|

Nohur daglarym

Nohur daglarym NOHUR DAGLARYM

Nohur daglarym

Jahyllykda çar ýana
Atlar salan daglarym.
Zawlaryňdan zawyňa
Yzlar çalan daglarym.

Goýnuň doly arçadan,
Donuň haly, parçadan.
Sen owadan barçadan,
Ýürek halan daglarym.

Gaplaň gezer, şir gezer,
Awçylaryň nil gezer.
Adyň dünýä il gezer,
Hossar bolan daglarym.

Erem bagy Pirderäň,
Kalbymda Kerkawderäň,
Derdime derman teräň
Seniň bilen daglarym.

Aman, aman, eý, aman!
Gudraty kän Manaman. 
Bilýän, öwsem halamaň,
Ýüzme sylan daglarym.

Goş ýazdyrdym Keletde,
Oýa batdym elbetde:
Toba kylar erbet-de,
Saňa gelen daglarym.

Sen barkaň ýok hederim,
Başym gurban ederin.
Ýatyr sende pederim,
Menem balaň daglarym.

▶ OBAMYZDAN URŞA GIDEN ÝIGITLER

«Hoş gal, ene mekan» diýip gitdiler,
Obamyzdan urşa giden ýigitler.
Algyr laçyn bolup gözden ýitdiler,
Obamyzdan urşa giden ýigitler.

Halas etmek üçin Rumy, Pereňi,
Baş goýdular bag-bossanly eremi,
Daglayň arslany, şiri, peleňi,
Obamyzdan urşa giden ýigitler.

Garymlarda galdy kimçäň mazary,
Gulakda ýaňlanýar olaryň zary,
Düşek edip ýatdy aýazly gary,
Obamyzdan urşa giden ýigitler.

Gözlerinde galdy diýaryň keşbi,
Sazlarynda galdy gül ýaryň yşgy,
Yzlarynda galdy juwan ýaşlygy,
Obamyzdan urşa giden ýigitler.

Watanyň topragyn janyna deňäp,
Enäň tamdyrdaky nanyna deňäp,
At goýdular öňe duşmana çenäp, 
Obamyzdan urşa giden ýigitler.

Biri ýatyr Orsyýediň düzünde,
Biri ýandy faşistleriň közünde,
Ojagy ýykyldy birniň yzynda
Obamyzdan urşa giden ýigitleň.

Biri golak, biri çolak, biri ker,
Birden howp abansa Watana eger,
Bir adam deý bolup ýene direler,
Obamyzdan urşa giden ýigitler.

▶ AÝDYMYM

Lezzet berenok jana,
Niçikdir hal, aýdymym?
Neçüýn diňlämok gana,
Yzamy – ýol, gaýdymyň?

Çykýaň bir gün türküden,
Derwüşmiň il terk eden?
Irdim, tarka-tarkadan,
Doly sag-sol, aýdymym.

Kä owgan, kä arap sen,
Kä hindiden ýöräp sen.
Bilýän halyň harap seň,  
Owazyň del aýdymym.

Küýsäp kerwenbaşyňy,
Sykýaň gözden ýaşyňy.
Alypdyrlar daşyňy,
Talaňçy kän, aýdymym. 

«Ýary görüp, söýdümden,
Eý, waý, öldüm, köýdümden,
Dünýe senden doýdumdan…»
Başga zat däl, aýdymym. 

Ne burun bar, ne gulak,
Hany öňki gül bulak?
Medet ber sen, ýa pelek,
Gutardy gor, aýdymym. 

Teležkaly «bagşy» kän,
El derip, pul ýygşy kän.
Beýle «bagşy» bagşy däl,
Maňlaýy şor, aýdymym. 

Tahyr diýip, Tahyr däl,
Zahyr diýip, zahyr däl,
Şahyr diýip, şahyr däl,
Düşdüň lagar, aýdymym. 

Galara mejalyň ýok,
Nädeýin, alajym ýok.
Kesmäge gylyjym ýok,
Bol howandar, aýdymym. 

▶ «PYLAN PYLANYÝEWIÇ!»
 
Ady çykýar gazetde,
Indi altmyş ýyl bäri.
Ýer dawasy hakynda,
Ýazanlarynyň bary.

Gürrüňini diňleseň,
Akyl satan bolýar ol.
Özünden zory görse,
Pitjiň atan bolýar ol.

Saçyna ak girse-de,
Aň girmändir başyna.
Özi ýaly bisowat
Şepesi kän daşynda.

Seňki dogry diýmeseň,
Goýbermez hiç ýakaňy.
Otuzynjy ýyllarda
Likbez eken okany.

Häzirem bar, işläp ýör,
«Pylan Pylanyýewiç!»
Durgunlyk döwründe-de,
«Pylan Pylanyýewiç!»

Üýtgedip gurmak döwri hem
«Göçme gyzyl baýdagy»
Elden giderenok hiç!
                                               
1989 ý.

▶ GALDY

Gözüm gözüňde galdy, 
Mahmal ýazyňda galdy.
Delmuryp kän garadym
Giden yzyňda galdy.

Geçip giden bahar kän,
Ötüp giden säher kän
Sensiz şäher, şäher däl,
Dünýäm özüňde galdy.

▶ MENIŇ

Geljege nazar aýladym,
Geçmişim uzakda meniň.
Il gezer haýyr-sahawat,
Etmişim duzakda meniň.

Her aýdym aýdan bagşy däl,
Her ýagan bahar ýagşy däl,
«Men zehin!» diýme, ýagşy däl,
Joşgunym uzukda meniň.

Halka ýetirip diliňi,
Bil, kemsidýäň öz iliňi.
Omraýma juwan biliňi,
Tanapyň gazykda seniň.

Köp söwdaýa baş goşup men,
Gamlanyp men, hem joşup men.
Baharlar sil deý daşyp men,
Gözýaşym ýazykda meniň.

▶ ET DÜKANYNDA

Dükana et geldi
Aryň güle çozuşy deý,
Üýşdi mähelle bary.
Ýaş-ýeleňem bolsa bardyr,
Ýetmişden geçen ýary.
Zähmet weterany bar,
Bar uruş weterany.
Nobatyna garaşýar.
Weterany öz öýnüň.
Eti gerek sygyr, goýnuň.
Pioneriň weterany,
Komsomolyň weterany,
Partiýanyň weterany,
Mesgen edip et dükany.
Döşlerini gerip durlar
Adam kän et nobatynda.
Dat gününe başlyklaryň
Çyn ýeri kän gybatyň-da,
Et ugrunda söweş gidýär
Weteranlaň arasynda
Şeýle merdem rota barka
Kim gaýratly bolsa eger
Et dükanyn talasyn-da?!
Et dükannyň ýeňsesinden
Çykýanlaryň sany az däl,
Şolaň birin tanaýan men
Elinde-de uly gaby
Kim ol? Niräň hojaýyny?
Aýdaýynmy? Ol meň tanşym –
Üýtgedip gurmak döwrüniň
Ýönekeý bir proraby. 

▶ EÝLEME

Güýje baýrynyp, göreni,
Özüňe duşman eýleme.
Dostuňy tana gözünden,
Soňundan puşman eýleme.

Sözüme galat diýme sen,
Gurşuna polat diýme sen,
Özüňi halat, oýla sen,
Ykbalyň paşman eýleme.

Açlyk gördüň, horluk gördüň,
Zarlyk gördüň, zorluk gördüň,
Orak bilen orlup gördüň,
Gözüňi ýaşdan eýleme.

Kerwen-kerwen il ötendir,
Ýol birigip, ýol ötendir.
Niçe saýrak dil ötendir,
Ömrüňi boşdan eýleme.

Sözüňi sowuryp ýele,
Sözlemäkäň oýlan ýene.
Aýatdaka ata-ene,
Gözüni ýaşdan eýleme.

Bar sende dolanmaz döwran,
Gadyryn bil gelmez öwran.
Ýetim oglan ursa jöwlan,
Göwnüňi daşdan eýleme.

Dünýä inip akyl eýle,
Ýola çykdyň – pikir eýle.
Janyň sagat – şükür eýle,
Ýazyň bar, gyşdan söýleme. 

▶ UÝDUK BIZ

Ençe ýyllap gorky bilen ýaşadyk, 
Gorky bilen aýdym aýtdyk, söýdük biz. 
«Ýüregimiz, diregimiz Stalin!»
Diýip, bu dünýäde bolduk göýdük biz. 

Sowet howasyna at dakan kişä, 
Sowet obasyna at dakan kişä
Sowet sowdasyna at dakýan kişä
«Türmede, sürgünde ornuň» diýdik biz. 

Hudaýa deňedik öwenlermizi, 
Gedaýa ýanadyk döwlenlermizi, 
Ýurtdan çykaryp kowanlarmyzy 
Töhmet ojagynda daglap iýdik biz 

Özlerinden öňkä atyp günäsin, 
Her gelen özüçe gurdy binasyn, 
Ýyl-ýyldan gurulmuş dünýän synasyn
Hem atalaň taglymatyn ýoýduk biz.

Halkym diýip jan berene gan berdik, 
Hil deregne weşeň-weşeň san berdik, 
Ahyrsoňy ýuwaş-ýuwaş ýan berdik
Berilen boş wadalardan doýduk biz. 
                            
1989ý.

▶ DÜNÝE

Gije-gündizler oturman, 
Ýürek umydyn ýitirmän, 
Garaşan oglun getirmän, 
Enemi neýlediň, dünýe? 

Zorlugy başdan geçirip, 
Gör nirleň suwun içirip, 
Ýanan çyragyn öçürip, 
Atamy goýmadyň dünýe. 

Dostlarymyň gowsun saýlap, 
Alyp gitdiň taýlap-taýlap. 
Gözlerimde ýaşym aýlap, 
Dökmäge goýmadyň, dünýe. 

Saňa gelen bolar aşyk, 
Barýar Güni, Aýy ýaşyp. 
Düşündim saňa, ýol aşyp, 
Doýdum, sen doýmadyň, dünýe. 

Hasratyň bar dagdan agyr, 
Gör, niçeler boldy ýagyr. 
Ýandy ýürek, köýdi bagyr, 
Köýdürdiň, köýmediň, dünýe. 

Eý adam sözle sözüňden, 
Tanasynlar goý gözüňden. 
Göwnüň geçmesin özüňden, 
Bakyýa taýmydyň dünýe. 

Nämeler samraýar dahan? 
Galat diýdim, ýokdur bahaň! 
Ne owadan älem-jahan! 
Syrymy ýaýmadyň, dünýe. 

Çöl içinde teşne boldum, 
Salgym däl-de, çeşme bolduň. 
Seniň bilen aşna boldum, 
Bigäne saýmadyň, dünýe. 

▶ «BESDIR INDI, NALAMA…»

Ilim-beýik soltanym, 
Öz ilimiň guly men. 
Kiçi bilen kiçi men, 
Uly bilen uly men. 

Ýola çykdym, şer gördüm, 
Şeri ýeňen ner gördüm. 
Maňlaýynda der gördüm
Aldym onuň tälimin. 

Däli men diwana men, 
Ýigrendim dawany men, 
Il beýik, guwana men 
Harlamasa alymyn. 

Gör kimseler jan çeken, 
Dünýeler pany eken, 
Kim kör, kim ker, lal eken, 
Alnyndaka zalymyň. 

Çeşme suwun bulan bar, 
Ata derek gulan bar. 
Ýamanlyk bar, ýalan bar, 
Berme onuň salymyn. 

Öz-özüňi talama, 
Sözüň sarp et halana, 
Besdir indi nalama, 
Saýrat döwet galamyn. 

▶ NAÝBADAÝ 

«Naýbadaýdyr ýoluň seniň…»
Magtymguly.

Pyragynyň ýolun yzlap, 
Ýollar söküp men, Naýbadaý. 
Sumbar, Etrek çaýlaryndan 
Guw deý akyp men, Naýbadaý. 

Direnip Soňudagyna 
Meňzärsen Erem bagyna. 
Seredip soly-sagyňa
Keşbiň çekip men, Naýbadaý.

Aýjemal çeşmäňe gurban, 
Içmän giden çeker arman. 
Howaň müň bir derde derman 
Gaýaň öpüp men, Naýbadaý.    

Üstüňden kerwen ötendir, 
Niçe gerçekler ýatandyr. 
Pyraga ata watandyr
Nagra çekip sen, Naýbadaý.

Goýnunda ol beýik ynsan 
Kän gezipdir messan-messan. 
Düzsem şygyr ýazsam dessan
Gözýaş döküp men, Naýbadaý. 

Dumanlydyr başyň mydam, 
Misli bahar gyşyň mydam. 
Uzak bolsun ýaşyň mydam, 
Arzuw kylyp men, Naýbadaý.

Gözüm eglendi gaýaňda, 
Saýgaklar gezer saýaňda. 
Sakladyň meni aýaňda, 
Dyza çöküp men, Naýbadaý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle