|

Noýabr gijesi / hekaýa

Noýabr gijesi / hekaýa NOÝABR GIJESI

Ýene on günden, gaty gitse on bir günden adamlar noýabryň aýagyny görjekdiler. Howa diňe şoň üçin sowaýardy. Ýagyşam diňe şoň üçin ýagýardy. Ümüriň uzyn-uzyn gijeleň başyny alyp durmasy-da diňe şoň üçindi. Ýene kän-kän zatlara, meselem, köne, posly peçleriň gübür-gübür gyzarmasyna, şäheriň ileri çetindäki göz-gülben külbelerden girip-çykyp ýören aýal-ebtatyň dil birikdirip: “Gaz çekip beriň! Byl adamlar nä gyşda sowuga daňlyp ölmelimi? Özüňiz ýyly ýerden öreňizsoň bileňzok-da. Bir günjük şu taýda ýaşap görüň! Hm-m…” edişip, köçä çykmasyna sebäp bolanam şu. Başga hiç zadam däl.
Hekim işden giç öýlänler çykdy. Çykyşyna-da, dükana-beýlekä sowulman, beýikli-pesli, egrem bugram, darajyk, batgaly köçejiklerden seresaply ýöräp, şäheriň dag eteginde ýerleşýän bir otagly, öňi eýwanly öýüne /dogrusy, ol bu öýde kireýine ýaşaýardy/ dolandy. Öýde bir ýyl gowrak wagt bäri Hekim bilen bir ýassyga baş goýup ýören Näzik gelniň bir özi.
— Geldiňmi?
— Geläýen ýaly özüm-ä.
— Öýde-de buz öwüsýä.
— Daşardan-a ýyly.
— Aralykdaky işigi açyp, gazy ýakaýsag-a, ýylaram
welin, ballonam tükenip barýa, gyran degen. Gaz
paýlaýanlaram gara berenok. Puldan doýan ýaly.
— Oň üçin ballony tükedip oturmarys, odun
döwäýeris.
— Häzir döwjekmi?
— Be-eý, bilmedim-ow şony.
— Ýa ilki nahar iýip, bir käse çaý içjekmi?
— Nahar getiribilseň-ä, iýmäň gürrüňi ýok. Çaýam…
— Eşikleňňi çalşyr onda… Balagyňam o taýyny ylaý
edipsiň. Hany, beýläňe öwrül!.. Bu-uw-w, görer ýaly
däl onyň-a.
— Maňa diýme, how, köwşe diý!
— Hiý, beýle-de bir ylaý etmek bomy?!
— Ertir çotgalap berersiň-dä.
Hekim öý geýmine girýänçä, Näzik gelin ýalpak
tabaga salyp, gowrulan kartoşka getirdi. Soň çaýyň
ugruna çykdy.
— Sen iýjekgäm-ow?
— Men ýaňy iýdim.
— Ýene iý!
— Hany entek sen bir iý!
Hekim taýýar nahary gaty basym sümürdi. Soň boş
okara ümläp:
— Mynyň-a eýýäm gutardy – diýdi.
— Ýene iýjekmi? – diýip, Näzik gelin başam
barmagyny dişledi.
— “Sorap berenden, urup ber” diýen nakyly
eşitdiňmi?
Näzik gelin ýaýdandy. Ärine ätiýaçly bakyp, şeý
diýdi:
— Wah, kartoşka-da gutardy-da. Birazyrak un-a ba.
Bolmasa şondan bir zat edäýeýin?
— Şeýlemi?… Aý, ýok-la. Oňaryn-la. Hany, çaýyňy
bir demle!
— Jürnüginiň çykaýan ýerinden moý açan, uly jäç
çäýnegi orta alyp, çaý içdiler.
Näzik gelin aladaly gözlerini gyrpyljyradyp,
Hekime gep gatdy:
— Hojaýyna geçen aýyň puluny berensiň-ä?
— Hawa.
— Byl aýyňkynam-a bermeli.
— Byl aýyňkynam bermeli – diýip, Hekim gaýtalady.
– Aýlygy alamsoň nämedirin-dä. Şun aýyň näçesi? On
dokuzymy? Tä-äk, aýlyga çenli ýene näçe gün ba? Byl
aýdan-a on bir, dekabrdanam üç. On dört gün
bolaýýamy? Iki hepde. Hm…
— Gyýw, seň ýazýan zatlaňňa pul berlenokmy?
— Berilmeli öz-ä.
— Haçan?
— Şon-a özümem bilemok.
— Idärler! Ýogsam, biri alar.
— Hiç kimem alybilmez.
— Şonda-da…
— Be-e, kartoşka-da gutardy diýsene! Hany, ertir
bazara çykyp göreýin men. Birki kilejik kartoşka
alaýmasak, myndan-a ýagdaý bolmaz.
— Ýagam gözüňde bolsun!
— Bor… Çöreg-ä badyr-la entek?
— Çörek ba welin, ertire ýetmeýä.
— Birki buhanka alaýmaly bor-da.
— Gyýw, alaýaryn diýip, otyrsyň welin puluň bir
ýetjekmi?
— Ýetmese-de, ýetirmeli bor-da.
— Olam-a şeýledir.
Gezegi dymyşlyga berip, esli oturdylar.
— Hany, onda odun döwmeli bolsa, men döweýin –
diýip, Hekim birdenkä laňňa ýerinden galdy.
Äpişgeden daşaryny synlady.
— Bah, garaňky düşüp gidipdir-ow.
Hekim daş çykdy.
— Ýene ýagjak bi-ýä – diýip, Näzik gelinem onuň
yzy bilen çykdy.
Howa has-da sowapdy. Günüň dogýan tarapyndan
çygly şemal öwüsýärdi. Gara-gara bulutlar ýere juda
golaý gelipdiler. Ýagyş ýagjak-ýagjagyň üstündedi.
— Daglaň nämüçin görünmeýändigini bilýämiň
şumat? – diýip, Hekim ilerligine seredip, Näzik gelne
sowal berdi.
— Hawwa.
— Nämüçin?
— Garaňky-da. Şondan.
— Ýok, bilmediň.
— Onda nämeden?
— Şuwat öňüne bulut çökdi. Şondan. Ýagyş ýagjak
bolýar.
— Bol onda, döwjek bolsaň, döw odunňy ýagyş
başlamaka!
— Sen, how, beýdip, digdenekläp durma-da, bar, öýe
gir! Özüm döwerin.
Näzik gelin öýe girdi. Hekim öçügsi çyranyň aşagynda kütelişen palta bilen ullakan erik töňňesini maýdalamaga durdy. Ýagyş astynda galyp, bu töňňe mazaly çyg çekipdi. Ony bölek-büçek edip taşlaýmak Hekime hupbat baryny görkezdi. Ýarym sagada ýeter-ýetmez wagta aýalaryny, esasanam, çep eliniň (Bu Hekimiň ruçka tutýan eli) aýasyny gan-gabarçak edip taşlady. Soň çoýun peçde ot ýakdylar. Çyg çeken erik
töňňesiniň bölekleri wagty bilen tutuşmady. Ýöne Hekim tok kesilende gadyry gowy bilinýän onluk çyraň nepýagyndan biraz damdyrdy welin, peç gübürdeý-gübürdeý byzmak bilen boldy. Hekim Näzik gelne, Näzik gelinem Hekime seredip, ikisi bir wagtda, birenäýy ýylgyryşdylar.
— Biziň pejimiziň bir zady oňat – diýip, Hekim
aýagyndan jorabyny çykardy.
— Nämesi?
— Çoýun-da. Bir gyzsa, aňsat sowanok.
— Hawa…
— Häk, şuwat kömrüň gerek ýeri-dä.
— Gymmatdyr, hazan almyş!
— Gymmadam bolsa, bahasyna degýä.
— Salýarka diýsene! Ana, gowy zat.
— Salýarka tapmak aňsatdyr öýdýämiň şuwagt?
— Aňsad-a däldir-le…
— Şo çäýnekde çaý galdymy?
— Hawwa. Häzir.
Hekim sowap ugran çaýdan bir käse içdi. Näzik gelin:
— Oba-da gidip gelmeli – diýdi.
— Işden sypynsak nämederis-dä.
— Işden-ä sypma ýokdur.
— Aý, hany, biraz elimiz giňesin, onsoň göreris-dä.
Hekim gözlerini süzüp, agzyny giňden açyp, pallady. Pejiň ýylysy meýmiredip, ony halys kese ýykyp barýardy.
— Ýatmaly öýdýän.
— Gyýw, ir dämi entek? Dokuzam-a bolmandyr.
— Ir ýatsak kemem däl. Ertirem iş.
Näzik gelin burçda rejeli eplenip goýlan düşegi ýazdy. Ýassyk oklady. Ýorgan atdy. Hekim peje iki bölek odun saldy.
Soň çyra söndürildi.
— Bilim owum-döwüm bolup gelýä. Uzakly gün kir
ýuwaýdym-da – diýip, Näzik gelin ýorganyň içinde
gorsandy.
— Meňkem şeýle – diýip, Hekimem gorsandy. –
Ýogsam, kirem ýuwamok men-ä.
Ýene biraz gorsanyp, Näzik gelin şeý diýdi:
— Hekim! Şüýl gyş ir düşdi, hä?
Hekim:
— Hawa – diýip, gysgajyk jogap berdi.
Näzik gelin uka gitdi. Hekim onuň endigan dem
alşyny diňläp ýatyşyna, gözlerini berk ýumyp uklajak
boldy. Bolmady. Onsoň turup, çyrany ýakdy.
Aýaguçdaky saçakdan el ýaly çöregi bölüp aldy. Ony sowan çaý bilen iýdi. Soň Hekim bir ýerden kagyz, ýene bir ýerden ruçka tapdy. Çepbekeýläp, kagyzyň ýüzüne iki setir goşgy ýazdy:

“Bu zatlaryň bary maňa aýandyr.
Bary geçer, soň ýatlanar düýş ýaly”.

Ol üçünji setiri ýazjak bolup kän oturdy. Dördünji setir üçin kapyýa tapyp goýdy: üýşýäni! “Üýşýäni…
Üýşýäni… Ýada düşer garynjalaň üýşýäni… Garynja
nireden geld-aý bu ýere?” Bolmady. Ýazybilmedi.
Öňündäki kagyzy mynçgalady, tokgalady, pejiň içine
stdy. Çyrany öçürip, ýerine geçdi.
Daşardan ýakasy gaýyşly dekabryň “ähem-ühem”
edip, ardynjyraýan sesi eşdilýärdi. Öýde, pejiň içinde bolsa, çyg çeken erik töňňesiniň bölekleri şatyr-şatyr
edýärdi, ýanýardy, öýi ýyladýardy. Hekim ony duýup
ýatyrdy.

1993. Aşgabat.

Kakamyrat ATAÝEW Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle