| |

Ogullaryma sargyt

Ogullaryma sargyt OGULLARYMA SARGYT

Men size bir zady öwredip bilsem,
Ony guýup bilsem ýüreklerňize,
Özümden razy bolardym her dem,
Hiç haçan utanman garardym size.

Ýöne bu sözlemden gözläp bir many,
Meniň göreçlerme bakmaň-da geňläp,
Getiriň siz göz öňüne sähramy,
Ol bir täsin baga durandyr meňzäp,

Söýüň siz şol bagy,
Emma pellere,
Atyzlara-böleklere bölmäň siz.
Bölmäň ýapraklara hem-de güllere,
Şahalara, pudaklara bölmäň siz.

Daragtlara bölmäň…
Şeýdilen çagy,
Ynanyň, oň sizden öýkesi kändir.
Çünki söýmek üçin giden bir bagy,
Bir şahany söýmek ýeterlik däldir.

Şoň üçin, ogullam, şu giň sährany
Şu giňligi bilen ýaş kalba gaplap,
Guwanyň, buýsanyň, söýüň siz ony,
Gezmäň onuň böleklerin hasaplap.

Bölmäň ony baýyrlara, daglara,
Derýalara bölmäň, köllere bölmäň.
Bölmäň ony çöllere ýa baglara,
Ýodalara bölmäň, ýollara bölmäň.

Şabatlara, murgaplara bölmäň-de,
Sumbarlara, lebaplara bölmäň-de,
Söýüň ony, söýüň bar durky bilen,
Ähli öwüşgini, reňki bilen.

Diňe şeýle söýgiň,
Hakyky söýgiň
Ornandygyn bilsem ýüreklerňize,
Men sizden razy bolardym baky,
Hem mydam buýsanyp gezerdim size.

* * *

Degme, azar berme çagalarmyza,
Ýene-de birsellem oýnasyn olar.
Deň-duşlamyň, dost-ýarlamyň deňinde
Öýmüze dolanyp gelseler bolar.

Biz bolsa oňa çen saçlaryň agyn
Hem şäher agşamnyň güwwüldisini
Unudyp, hyýalda çykaly sähra,
Diňläli, gül ýaşlygmyzyň sesini.

Obanyň çetini ýassanyp ýatan
Ýazyň gök begresin geýnen baýyrdan
Ýalbyrap, durşuňa näz bolup düş sen,
Al-elwan gülleri çöpläp her ýerden.

Menem gyr-atymy sürüp geleýin,
Gyzaryp, maňlaýdan syraýyn derim.
Ýuwduna-ýuwduna, aýdaýyn ahyr
Ýürekdäki besläp ýören sözlerim.
Utansaň, hiç hili jogap gaýtarman,
Şol ala öýmäňi «ogurlat» ýele.
Atdan düşüp, alyp biýrin men ony,
diňe şonda «sag bol» diýseň näz bile,

Düşünerin, göz ýetirin şo bada
Bagtyň meni alyp barýanna niräk.
Gyr at bolsa bu ajaýyp pursady
Buşlamaga eňer jylawun süýräp.

Belki, ýaşlygymyzy gaýtaryp getirer
Şeýle ajap, şeýle täsin pursatlar.
…Degme, azar berme çagalarmyza,
Ýene-de birsellem oýnasyn olar.

Italmaz NURYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle