|

Ogluma pent

Ogluma pent OGLUMA PENT

Ogluma pent

Adamyň başy gowgaly
Ýöne çökermegin köňlüň.
Bu dünýäniň kändir aly,
Nur ýüzüň bolmasyn galyň.

Aga ak diýmegi başar,
Ýüregiň bolmasyn gara.
Dost aýbyny açma, ýaşyr,
Il-günüň derdine ýara.

Il hanjak?! Senem ugrdaş git,
Akymyň tersine ýüzme.
Ölçerip, sanap ädim ät,
Pul mesisi bolup azma.

Diýrler baýlyk eliň kiri,
Başyňa salmasyn bela.
Päk niýet döwletiň ýary —
Iliň bolsun saňa gala.

Durmuşam humar mysaly
Utduň-utuldyň parhy ýok.
Ýaşama namartlar ýaly,
Kalbyňa ýoldaş bolsun Hak.

Goldamaga dost-ýar gerek,
Durmuşda bolma gury san.
Ömürlik söwer ýar gerek,
Gaýgyrma il-gün üçin jan.

Soňky sözüm nesihatym
Haklawergin Ahmet adyň.
Sensiň nesil-dowamatym,
Sönmäwersin ojak-oduň.

Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle