Oguz han taglymatynyñ esaslary -1: Sözüñ köki — halkyñ köki
Oguz han taglymatynyñ esaslary -1: Sözüñ köki — halkyñ köki
OGUZ HAN TAGLYMATYNYŇ
ESASLARY
1. Sözüň köki – halkyň köki
Geçmişe akyl ýetirmegiň özboluşly şertleri hem-de tärleri bar. Alymlar geçmişi dikeltmegiň bir tärini – akyly ykrar edýärler. Akylyň delilleri we subutnamalary ynandyryjylygy, inkär edip bolmaýanlygy bilen rüstemdir. Ýöne bu meselede akyl edil maýyp kişiniň pişege bagly bolşy ýaly, saklanyp galan maglumatlara elgarama bolýar. Akylyň maýyp kişi hökmünde aňa gelmegi ýöne ýerden däldir. Geçmiş – gaýyplyga giden barlykdyr. Bu barlygy biz diňe onuň yzyndan haýsydyr bir sebäplere görä, saklanyp galan yzlardan tanap bilýäris. Geçmiş bilen iş salyşýan adam yzçyny ýada salýar. Yzçynyň wezipesi bize «Ine, şu hili yz galypdyr» diýip, diňe yzy görkezmekden ybarat däldir. Ony biz yzçysyzam görýäris. «Yzçy» şol yzdan geçmişe giden durmuşy bütin janlylygynda hem dolulygynda biziň gözümiziň alnynda dikeltmegiň hötdesinden gelmelidir. Emma käbir taryhçylarymyzyň işi şol yzyň gürrüňini etmekden ybarat bolýar, ondan aňry gidip bilmeýär.
Taryh – gaýyp bolan, «ölen» wagt. Wezipe şol wagty direltmekden, ony bizin her birimize edil häzirki görýän «şu günümizi» görşümiz ýaly hakyt janly barlyga öwrüp, görkezip bilmekden ybaratdyr. Bu wezipäniň hötdesinden diňe akyl bilen gelip bolmaýar. Akyl esasy tutarykdan – taryhyň «yzyndan» daşlaşmagy, onda ýok zatlary hasaba urmagy gadagan edýär. Beýdip öten wagty janlandyryp bolmaýar. Çünki akylyň usuly daşyndan çemeleşmekdir. Islendik janlandyrma, jan berme bolsa «içden» bolýar. Bu işe bolsa diňe akyl däl, eýse ýüregiň hem goşulmagy gerek. Geçmişi, taryhy, wagty öz içiňde – ýüregiňde oýarmak, janlandyrmak gerek. Akylyň geçmiş babatdaky hakykatynyň üstüni – çünki bu hakykat diňe «yza» daýanýandygy üçin, hemişe ýarym-ýalta bolýar – ýüregiň berýän habarlary bilen ýetirmek gerekdir. Diňe şondan soň, gaýyplyga dönen wagty gaýtadan barlyga öwürmek, elbetde, içdäki – aňdaky barlyga öwürmek mümkin bolýar. Wagt daşdan bir gidenden soň, gaýdyp daşa gelmeýär. Oňa derek ony «içe» gaýtaryp getirmek mümkinçiligi jedelsizdir. Bu – Allatagalanyň bize beren anjaýyn mümkinçiligidir. Şonuň üçinem bilmek, göz ýetirmek – akyl bilen ýüregiň şäriklikdäki, bilelikdäki, ylalaşykly işiniň netijesidir. Munda ýürek akylyň görmedik zatlaryny görüp, hakykatyň üstüni ýetirýär, ony bitewüleşdirýär (çünki akyl anyk görýär, çuňňur görýär, emma çäkli görýär), akyl bolsa öz gezeginde ýüregiň esassyz hyýalbentligine düzediş girizýär /çünki ýürek doly görýär, uzagy görýär, ýöne «özünden goşmagy» gowy görýär/.
Akyl hem ýürek bitewüligi – bitewi adam görşüdir.
Eždatymyz Oguz han hakynda saklanyp galan maglumatlar geçip giden Wagtyň «yzlarydyr», «galyndylarydyr». Bu meseläni öwrenmekde dürli döwürlerde, dürli alymlar uly işler bitiripdirler. Olaryň iň köp iş edinen meseleleriniň biri-de «Oguz» adynyň gelip çykyşy we onuň düýp manysy hakyndadyr. Iş edinilmeginiň sebäbi halkyň göterýän adynyň, köplenç, şol halkyň ruhy özeni bilen berk baglanyşykly bolýanlygy sebäplidir. Halkyň ady şol halka düşünmegiň açarydyr.
«Oguz» adynyň asyl gelip çykyşy baradaky gürrüňimizi iki tapgyra bölsek, dogry bolardy. Birinjiden, ilki bilen, biz taryhy ceşmeler diýýänimizde bu barada nähili düşündirişler berlendigine göz aýlamalydyrys. Ýagny, ilki bilen «yzyň» özi näme diýýär, şoňa diň salmak gerek. Şondan soň ol barada «yzçylar» näme aýdyp gidipdirler – diňläp görmeli. Şu iki iş amal edilenden soň, diňe şondan soňra biz galan «yz» esasynda öz akylymyzyň hem ýüregimiziň aýdýanlaryna nobat bersek, geçmiş suratlary göwnejaý şekilde janlanar diýip pikir edýäris.
1. XIV asyrda ýazga geçirilen «Oguz kagan» dessanynda «Oguz» sözi «agyz», ýagny «owuz» – ilkinji süýt manysynda getirilipdir. «Agyz» aýdylyşy ýuwaş-ýuwaşdan «oguz» şekiline geçipdir diýilýär.
2. Edil şol dessanda Oguz han doglanyndan bir yyldan soňra geplemäge başlaýar we «Köşkde doglanym üçin adyma Oguz daksynlar» diýýär.
3. XIII asyrda Reşideddin tarapyndan ýazylan «Oguznamada» bu adyň gelip çykyşy şeýle düşündirilýär: «Şol wagtda bir ýaşly çaga dil bitip «Maňa Oguz at goýuň» diýýär. Başga bir nusgada çaga manysyz sesler çykarýar, oturanlar onuň çykaran sesleriniň «oguz» sesine meňzeş bolany üçin, «Çaga dile gelip öz adyny özi goýdy» diýen netijä gelýärler. Oturan adamlar geň galyp, çaga «Oguz» adyny goýýarlar.
4. XVII asyrda Abulgazy bu barada şeýle ýazýar:
«Oglan bir ýaşady. Gara han toý güni oglany märekäniň içine getirip, beglerine ýüzlendi: «Biziň bu oglumyz bir ýaşady. Indi muňa nähili at goýarsyňyz?» Begler jogap bermezden oglan «Menin adym Oguz» diýdi.
Şol bir ýaşan oglan şol ýerde rowan
Dile gelip diýdi: «Biliňler aýan,
Meniň adym – Oguz, hysrawy namwer
Biliňler, anyk barça ähl-hüner».
Ýokarky çeşmeleriň düşündirişini mifologik anyk taryhy-dil hakykaty özbolusly tefsir edişi hökmünde häsiýetlendirip bolar. Olar «oguz» sözüniň haçandyr bir wagt aňladan simwoliki manysyndan ugur alýar. Munda iki pursady belläp geçmek bolar. Birinjiden, «owuz» asyl arassalygy, asylzadalyk manysyny, ikinjiden «oguz» patyşalyk, häkimdarlyk /hysrow-y namwer/ manysyny berýär. Indi bolsa taryhçylaryň bu adyň «hakykatyny» gözleýişlerini gözden geçirip göreliň:
Türk taryhçysy F.Sümer «Oguzlar – türkmenler» diýen kitabynyň birinji bölüminde «oguz» sozüniň gelip çykyşy barada öňe sürlen pikirleri seljerip, şeýle bir umumylaşdyryjy gürrüň edýär: «…J.Marguart «oguzyň» «ok» hem-de «uz» sözlerinden gelip çykandygy hakynda bir pikiri öňe sürýär. Marguartyň ýazmagyna görä, «ok» diýmek oky, «uz» diýmek bolsa adamy aňladýar, dolulykda «okly adamlar» diýen aňlatmany berýär. Marguartyň bu pikiri ylym äleminde kabul edilmeýär. Çünki türkmençede adam düşünjesiniň «uz» şekilinde gelen ýeri ýokdur.
D.Sinor «oguzy» «oküz» sözi bilen baglanyşdyrýar. Emma bu söz her hili ýagdaýda hem türkmençe «öküz» şekilinde aýdylyp, häzire çenli şeýle ulanylýar.
Sinoryň pikirine güýçli lingwistik delilleri bilen garşy çykan L.Bazen «oguz» sözi «tosun» manysynda gelýär diýen pikiri öňe sürýär. Emma Bazeniň bu pikirine goşulmak hem mümkin däldir. Çünki Türkiýe türkçesinde we beýleki türki dillerde «tosun» /ikiýaşar öküzçe/ manysynda gelen «oguz» şekilinde söz ýok.
J.Holinton «oguzyň» «oguşdan» gelip çykandygyna ynanýar. Emma «oguş» Orhon ýazgylarynda käte «ögüz» bilen şol bir sözlemiň içinde gelip, diňe garyndaş ýa-da maşgala manysynda ulanylýar.
«Oguz» adynyň asly barasynda başga bir pikir wenger alymy J.Nemeth tarapyndan orta atylýar. Onuň pikiriçe, «oguz» «ok+z»-dan gelyär. «Ok» – oýmak /urug, tire/, «z» bolsa köplük san goşulmasydyr. Emma «k»-nyň çekimli bilen başlanýan bir goşulma gelende «g» sesine öwrülýändigini nazara alyp, Nemethiň hem pikiri inkär edildi. Şol bir wagtyň özünde bu pikirleriň arasynda hakykata iň ýakyny, biziň pikirimizçe, Nemethiňkidir. «Ok+z»-daky «k» aýdyla-aýdyla, ahyr-da «g»-a öwrülip biler» /F.Sümer. Oguzlar – türkmenler. 1999. 34 sah./.
Türkmen alymy S.Atanyýazow hem F.Sümer bilen pikirdeşräk bolup çykýar. Ol degişli mesele boýunça aşakdaky pikirleri öňe sürüpdir. «Biziň pikirimizçe, umumylaşdyryjy etniki at bolan oguz adynyň aşakdaky sözköki has kabul ederliklidir: og – taýpa, urug, -uz – köplük san goşulmasy, ýagny oguz – taýpalar, uruglar… L.Gumilýowyň pikirine görä, gadymy döwürlerde goňşular ýa-da uly taýpalar tarapyndan gysylan kiçi taýpalar goşulyşyp ugrapdyrlar we şeýle goşulyşmalar oguz sözi bilen atlandyrylypdyr.
Alymlaryň başga bir topary bu sözi gadymytürki oňon bolan oküz//ögüz//oguz sözüne eltipdir…
A.Mätrahymow oguz adalgasy iki morfemadan og – ene, urug we uz – köplük san goşulmasyndan durýar diýen netijä gelipdir. Ol adyň dini dessurlar esasynda ýüze çykandygyny, özüniňem oňon bolandygyny, soňra etnonime, ondan soň gidronime, iň soňunda bolsa Oguz hanyň adyna öwrülendigini ýazýar.
N.A.Baskakow oguz sözüniň bütinleý başga bir sözköküni teklip edýär: og ýa-da öý – akyl, parasat we adam adyny ýasaýan goşulma -uz ýa-da -ur, ýagny akylly, parasatly, paýhasly.
S.P.Tolstow sözköki öküz we oguz (derýa) (Amyderýanyň gadymy ady) sözlerine eltipdir». (S.Atanyýazow. Türkmen etnonimleriniň sözlügi. A.1988. 92 sah.).
Elbetde, pikirleriň köplügi ýazylyp-ýaýramaga we öz diýen nusgaň üstünde durup, ýeterlik esaslandyrmaga oňat mümkinçilik döredýär. Oguzyň taýpalar, iller manysyny berýändigi baradaky pikir iki alymyňam gözüne esasly bolup gornüpdir. Emma, biziň pikirimizçe, halkyň hem onuň nesilbaşysynyň kemala gelşi ýöne bir dil hadysasy däl, eýsem çylşyrymly we uzak wagtlyk taryhy-milli, medeni, ruhy hadysadyr. Şonuň üçinem onuň gelip çykyşyna diňe dil däl, eýsem degişlilikde taryhy, milli, ruhy tassyklamalar hem zerurdyr. Şu nukdaýnazardan biz alym Ö.Gündogdyýewiň degişli meseledäki töwerekleýin hem umumylaşdyryjy pikirlerine ünsi çekmek isleýäris. Ol «oguz» adynyň asly, emele gelşi barada, esasan, ýedi sany garaýşy belläp, şeýle ýazýar:
«Gadymyýetde «derýa – ene – ýaşaýyş» düşünjeleri bir bolupdyr. Şonuň üçinem oguzlar eýýäm massaget döwründe bar ekenler we Jeýhunyň kenarlarynda ýaşapdyrlar. Bu derýa gadymyýetde Oks atlandyrylyşy ýaly, orta asyrlarda-da oňa Oguz diýipdirler, onuň galyndylaryna bolsa häzirem Uzboý diýýärler».
«Oguz» sözi miladydan öňki I müňýyllykda, ýagny, üç müň ýyl mundan ozal «augas» görnüşinde grekler tarapyndan ýazga geçirilip, özem dah-massaget taýpalarynyň biriniň adyny aňladypdyr. Ö.Gündogdyýewiň aýdyşy ýaly, bu ady alan taýpanyň halkyýetiň öz dörän wagtyny miladydan öňki III-II müňýyllyklara /5 müň ýyl mundan ozal/ eltmek paýhasa laýyk bolardy. Çünki Beýik Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, her bir halk öz adyndan has gadymydyr.
F.Hirt Oguz hanyň nesli bolup, onuň bilen atdaş bolan Mode hanyň adyny hytaý hatynda «batyr» diýip okaýar. Hytaý ýazuwynda «r» sesi aňladylmansoň, «batyr» sözi «badu» ýa-da «mode» şekilinde okalýar. Bernştamyň pikirine görä, «hu-an» iýeroglifiniň gadymky okalyşy «üker» şekilini berýär. Üker – öküz diýmekdir. Soňra Bernştam şeýle ýazýar: «Eger meşhur halkyýetiň ady Öküz bolan bolsa, diýmek, bu halkyýetiň wekili öz ady bilen birlikde halkynyň ady bilenem atlandyrylyp bilnerdi».
Görnüşi ýaly, Oguz hanyň adynyň gelip çykyşy bizi bäş müň ýyllykdaky gadymyýete alyp gidýär. Dogrudanam, ol ata Watanynda – gadymy Turanda dörän şahsyýetdir.
Edebi makalalar