|

Ogulmy-gyz / hekaýa

Ogulmy-gyz / hekaýa

OGULMY-GYZ

Penjiräni açandan, onuň ýüzüni baharyň mylaýym şemaly  sypady. Daň şemaly guşlaryň jürküldisini, ho-ol, uzakda üýrýän itleriň sesini  alyp geldi. Şol demde beýnä dolan ýakymly ys ony meýmiretdi. Bu hoşnut ysdan ganmak üçin ol boýnyny daşaryk yzatdy-da nazaryny has uzaklara dikdi. Belentli-pesli baýyrlary etekläp oturan dogduk obasynyň oýanyp başlamagy ony süýji  hyýallara garyk etdi. Şahalary dolduryp oturan pyntyklaryň arasynda iki ýana bökjekleýän  serçeleriň sesi , daň şemalynyň ýakymy onuň erkini örükledi. Älem gözelligini özünde jemleýän birmahalky kiçijik oba indi şäherden gaýra duranokdy. Ozalky gumak köçeler öz ornuny iki gyrasy ýaşyl arçalar bilen jäheklenen şaýollaryna beripdi. Ene ýabyň bol suwunyň belent baýyrdan şaglap inýän sesi daňdanyň ümüş-tamşynda edil ýanyňda ýaly eşidilýärdi. OI bu ümsümligi diňläp,  onuň çalýan şiirin mukamyny kalba siňdirmegi  endik edipdi. Günler, aýalar, pasyllar ýerini çalyşsa-da Gülsoltan daňdanyň şol lezzetini hiç zat bilen  çalşanokdy. Daň saz berip, Günüň  al şapagy asmana çaýylmanka, howanyň  sowuklygyna, yssylygyna seretmezden, penjiräni açardy-da, endigine görä, esli salymlap dünýä diň salardy.   
Kem-kemden ýagtylyp barýan älemi synlap, onuň süýji ümsümligini  bu günem  müň bir höwes bilen diňläp duran Gülsoltan gursagyny kir-kimirsiz howadan  doldurmak isleýän ýaly,  demini uludan-uludan aldy. Mylaýym howany nebsewürlik bilen  demine dartanda göwresinde çalaja tirpildi duýdy.  Ol muňa birsellem diňşirgendi. Tirpildi gaýtalanmady. Gülsoltan indi demini tutup, diň saldy. Esli salymdan uşajyk türpildi ýene bildirdi.  Ol  demini uludan alyp başlady. Şondan soň, göwredäki tirpilldi güýçlenen ýaly boldy.    Gülsoltan birsellem böwrüni diňläp durandan soň, begenjini Röwşene buşlamak isledi. Ýöne onuň süýji ukuda hezil edip ýatyşyna dözmän, esli salym penjiräniň öňünden aýrylmady.  Pikir derýasyny boýlap durşuna dürli oýlary başdan geçirdi. “Sered-ä bu bolýan zatlara. Tylla Günüň çym-gyzyl bolup, Ýerden  göterlip barýan pursatynda kalbymda üýtgeşik mähir  oýandy. Balajygym, hut şu pursat “Men seniň ýüregiň astynda, eje jan! Men el-aýagymy  mazaly duýýan, senem meniň gymyldymy aňan bolsaň gerek” diýdiň öýdýän. Men seniň bardygyňy duýan pursatymdan bäri arzuwyňda. Heniz ýagty jahana inmäkäň, enä  şunça duýgy hem mähir eçilýän perzent, sende nä gudrat barka? Sen  jägildäp dünýä geleňden soň, enäň  kalbyna mähir inýärmikä diýsem,  asyl  beýle däl eken. Häzirden men seni janym bilen ezizleýän, senem meniň mährimi duýýansyň. Çaga heniz enesiniň göwresindekä, ejesiniň sesini özgeleriňkiden tapawutlandyryp bilýä diýýäler weli, sen meň sesimi saýgarýarmyň? Men  bolsa eýýäm seniň eýjejik keşbiňi göz öňüne getirip, hyýalymda näzijek elleriňden, garaja gözüňden,  mymyjak saçlaryňdan öwran-öwran öpýän.  Seniň ysyňdan ganmak üçin bagryma basýan. Ýöne ene bolup, perzendiň mährinden, onuň ysyndan ganma ýok bolsa gerek. Men seni heniz elime almadygam bolsam, ene diýen ynsanyň neneňsi bagta eýediigini duýýan. Saňa döneýin, seni bize eçilen,  maksadaymyza ýetiren  beýik Alla döneýin…”
 Garaňkylygyň öz ýerini ýagtylyga berşini, Gündogaryň al  şapagyny, tegelenip,  ýuwaşjadan Ýerden galyp barýan Güni maňlaýyna sylyp, göwresindäki tyrpylda begenjini içine sygdyrmadyk Gülsoltan  ýanýoldsaşynyň ýanyna bardy.
-Röwşen, turjakmy ýa-da dynç güni  bolansoň, entäkler ýatjakmy?
— Ýataýsam kem däl weli, ýatmaga goýduňmy, Soltanym. Onnoňam biz çagalary alyp, gezelenje çykalyň diiýip, gepleşipdik  ahyry, eýýäm unudaýdyňmy?
-Ýok, unudamok, ýöne men saňa  gowy  zady buşlaýjakdym.
-Ýeri, bakaly, Soltanym.
Gülsoltan daşyndan aýtmaga çekinýän ýaly, adamsynyň gulagyna çawuş çakdy.
Röwşen böküp ýerinden galdy:
-Soltanym,  soltanlyk işini bitirýän diýsene, çynyňmy? Ogulmyka, gyzmyka?
— Ony ertir lukmana gidemizde anyklarys.  Indi  biz lukmanyň gözegçiligi astynda bolmaly.
— Adyna näme dakarys. Hany,  tapsana, at saýlaly-la.
Gülsoltan göwnündäkini orta dökdi:
-Ejeň-kakaň barka, at saýlamak bize ýetmändir. Goý, ilkinji agtyklaryna  olaryň  özi at tapsyn.
-Biz näme? 
 -Biz olaryň dakan ady bilen ylalaşarys. Ejeň-kakaň at saýlamaga ökde, tüweleme.  Ine, saňa-da  gerçek Görogla meňzesin diiýip, Röwşen dakypdyrlar-a.
 –At saýlamak mesele däl, ýöne ogulmy-gyzmy, meni şo gyzyklandyrýa.
-Ogulmy- gyzmy diýeňde, şol birmahal ogulmy-gyz oýnaýanymyz ýadyma düşäýdi.  Şonda sen baý jyzakdyň-a. Sähel utulyberdigiň gykylyklap başlardyň.  Seň bolşuňa janym ýanardy. Seň bilen indi gaýdyp oýnaman diýsemem, ýene ýanyňa baranymy duýman galardym. Käte bolsa senden  gaçgaklardym.  Çünki sen  maňlaýyňa uran gunçan ak köýnekli oglan bolsa, hezil ederdiň. Gyrmyzy köýnekli gyz bolsa, seniň jynyň atlanardy-da gunçany eliň tersi bilen zyňyp goýbererdiň.
— Gaçgakladygyň saýy menem saňa ýakyn durjak bolardym.Ýöne  sen meň  bilen düýşümde-de oňuşmazdyň. Haçan görseň, basdaş çaga ýaly gyr tutuşdyk.  Maňa üns bermedigiňsaýy   näme üçindir saňa beter ymtylardym. Ýadyňa düşýärmi, onýyllygy tamamlaýmankak, baharda Ýelken depä gezelenje gidenimizde, Dörtguly sen ,men üç bolup, tirkeşip gaýdypdyk. Şonda Dörtgulyň saňa bakyşyny, saňa ýaranjak bolup, meýdan güllerinden çemen baglaýşyny gabanyp, hokga çykaranym. Bir çukura ýykylan bolup, size näzimi çekdirjek boldum. Oňa çenli Kyýas mugallym  gelip, aýagymy görüşdirdi-de, gorkuly zadyň ýokdugyny aýtdy. Sen maňa üns bermän durup bilmediň.  Gapdalymda pyr-pyr pyrlandyň. Men muňa öz ýanymdan begendim. Meni söýýänsiň öýtdüm. Ýöne  sen öz duýgyňy gizlin saklap bilýän ekeniň. Söýýäniňi duýdurman, ejir baryny çekdirdiň.
 – Ykbal bizi biiri-birimize gowşuranda şo zatlary göz öňüne alandyr-da elbet, ýogsam hiç mahalam  sen diýip, ýüregim üzülip baranokdy. Gaýta  Görogly ýaly gerçegiň adyny götermäge mynasyp görmämsoň,  saňa Genjim diýerdim. Göwnüme bolmasa, Genjim begiň  häsiýeti agdyklyk edýän ýalydy sende. 
Röwşen  gelniniň ilkinji gezek öz adyny Genjim diýip tutanynyň sebäbini eşidensoň, näme diýjegini bilmedi. Gaty görendigini bildirmejek boldy:
– Şol mekdep ýyllarymyzdan bäri  kalbyma soltan bolup dolaňsoň, Genjim diýseňem gaty görmezdim. Gaýta meni  halap,  özüňe üns berdirjek bolup,  diýýänsiň öýderdim. Belki, şol döwürlerde eýýäm biziň biri-birimize synymyz oturandyr. Şoň üçinem mydama  birek-birege nähilidir bir usul bilen mährimizi duýdurjak bolup,  çytraşandyrys. 
– Goýsana, indi şeýdip, gep owadanlajak bolýaň. Genjim diýemde baý gaharyň gelýädi,  sesiňi çykarman, ýeňsäňi tüňňerdip gidýän mahallaňam az däldi.
-Gaharym gelse-de sen her gezek Genjim diýeňde birhili  ýakymly duýgulary başdan geçirýärdim.Ýöne ony bildirmezlige çalyşýardym. Sebäbi maňa Genjim diýýäniňi oglanlar eşidäýse, üstümden güljeklerini bilýärdim. Soň-soňlar-a seň adymy Genjim diýip, tutuşyňa halys öwrenişdimm, adymy şeýdip tutsaň,  monça bolardym. Mydama  maňa Röwşen  däl-de, Genjim diýeniňe garaşýardym. Onýyllygy  gutardyş agşamynda  seň  maňa “Genjim” diýeniňi Bossan eşitdi. Ol ilki sen meni çagyrýansyň  öýtmedi. Seniň maňa ýüzlenýändigiňi bilensoň,  senden öňürti ýanyma geldi-de: “Nebir adyň barka, özüňe Genjim diýdirmäň näme?” diýip, maňa igendi. Asyl soň görüp otursam,  ol öz ýanyndan meni özüniňki saýyp ýören bolsa nätjek? Men weli,  dünýäde senden başga gyz bardyr öýdemokdym.
 –  Seni gaharlandyrjak bolup Genjim diýýärdim. Asyl, beýle bolup çykdy diýsene.
— Hawa, Soltanym, şeýle.
 —  Genjim begim, sen näçe ogul isleseňem, men-ä ilkinji perzendimiziň gyzjagaz bolmagyny arzuw edýän. Adyna-da ejeň dagy göwnese,  Güldesse dakasym gelýä.  Sebäp admyň ady onuň häsiýetine-de, ykbalana-da  täsir edýär diýýäler.  Şeýle bolsa, gül dessesi ýaly göze ýakymly, mähirli, owadan  gyzymyz bolar.
 – Soltanym, gel, onda ýaşlygymyzdaky ýaly ogulmy-gyz oýnaly. Häzir meýdanda gülälekleriň gülleýän pursaty. Şu gün gezelenje gidemizde ogulmy-gyz  oýnarys. Kim utsa, diýen zadyňa razy bolmaly.
— Bolýa, hany sen, ilki aýt ogulmy-gyz?
— Ogul.
— Men gyz diýýän.
Gelniniň dolup barýan göwresini höwes bilen synlan Röwşeniň oňa degesi geldi:
— Soltanym,  meni gyjyklajak bolup, gyz diýýäň gerek? Ýa sen henizem özüňi dört örüm saçyny ýaýyp, gülälekli meýdanda boýdaşlary bilen  seýkin basyp, gül ýygyp ýören ulugyzdyryn  öýdýärmiň? O ýyllardan oba göçdi . Ogulmy-gyzy indi biz çyndan oýnaýas. Şu çak  sen açylmadyk gülälegiň dolup duran gunçasynyň keşbini  ýada salýanyňy bilýäňmi? Sen şeýle bir owadan weli, şol alaýyp gunçany  bagryma basyp, maňlaýyma  müň mertebe togap edesim gelýär. 
— Duraweri, oglan,  ukyňdan bir açyl entäk.
— Ukudan häli açyldym. Ýörüň, tizräk meýdana çykalyň. Bar, jigilerime aýt, taýynlansynlar.Men ulagy gyzdyrýançam, sizem çykyberiň.  Ejem-ä “Siz gidiberiň, meň işim bar” diýdi.  Ertirligi şol ýerde edineris. Ogulmy-gyz oýnarys. Ap-akja gelin kömeleklerden ýygnarys, ysmanak ýygarys.
— Ogulmy-gyzy köp bolup oýnasaň has  gyzykly bolýa.
— Çagalar üçin şeýle-de gyzyklydyr.  Biz bolsa, ogulmy-gyzy ertir lukmanyň otagyna baranymyzda oýnarys. Bu gün  bize açyk meýdan, gülälekli gollar, ysmankly ýaýlalar, ak kömelekler garaşýar. 
Uzakly gün  giň ýaýlada ýaýnan çagalar begençden ýaňa dylym-dylym edip gelişlerine ejeleriniň ýanyna ýetmäge howlukdylar. 
— Eje, biz ogulmy-gyz oýnadyk. Biz bilen  gelnejemem,  Röwşenem oýnady. Röwşen gelnejemden utuldy. Men bolsa Rahymy utdum. Soň biz kömelek tapdyk, ysmanagam ýygdyk. 
Gaýyn ene gelniniň toýlydygyny güman etse-de, hiç zady takyk bilenokdy. Körpe gyzynyň habary enäni arzuw atyna atardy. Ol  basym ene boljakdygyna begenip, utanjyndan ýaňa çym-gyzyl bolan  Gülsoltanyň  maňlaýyndan mähir bilen öpdi. 
— Siz gelýänçäňiz, men hamyr edip goýdum. Agşamlyk kömelekli gutap iýeliň. Şorja zat küýsäp duransyňyz şü çak,  balalam.
Gaýyn enesiniň hozanaklap ýörşüni gören Gülsoltan baldyzy bilen  kömelekleri ýuwup,, arassalap, taýyn etdi. Agşamlyk maşgala uly saçagyň başynda jemlenende gaýyn enesi usullyk  bilen Gülsoltanyň öňüne iki sany şorja kömelegi süýşürdi.
 – Al, balam, çekinme-de iý şulary, seň göwnüň isleýän zadyny gaýyn eneň bilýändir, noş bolsun—diýdi.
Gülsoltan gaýyn enesiniň mähremligine, uly maşgalanyň agzybirligine guwanyp, uzakly gijesini süýji hyýallarda geçirdi. Ertesi irden Gülsoltan bilen Röwşen etrap merkezine gitdiler. Röwşen lukmanyň otagyndan çykan gelni ýanyna ýetýänçä, garaşyp bilmedi:
— Ogulmy-gyz?
— Biri ogul, biri gyz.
Begenji içine sygmadyk Röwşen gygyrman zordan saklandy. Ýaşlar  buşluk habaryny oba ýetirmäge howlukdylar…

Ogulgerek USSAÝEWA.

Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle