Nowahyl mowt (Alamut galasy) diýen ýerde höküm süren kapyr şalaryñ (haş-haşylar) beýany
Nowahyl mowt (Alamut galasy) diýen ýerde höküm süren kapyr şalaryñ (haş-haşylar) beýany
Olar sekiz adamdyr. 172 ýyl patyşalyk etdi. Olaryň başy Hasan Sabbahdyr. Taryhyň 483-nji ýylynda Berelmowit atly ýere bardy. Ol 30 ýyl onda mesgen tutdy. Onuň dine çagyryşynyň düýbi takwalykdy. Onuň ogly soňky hetdine barynça şerap içdi. Şonuň üçin ol ogluny öldürmegi buýurdy. Gürrüň bermeklerine görä, ol 25 ýyl bir galada ýaşapdyr. Bir gün zalymyň ýanyna çykmady, bir gezegem üç ädim daşary ýöredi. Onuň buýrugy bilen 20 sany yslam patyşalaryny öldürdiler. Ol öldi.
Bozorg Umyt Lemşerde galasynda beg bellenipdi. Bozorg Umydy öz ýerine mirasdüşer belläpdi. Ol 14 ýyl patyşalyk etdi. Onuň zamanynda jan-pidaçylar öldürildi. Müsterşidbillany Yrakda öldürdiler. Taryhyň 136-njy ýylynda Bozorg Umyt öldi. Ogly Muhammet atasynyň ýerine geçdi. Alym kişidi. Takwalyk bilen gaýypdan habarly bolmak barada köp kitaplar ýazdy.
Hijriniň 561-nji ýylynda Muhammet öldi. Ýerine ogly Muhammet geçdi. Ol musulman boldy. Metjitler saldy. Diýaryslamdan ymamlar hafyz adamlary getirdi. Ata-babalaryna gargynç aýtdy. Yslam patyşalaryndan dört hatyn aldy. Ejesi Haja bardy. Köp hudaýýoly berdi. 15 ýyl patyşalyk etdi.
Taryhyň 618-nji ýylynda aradan çykyp, Hakyň rehmetine gowuşdy. Ýerine ogly Alaeddin geçdi. Ýene-de musulmanlykdan çykyp, kapyr dinine goşuldy. Onuň zamanynda jan-pidaçylar tarapyndan Stambul şalaryndan kyrk kişisi öldürildi.
Taryhyň 653-nji ýylynda gargynç siňip, ýerine ogly Rukneddin Hurşah geçdi. 21 ýyl patyşalyk etdi. Soň Hulagu han inip, taryhyň 674-nji ýylynda ony we başga kapyrlary öldürdiler. Olaryň nesli dagady. Häzirki döwürde nowahyl mowit (ölüm ýurdy) diýilýän akym olaryň mezhebini tutýarlar. Taryhy makalalar