. Munuň özi degişli garaýyşlaryň ömrüniň juda uzynlygyny hem-de olaryň juda gadymydygyny habar berýär. Şonuň üçinem orta asyr taryhçylarynyň Oguz hanyň 5 müň ýyl şondan ozal yaşandygy baradaky gürrüňleri ýöne ýerden däldir. Hakykat näçe gadymy bolsa, onuň rowaýatlyk, mifiki häsiýeti şonça-da täsirli, güýçli we göze görnerlikli bolýar.
Şeýlelikde, «oguz» sözüniň iň gadym, astky many gatlagynda «suw, derýa, nur» ýaly manylar ýatýar. Ondan soňrak ýüze çykan «türkmen» sözi-de nur bilen baglanyşykly. Ýöne soňrak diýilse-de, bu söz orta asyr taryhçylarynyň aýdyşy ýaly, orta asyrlarda ýüze çykan däldir. Mahmyt Kaşgarly ony Isgenderiň gelmegi bilen baglanyşdyrýar. Diýmek, taryhy hadysa miladydan has öň bolup geçipdir.
Edebi makalalar