Obada gijöýlän
Obada gijöýlän
Dünýäň o çetine aýlanan Günüň
Güýjüni gaçyran soluk şöhlesi
Aslyşyp dur baglaň şahalaryndan,
Kyn görýän dek öçmegi.
Gür baglykda mesgen tutan guşlaram
Aýdýarlar bu günüň soňky aýdymyn.
Assa-ýuwaş nyşan görnüp başlady
Ýaňy dogan orak ýaly Aýdanam.
…Gölesin emdiren göwüslek sygyr
Hiç zada parh etmän gemirýär iýmin.
…Ýaňja sygyr sagyp gelen ejemem
Söndüripdir bişen palawyň düýbün.
Ana, bir ýyldyz hem dogdy asmanda,
Meger, bolup bilse “Ömürzaýadyr”
Başda dogmak nähili kyn.
Birazdan
Söner ýyldyz (Gör, ol kimiň paýydyr).
Halys oýna gyzan çagalaryny
Öýlere çagyrýar juwan ejeler.
Ejeler hem çagalary diýmeseň,
Hereketem azalypdyr köçede.
Diňe köçäň o çetinden üýşüşip,
Pagtaçy gelinler otagdan gelýär.
…Eýýäm “Ömürzaýa” gözden ýitipdir,
Beýleki ýyldyzlar barha köpelýär.
13. 05. 2010 ýyl Goşgular