Obada säher
Obada säher
Ir bilen oýanýaň guşlaň sesine,
Ýaňy dogan Güne berýärsiň salam.
Seret, Asman tebigaty ýuwupdyr,
Tämizlik gatypdyr goýnuna howaň.
Asmandan ýapragyň üstüne düşüp,
Tozandan, kimirden tämizlän nurlar
Ýaprajygyň bir künjünden aslyşyp,
Topraga gaçmaga gorkuşyp durlar.
Her gün irden howlyňyzy süpürýän
Gelniň sübsesini alyp eline,
Süpürere ýer tapanok,
Aý, asman
Bu gün asla iş goýmandyr geline.
Gözüň gamaşdyryp Günüň tygyna,
Eşidýärsiň tanyş güžžüldiň sesin.
Ejeň sygyr sagýar,
Göwüslek sygyr
Berýär agşam berlen iýmiň miwesin.
Hanha, eýýäm pişigňizi kowlap ýör
Goh turuzyp garagolja güjügňiz.
Gelniňem ýüzüňe syrly ýylgyrýar
(Goý, ýylgyrsyn, basym doljak gujagňyz).
Hem söz gatýar:
“Ýatyberiň ahyry,
Ýaňy ýediň ýary bolupdyr sagat.”
Ýok, bu säher uka gark bolmak gahat,
Öýde oturmaga ýetjekmi takat?!
Ýagyşdan ýadygär galan anbary
Çar tarapa pürküp durka tebigat,
Ullakan harmandan galyp barýan dek
Daşa atygsarsyň,
Ýetäýmez takat.
Ak säher kalbyňa berer-de ganat
Duýulmaz bir bagta gark eder seni:
Şeýdip, iliň-günüň abatlygynda
Başlar obalylaň ýene bir güni.
09. 05. 2010 ýyl Goşgular