|

Nury-didäm amanmyñ!

Nury-didäm amanmyñ! NURY-DIDÄM AMANMYÑ!

Nury-didäm amanmyñ!

Nury didäm!
Başyñ sagmy? Amanmyñ?!
Aladalar bilen güýmäp özüñi,
Ýaşap ýörmüñ bu barlygyñ goýnunda,
Unutdyñmy on dokuzyñ ýazyny?

Gijeler erteki, gündizler baýram!
Günler, aýlar geçip gitdi suw ýaly.
Herimizi bir ýerlerden çykardy
Täleýiñ mañlaýa ýazan ykbaly.

Deregñi tutmady hiç mahal hiç kes,
Aýdymlarym gussa bilen eýlendi.
Ömrümi elekläp bagty gözlesem,
Ýene senli günler öñe saýlandy.

Belki, indi aýtmaly hem däldirin,
Gözlegde geçenin ýaşan ýaşymyñ.
Ynsan bagtly wagtyn özi duýmaýar.
Islemändiñ çytylmagny gaşymyñ

Nem gutarsa ýaşym bilen suwaryp,
Guratman sakladym söýgi daragtyn.
Garadagym! Janyñ sagmy, amanmyñ?
Başyñ dikligini bilmegim — bagtym.

Enejan HANGULYÝEWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle