Oglan bilen kör
Oglan bilen kör
Oglan tirkäp barýar,
Batyl gojany.
Kör ýagdyrýar sowal üste sowaly,
Ýaňyja dil biten çaga mysaly.
Seret, oglum, töwerekde näme bar?
— Ata, hon-ha, çagajyklar oýnaýar,
Birisiniň topy bar,
Beýlekide oýnawaç.
Gökde bolsa gaýyp ýör,
Hezil edip garlawaç.
— Seret, oglum, gözleriňe döneýin.
Bu köçede ýene täsin näme bar?
Oglan diňe öz görenin sanaýar.
— Pişijegi kowalaýar gürjüjik,
Özem, ata, olar örän kiçijik…
Şeýdip oglan öz görenin sanaýar,
Kör dünýäni çaga bolup synlaýar.
Annaguly NURMÄMMEDOW. Goşgular