|

Oguz han hakynda rowaýat

Oguz han hakynda rowaýat OGUZ HAN HAKYNDA ROWAÝAT

Oguz han hakynda rowaýat

Duşman yrsaraýar,
Duşman sürünýär.
Hol uzakda —
depesinden bir baýryñ
Ýagynyñ ordasy zordan görünýär.
Görünýär olaryñ garamtyl-ala
Tuglary şemala çala pasyrdap.
«Häzir bol, Oguz han,
Duşman golaýda,
Gaýym bol, Oguz han
Duşman golaýda»
Diýýär oña ykmanda ýel pyşyrdap.

Otyrdy Oguz han ýigrim dört ogly
Kyrk bir begi bilen edýärdi geñeş.
Söweşsiz sowmaly gelen belany,
Adam gyrmaly däl,
Gyrylmaly däl,
Ýitgisiz bolmaýar
jeñ,
dawa,
söweş.
Ak baýdak göterip geldi duşmanyñ
Ilçileri beýan etmäge şertin.
Diýýärler:
«Oguz han urşmajak bolsa,
Janyndan eý görýän Gyratyn bersin!»

Sala salýar beglerine Oguz han.
Begler aýdýar:
«Berip bolmaz Gyraty!
At berlenden —
amanat jan berilsin.
At berilse,
bürgüt ýaly oguzlañ
Ganatynyñ berildigi bolmazmy?!
At berilse,
laçyn ýaly oguzlañ
Ganatynyñ gyryldygy bolmazmy?!
At berilse,
bu yşnakly oguzlañ
Zynatynyñ berildigi bolmazmy?!
At berilse,
oguzlañ ar-namysy,
At-abraýy berildigi bolmazmy?!
At berilmez,
yza gaýdyber,
ogul!»
Şu taýda gözlerni alartdy Oguz,
Beglerine gazap bilen bakdy ol.
Soñam diýdi:
— Baryñ,
beriñ Gyraty!
Gyrat gitdi.
Neneñ gözel atdy ol!

◆ ◆ ◆

Duşman yrsaraýar,
Duşman sürünýär.
Hol uzakda —
depesinde bir baýryñ.
Ýagyñ ak öýleri çala görünýär.
Görünýär olaryñ bedew atlarnyñ
Ýallary şemala çala pasyrdap.
«Häzir bol Oguz han,
Duşmanyñ güýçli!
Gaýym bol, Oguz han,
Ganymyñ çökder!»
Diýýär oña sergezdan ýel pyşyrdap.

Otyrdy Oguzhan han ýigrim dört ogly
Kyrk bir begi bilen edýärdi gürrüñ.
Uruş etmän, dep etmeli ýagyny
Daş oguz, Iç oguz galmaly gurgun.

Ak baýdak göterip gelen duşmanyñ
Ilçileri Oguz hana diýdiler:
«Jeñ etmejek bolsañ eger,
Bize janyñdan eý görýän,
Hany-manyñdan eý görýän,
Ýer-asmanyñdan eý görýän
Dal kamatly gelniñi ber!»

Tisginip ýerinden turanda begler,
Ýürek gany gözne guýlan Oguzyñ
Gyljyñ baljagyndan aýrylan eli
Göge galyp, aşak indi:
— Oturyñ!
Begler Oguz hana gazaply bakýar:
«Ýaga aýal bermek —
namysyñ bermek,
Namysyñ berenden —
ölen ýagşydyr.
Gyrylmaly bolsa,
gyrlalyñ bu gün!
Sürülmeli bolsa sürleliñ bu gün!
Namysyñ astynda galyp burlandan,
Naýzanyñ tygyndan burlalyñ bu gün!
Namysyñ astynda galmalyñ, Oguz,
Nämä gerek beýle binamys gürrüñ?!»

Oguz han beglerne bakýar gazaply:
«Bu niçik gykylyk,
Bu neneñ gowur!
Bu niçiksi basgy,
Bu neneñ dowul?
Erteki gün ähli gyz-gelim olja
Boljak bolup durka, bir gelin berlip,
Bu apat belanyñ öñünden sowul!»
Diýdi-de, sözüni jemledi Oguz!

◆ ◆ ◆

Duşman yrsaraýar,
Duşman sürünýär,
Hol uzakda —
degresinde bir baýryñ
Ýagyñ ýakýan ody çala görünýär.
Görünýär olaryñ näzeninlerniñ
Saçlafy şemala çala pasyrdap.
«Gaýym bol, Oguz han,
Ýagyñ-a ýaman,
Taýyn bol, Oguz han,
Ýowuñ-a ýowuz»
Diýýär oña ötegçi ýel pyşyrdap.

Otyrdy Oguz han ýigrim dört ogly
Kyrk begi bilen terse bakyşyp,
Kelleleei boýnuñ içine girip,
Gerdenleri mäkäm dartylan ýaýyñ
Iki ujy ýaly barýar tapyşyp.
Gabaklar galanda, gözler çakyşyp,
Ot deregne gözýaş çykýar,
gan çykýar.
Otyrlar ysgynsyz elleri bilen
Gylyçdan däl, gara ýerden ýapyşyp.
Oýlanýar kyrk bir beg, ýigrim dört ogul:
«Atsyr gelin gitdi,
ar-namys gitdi,
Gitdi olar bilen abraýdyr adam.
Bu niçiksi haýwan,
Bu han,
Bu adam?»

Üstüne atlanyp bir agta ýabyñ,
Ýene ýetip geldi ilçisi ýagyñ.

Täze şerti beýan etdi ol esger:
«Parahat oturmak küýseseñ eger,
Han aga, bu ýerde ençeme ýerler
Zat ekilmän,
Mal bakylman boş ýatyr.
Şemal şowlap ýatan ýalañaç düzler
Size nämä gerek?
Şonsuzan siziñ
Gursagñyzdan has giñ ýaşyl sährañyz.
Jeñ gerek däl bolsa eger,
Şol ýerleri biz ber!»

Tisginip ýerinden galmady begler,
Handan olañ göwni geçeñkirläpdi.
Algyr bürgüt ýaly ýigrim dört ogluñ
Pikirem begleñki bilen birräkdi.

Sala salýar beglerine Oguz han.
Begler aýdýar:
— Dünýäñ bol zady sähra,
Uruş nämä gerek?
Ber, topragñy, ber!
Ýaşyl daragtlarñy,
gök çeşmelerñi,
Al-elwan öwüsýän ter otlarñy ber,
Oguz han, jeñ gerek bolmasa eger!

Oguz gyljyn syryp, ýerinden turdy:
— Ser berermen,
ýer bermernen duşmana!
Uruş yglan edýän! —
diýende, ilçiñ
Ak ýabysy tas uçupdy asmana.
«Ýer berenden — ser bermeli!»
Diýdi daş oguz begleri.
«Ýer berenden — ser bermeli!»
Diýdi iç oguz begleri.
«Ýer berenden — ser bermeli!»
Diýdi gök oguz begleri.

Galkyp ýerinden turdular,
Bedew ata atlandylar.
At münüp, ganatlandylar.
Ýow diýlende, ol ýigitler
Ýelden ýeñil, çakgandylar.

Bu gök öwsüp ýatan ýeriñ üstünde
Öñde-soñda beýle söweş bolmandy.
Bu gök öwsüp ýatan asman astynda
Öñde-soñda beýle söweş bolmandy.

Iki goşun aç arslan deý garpyşdy,
Gapyşdy asmanlar ýeriñ arasy,
Döş döşe çakyşdy,
galkan galkana.
Gylyç gylja,
naýza-naýza,
göz-göze.
Ýagy ýaga aýylaýyn aslyşdy,
Gök sährada är ýigitler çapyşdy.
Ýara salnan — dal bedewniñ ýalyndan
Ýarasyzlar doñuz kimin topulyp,
Ýagy ýagyñ ýakasyndan ýapyşdy.

Sährañ gülleri çym-gyzyl boldy,
Asmanyñ ak buldy dym-gyzyl boldy…
Ýagyñ ak öýleri öwsüp gyrmyzy,
Ýada saldy gan reñkli ýyldyzy.

Köp zat islän ýagy galdy azdanam,
Sährañ keýikleri gaçdy ummaga,
Sährañ beýikleri tep-tekiz boldy,
Ähli janly-jandar gitdi gümlama.
Zat galmady guşdan, guba gazdanam.
Howada sygyrýan peýkamdan ýaña,
Ýer tapmady algyr guşlar uçmaga.
Duşmanyñ sülsady maslygyn taşlap,
Agsagyn,
togsagyn,
asgynyn taşlap,
Ýüzüp barýar gyzyl gany gulaçlap.
Oguzlar naýzalap,
atyp,
gylyçlap,
Eýesin öldürip, atyny uşlap,
Ýykyp,
sanjyp çykdy göwün solpudan.
Duşmanyñ kimisi naýzadan öldi,
Kimi — gorkudan.

Gyrat islän,
aýal islän,
ýer islän,
Özgäñ namysyna göz diken ýygyn
Aman diläp, aşak ýatyrdy tugun.
Öz janyndan eý görýän
Gyratyny münüp dolandy Oguz.
Oguzyñ ýanynda saçyn ykjadyp,
Öz janyndan eý görýän,
Hany-manyndan eý görýän,
Ýer-asmanyndan eý görýän
Dal kamatly gözel gelni
Bir dor aty münüp, gelýärdi bäri.
Ýigrim dört ogly hem ýigrim dört ýerden,
Kyrk bir begi kyrk bir ýerden,
Atlaryn säpjedip, sährañ içinden
Başlaryn dik tutup, hana bakýardy.
Ykmanda ýel bolsa, hanyñ gulagna
Ýeñşin mübärekläp, çawuş çakýardy…

Atamyrat ATABAÝEW,
Türkmenistanyñ Halk Ýazyjysy. Poemalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle