|

Nyzamy Genjewiniñ kasydalaryndan

Nyzamy Genjewiniñ kasydalaryndan

Gündogaryň taýsyz şahyrlarynyň biri Nyzamy Genjewi Azerbaýjanyň Genji şäherinde dünýä inipdir. Onuň haçan dünýä inendigi barada maglumat bolmasa-da, VI asyryň ahyrlarynda, VII asyryň birinji ýarymynda, ýagny 1180-1202-nji ýyllar  aralygynda, altmyş üç ýaşynyň içinde aradan çykandygy barada, bu beýik şahyry ilik-düwme öwrenip, bu baradaky ylmy-barlag işleri üçin 1949-njy ýylda SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp bolan  SSSR YA-nyň habarçy agzasy, professor Ýewgeniý Eduardowiç Bertels özüniň "Низами и  Физули" diýen belli işinde belläp geçýär. Nyzamy Genjewiniň ejesi Yrakly kürtleriň gyzy bolupdyr. Ýöne Nyzamy Genjewiniň  doglan ýyly barada maglumatyň bolmaýşy ýaly, onuň çagalyk, ýigitlik ýyllary barada-da hiç hili maglumat galmandyr.
"Juda beýik zehine eýe bolan Nyzamy Genjewi daýhanlara bagyşlap ýazan poemasyny ýaş wagty, Genji şäheriniň daýhanlarynyň durmuşyna  bagşlap ýazypdyr" diýip, onuň   döredijiligini öwreniji alymlar hasap edýärler. Emma bu beýik zehine eýe bolan, görlüp-eşidilmedik  akyl-parasada ýugrulan ynsanyň nähili bilim alandygy, gün-güzeranynyň neneň bolandygy  henize- bu güne çenli düşnüksiz bolmagynda galýar.
Şeýle-de bolsa, Nyzamy Genjewiniň ýaşlykda  öz döwrüniň ajaýyp bilim- düşünje mirasyna eýe bolandygyny aýtmagymyz gerek. Ol arap dilini juda gowy bilipdir. Mundan başga- da tutuş gündogaryň pähim-paýhas mirasyna  eýe bolandygyny  bellemek bolar.
Nyzamy Genjewi öz tebigaty boýunça juda zehinli ynsan bolupdyr. Ol Gündogarda ilkinjileriň biri  bolup  „Hamsa“ eserini döredipdir. Ol  bu eserine  “Şirin- Perhat“ ,  „Ýusup- Zyleýha“, „Isgendernama“ ýaly eserlerinden ybarat bäş  dessany jemläpdir.
Beýik şahyryň bu eseri gündogaryň beýik akyldar şahyrlary Abdyrahman Jamy, Alyşir Nowaýy, Abdylla  Rudaky, Hysrow Dählewi, Nasyr Hosraw, Sady Şirazy ýaly  gaty köp şahyrlar üçin ylham, güýç alyş çeşmesi bolupdyr. 
Nyzamy Genjewiden soň gündogarda „Hamsa“ eserini döredenleriň  hem birnäçesi bar.
Beýik akyldar şahyr mundan başga-da,  birnäçe  poema döredipdir. Şolardan  “Ýedi peýker“  poemasy külli adamzat üçin  duýgynyň we täzeçilligiň giden bir çeperçilik hazynasy bolup durýar.
Nyzamy Genjewi gündogarda dörän asylly däplere görä, birnäçe kasyda hem döredipdir.
Beýik akyldaryň kasydalary öňden  gelýän  däp bolşy ýaly, patyşalaryň, wezirleriň, şazadalaryň, wezir-wekilleriň, beýleki köşk adamlarynyň öwgüsine bagyşlanmandyr.
Ol kasydalarynda her bir ynsanyň ýüreginde, kalbynda, duýgusynda bolup geçýän täsirli ýagdaýar barada inçelik bilen ýazýar.

Ol bir kadysasynda:
                                 
„Köňül jünbüşe gelmiş, gozgalaň tapdy kerwen,
Göçi bagla, mülki tenden,  indi jan kesbi maman.

Nala birle, ýola düşgül, çopandyr rahnama,
Kerweniň halkasynda  gayrçak  ýaly haman.

Halka içre gireniň hak, çäresizdir gol-aýak,
Gaňyrçak dek haly birle, ýola düşgül, be-aman.

Köňlüň içre rahat bol, ýola aýlar gaňyrçak,
Ýurta bir kiçi gulluk, halka hem aýlar pygan.

Gaňyrçak mazur tütün, diýr ezdi dilin, derdi dil,
Halka ondan hem harap, dilin aýlar imtihan.

Döwlet yzlap mezhur içre, maly dünýä deň etmez,
Berilmez Ýusup deý bir gul, gulan bolmaz arguwan.

Kesp etdi hikmet ýolundan, böri hikmet çeşmesi,
Aýby böriniň aýbydyr hem hikmet ol, bil komran…

Gör, gaý içinde ýitirdiň, gijemi-gündizmi dik dur,
Erkin dek bolup gezendir, Haýdardyr almagy buýran.

Adam üçin bolmaýaň sen,döwmi ýa ol ýada melek,
Ertäniň bolsun suraty, bu günki bor ondan nyşan…”

— diýmek bilen, ynsanyň dünýäniň, tebigatyň, Taňrynyň  öňünde päkize bolup, mydam dogry, umytly bolmalydygyny, şeýle ýagşy niýetler içinde ýaşan ynsana Beýik Perwerdigäriň mydam hemaýat edip, ony umydyna ýetirjekdigini nygtaýar.
  Biz  şu ýerde bu beýik akyldar  şahyryň  döreden kasydylarynyň birnäçesini getirmegi makul bildik.

▶ Nyzamy Genjewiniň kasydalaryndan

Köňül jünbüşe gelmiş, gozgalaň tapdy kerwen,
Göçi bagla, mülki tenden,  indi jan kesbi maman.

Nala birle,ýola düşgül, çopandyr rahnama,
Kerweniň halkasynda  gayrçak  ýaly haman.

Halka içre gireniň hak, çäresizdir gol-aýak,
Gaňyrçak dek haly birle, ýola düşgül, be-aman.

Köňlüň içre rahat bol, ýola aýlar gaňyrçak,
Ýurta bir kiçi gulluk, halka hem aýlar pygan.

Gaňyrçak mazur tütün, diýr ezdi  dilin, derdi dil,
Halka ondan hem harap, dilin aýlar imtihan.

Döwlet yzlap mezhur içre, maly dünýä deň etmez,
Berilmez Ýusup deý bir gul, Gulan bolmaz arguwan.

Kesp etdi hikmet ýolundan,  böri hikmet çeşmesi,
Aýby böriniň aýbydyr,hem  hikmet ol, bil komran…

Gör, gaý içinde ýitirdiň, gijemi-gündizmi dik dur,
 Erkin dek bolup gezendir, Haýdardyr almagy buýran.

Adam üçin bolmaýaň sen,döwmi ýa ol ýa-da melek,
Ertäniň bolsun suraty, bu günki bor ondan nyşan.

Hindiler deý  garalykda  bir nesipdirler, ýa müň,
 Hindi bor ogry ýa aljak, hindiler bor posban.

* * *

Bu gülşende garalykdan egilmişdir kemerim,
Şaha bakyň, atasyndan nedir, tapar semerim.

Daragtymda ne saýa bar, ne miwe bar ýekeje,
Howadaşlar tolkunyndan döküldi bary barym.

Pelek kaddyn egip maňa, gabra kowmaga meşgul,
Sakal-saçym ak kür berer şondan bardyr habarym.

Agyzda iki dişim erdi,ap-akja dişlerim dür,
Pelek zulmy bilen dökülmiş bu göwherim.

Döküldi göwherim, ýyldyzçy men, Ömri kükeden,
Gyzardy maşrykçy ömrüm, çekip ýyldyz säherim.

Ömrüm ahyra geldi, indi men baş ogla mysal,
Harabazarda ýol boldum, düzedip oýun-perim.

Egildi kamatym meniň, boş ýere maýýl boldy ol,
Meni  ýere salar, saç-sakal ar-namys samarym.

Egilmiş kaddy-kamatym, Etegme degmesin diýp gan,
Gözümden akan hun juda agryp jigerim.

Düşdi başyma ap-ak gar, basar ol ahyr gelip,
Bedeniň jaýy düşmezmi, basyp şundan hatarym.

Eger köp bolsa çakyňdan, erän suwlar galar ondan,
Gözlerimden suw çekdiler, ýaşlaryma jogabym.

Ejizligim şunça boldy, saýa dek köp  soralaryn.
 Il maňa tapa bolmasa, özümden açylaryn.

Meni hiç kim  eýlemez ýat, ejizligim sebäpdir,
Asyl  kimleriň diline düşsün meniň güzerim.

Ejizlik kamatym aýlap, saýratdy meni ençe,
Ajal tiriniň wehimi, ýok indi meň syparym.

Kagyzdan akja tümen, men neneň perwaz etmäýin,
 Ejizlik zarlygynda kim seniň kidir ähli perman.

Jahan bossanynda ýar umydym terk bolup gitdi
 Barym dula goýup, şahymdan azalygy sejeram.

 Bagyň miwesi deý, şoh kaddy dikeldi, emma,
Meniň kalbym egilmiş, saçylyp, biten samarym.

Egildi başym  owwal bor, elimde näme galdy,
Ajal hökmün ýetirdi, ençe gorkup hem hazarym.
 
Ejiz gözler ýaşy bilen ýüzlerini ýuwarlar,
Sapara gitdi dostlarymň köpi, ýakyn saparym.

Ömür ötdi, günäm günbe-gün artyp barar hergiz,
Gezer men elde basym, hem, egik kamat we serim.

Tenim hiç lerzandan dynmaz, gollarym titremekden hiç,
Niçik şatlyk meýi bolsun, şat bolamda içerim.

Hylwat tapmadym men, ahyr dünýäden köp çekip gam.
Bolar agzymda zakgun, lukma nan ýalňyz şikarym.

Bu guşan suwy höwese hem indi ýük işim,
Eger Isanyň deminden esa  hem bu zarymdan.

Gollarymdan gitdi ýaşlyk, serwi  boýy bilen bu gün,
Hünär yzlamagyl menden bu gün toprunyň özi aýyp,
Aýypdan batar indi bu gün böri hünärim…

Taýýarlan: Öwezdurdy NEPESOW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle