|

Obama geliñ

Obama geliñ OBAMA GELIÑ

Obama geliñ

Myhmanyna giñden açyk gujagy,
Obamda bir gije ýatmaga geliñ.
Açykdyr mukaddes duzly saçagy
Şol mukaddes duzdan datmaga geliň.

Al-elwan gül juwan göwnüñi açar,
Yhlasyn siñdiren myradyn tapar.
Her dereden joşup bir çeşme akar,
Sizem şygyr bolup akmaga geliň.

Joşa gelýäň atyr ysly gijeler,
Şonda bilbil saz çalmaga tijener.
Daglarynda müň bir mukam gizlener,
Aýdylmadyk aýdym tapmaga geliň.

Dostlar, şahyr gözi bilen diýaryň,
Synlaň belent başly goja çynaryn.
Säher bilen gelip, Muhammetmyradyň
Ili bilen göwün açmaga geliň!

* * *

Bereketden doludyr,
Bereketli saçagy.
Myhman üçin açykdyr,
Dagly obaň gujagy.

Mähir-muhabbet bilen,
Myhmanyny eý görer.
Her gezek myhman gelse,
Obam bir gez beýgeler.

Geliň, mydam Nohurym
Myhmanyň intizary.
Sizem biraz beýgeldiň,
Ýene gelip diýary.

* * *

Siz gelip, eziz dostlar,
Dar öýümi giňeltdiňiz.
Mejalsyz ýüregime
Jan berip direltdiňiz.

Siz gidip, eziz dostlar,
Giň öýüm daraltdyňyz.
Ýa mährim sowapmydyr
Gelmäni azaltdyňyz!

Muhammetmyrat MEREDOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle