|

Oba göçer

Oba göçer OBA GÖÇER

Düşünmezden manysyna oýunyñ
Çagakak oýnardyk goýup aýada,
Alyp çigildemiñ oba göçerin
Sanardyk sanawaç şeýle manyda:

Oba göçer, oba göçer,
Obamyz nirä göçer?

Emma gulpagymyz örüme girip,
Ätlän mahalymyz başga bir dünýä.
Düşündik bu dünýäñ oýun däldigne,
Adam şeýdip dünýä kem-kem düşünýä.

Çagalykdan soñam çigildem gülnüñ
Oba görk berişin synlap durupdyk.
«Oba göçer» diýen şol sanawajyñ
Has başgarak ekenligin duýupdyk;

Oba göçer, oba göçer,
Obamyz nirä göçer?
Haýsy obañ ýigidi,
Meniñ bagtymy açar?

Gözel SARLY gyzy. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle