|

Nowaýydan, Pyragydan

Nowaýydan, Pyragydan NOWAÝYDAN, PYRAGYDAN

Nowaýydan, Pyragydan

Eýa dostlar söýlemişem, Nowaýydan, Pyragydan,
Dünýe seýil çaglamyşam, Nowaýy deý, Pyragy deý.
Birje many añlamyşam, Nowaýydan, Pyragydan,
Bagrym para, daglamyşam, Nowaýy deý, Pyragy deý,
Parça dessan baglamyşam, Nowaýydan, Pyragydan.

Ownaýamyñ garry dünýe, säheriñ bar, öýle ýokdur,
Çyn ärlerde gadyr bardyr, öz wagtynda duýma ýokdur;
Hazynañda munça akyl, neçüýn oña uýma ýokdur,
Bu ummandan many susdum, dünýe senden doýma ýokdur —
diýip, säher aglamyşam, Nowaýy deý, Pyragy deý.

Bir naýynsap bulap biler, bu ullakan dünýäni hem,
Bir är ömri şugla saçar, ömür sönmez gün ýalydyr,
Dostuñ agzyny alartdyñ, iki dünýe günälidir,
Iki ynsany dost etmek, bir şahyryñ ykbalydyr,
Şu gün ony añlamyşam, Nowaýydan, Pyragydan.

Abdalyñ jindesin geýdim, serimde müñ hyýal birle,
Adawatdan daşa gaçdym, awara men sowal birle,
Diýdiler: «Bir nusga duşdum, bu ömürde dowam bile,
Çuñ manyny kitap açdym, tur ýeriñden togap eýle»,
Içinden dür baglamyşam, Nowaýydan, Pyragydan.

Perhat kimin yşga düşsem, gara daglar ýol berermi,
Aşyklara arman dünýe, dat eliñden ýalbarar men,
Budur Hakdan perman dünýe, ezýet çekip çalarar men,
Bu ummana suwsamyşam, ussatlara gol berer men,
Ömrüm boýy sygynmyşym, Nowaýyga, Pyragyga.

Toýly ÖWEZOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle