|

Nusga

Nusga NUSGA

Rus şahyrynyñ äheñinde

Oña atuw berdiler, ol bolsa bu gijesin
Ýatman gezip geçirdi.
Ýüreginiñ ganyna täze aýdymlaryny
Garyp-ezip geçirdi.

Dañam atyp ýör eýýäm, çaýyp tylla şapagyn,
Ýatyr bendi adamlar.
Ony porky zyndandan alyp çykdy bir topar
Adamzatdan azanlar.

Dünýämizde dünýe deý bu akylly, bu geñ baş
Durşy bilen akyldy:
«Ýel ganatyn kakmasyn, degirmen gan çekmesin!» ¹
Her diýeni nakyldy.

Dünýämizde dünýe deý bu mizemez geñ göwre
Durşy bilen manydy.
Atylsa-da ýok onuñ asyl öljek gümany,
Galanlar oñ janydy.

Olar onu şu günem şol birsyhly ýatlaýar,
Dirileriñ deñinde.
Bilýänsiñ gitlerçileñ masgaralar bolanyn
Bütin dünýäñ öñünde.

Bu adam şu günlerem bütin dünýä ýañ salyp
Ýören joşgunly sildir.
Bu gerçek dünýämizde mertlige nusga bolup
Galan Musa Jelildir!

___________________________________
¹ Musa Jelilden.

Anna GURTGELDIÝEW.

«Edebiýat we sungat» gazeti, 1986. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle