Nurjemala iberilmedik hat
Nurjemala iberilmedik hat
Näçe ýyllap, men aýgyda gelmedim,
Wagt bejerer öýdüp.
Ýürek awusyn.
Ahyry şu haty
Ýazman bilmedim,
Täleýimden uçup giden tawusym.
Öňe men adybir görküň unutman,
Şo günem ýadymda galdy düýş ýaly.
Hem penjiräň aňyrsynda bulutlaň,
Geçmesi kyn pursat deýin süýşýäni.
Buýsanjaňdyň,
Üstesine gedemdiň,
Menem heniz aw görmedik ýekenil.
Şo pursat aýgytly pikir edemde,
Bagtymy bagryma basjak ekenim.
Başymdan geçensoň,
Boýun alýaryn,
Ýagşy-ýaman wakalaryň ençesin.
Açdy söýgiň ýeke sapar bolýanyn,
Soň sataşan gözelleriň sençesi.
Şonda tapan bolsam,
Eziz leglegim,
Has mylaýym ýolun göwne degmegiň;
Saçlaryň üstüme,
Saýa bolardy.
Ökünjem ömürlik,
Zaýa bolardy.
Bolmaz eken geçen günleň gaýdymy,
Senem indi äre çykdyň toý berip.
Şanyňa ilkinji,
Soňky aýdymy,
Ýazdym, ýöne bilmen saňa göýberip.
Ilmät GURBANOW.
«Galkynyş» gazeti, 28.01.1998 ý. Goşgular