Degişmeler | Kitapcy | Sözler
O dünýä sögünç gidenokmy?
O dünýä sögünç gidenokmy?
Iki adam urşupdyr. Olar gyzyl ýumruk bolup durkalar, biri-birine agzyndan gelen hapa-paýyş sözleri aýdypdyr.
Olaryñ biri birdenkä säginip, şeýle diýipdir:
— Eý gurrumsak — diýipdir. — Meniñ ejemiñ ölenine on ýyl geçdi. Näçe sögseñem oña gitmeýär.
— Onda señ kakañ…
— Ha-ha-ha. Kakamam sekiz ýyl öñ öldi. Seniñ sögünçleriñ oña gidenok!
Sögünip duranyñ muña belli-beter gahary gelipdir:
— O nä pohuñy iýýäñ! Ruhlaryna Elham okañda gidýär-de, sögeñde gidenokmyşmy?!
