|

Nobel baýragyny almadyk ägirtler

Nobel baýragyny almadyk ägirtler NOBEL BAÝRAGYNY ALMADYK ÄGIRTLER

Nobel baýragyny almadyk ägirtler

Nobel baýragy häzirki döwürde edebiýat ugry boýunça gowşurylýan iň abraýly halkara baýragy hasap edilýär. Bu baýragyň eýeleriniň eserleri bada-bat dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girýär. Olaryň kitaplary onlarça dillere terjime edilip, bütin dünýäde meşhurlyga eýe bolýar. Dünýäniň iri kitap sergileridir bazarlarynda Nobel baýragyny alan ýazyjylaryň eserleriniň hyrydary köp bolup, olar iň islegli kitaplara öwrülýär. Emma şeýle şöhratly derejä mynasypdyklaryna garamazdan, dürli sebäplere görä, Nobel baýragy nesip etmedik ýazyjylar hem az däl.
Dünýäniň dürli ýerlerinde geçirilen pikirsoraşmalar netijesinde düzülýän sanawlarda atlarydyr eserleri iň meşhurlaryň hataryndan düşmän gelýän şeýle ýazyjylaryň, Nobel baýragyny almak miýesser etmedik hem bolsa, okyjylaryň ýüreginde ymykly orun alany belli.
Žurnalymyzyň şu sanynda „Nobel baýraksyz meşhurlaryň“ iň bellileriniň sanawyny okyjylara ýetirmegi makul bildik. Sanawda ýazyjylaryň atlary olaryň ýaşan ýyllaryna laýyklykda ýerleşdirildi.

1.Lew Tols­toý — «Uruş we pa­ra­hat­çy­lyk»
2.Emil Zol­ýa — «Ru­gon-Mak­kar­lar»
3.An­ton Çe­how — «Po­west­ler hem he­ka­ýa­lar»
4.Gen­ri Jeýms — «Il­çi­ler»
5.Hen­rik Ib­sen — «Gur­jak­ly jaý»
6.Aw­gust Strind­berg — «Gy­zyl otag»
7.Mark Twen — «Gekl­ber­ri Fin­niň baş­dan ge­çi­ren­le­ri»
8.Bo­les­law Prus — «Fa­ra­on»
9.Jeb­ran Ha­lyl Jeb­ran — «Py­gam­ber»
10.Alek­sandr Blok — «Şy­gyr­lar»
11.O.Gen­ri — «No­wel­la­lar»
12.Raý­ner Ma­ri­ýa Ril­ke — «Mal­te Lau­rids Brig­ge­niň hat­la­ry»
13.Ed­mon Ros­tan — «Si­ra­no de Ber­že­rak»
14.Ser­geý Ýe­se­nin — «Pu­gaç­ýow»
15.Jek Lon­don — «Mar­tin Iden»
16.Mar­sel Prust — «Ýi­ti­ri­len wag­tyň göz­le­gin­de»
17.Ýa­ros­law Ga­şek — «Ez­ber es­ger Şweý­kiň baş­dan ge­çi­ren­le­ri»
18.Frans Kaf­ka — «Öw­rü­liş»
19.Gen­rih Mann — «We­pa­dar»
20.Aku­ta­ga­wa Rü­nos­ke — «Sam­sy­gyň öm­ri»
21.Teo­dor Draý­zer — «Ame­ri­kan pa­jy­ga­sy»
22.Ita­lo Swe­wo — «Dze­no»
23.Dmit­riý Me­rež­kows­kiý — «Leo­nar­do Da Win­çi»
24.Ger­bert Wels — «Wagt sa­ra­dy­jy»
25.Mu­ham­med Yk­bal — «Maş­ryk­dan ha­bar»
26.Jeýms Joýs — «Uliss»
27.De­wid Ger­bert Lou­rens — «Älem­go­şar»
28.Wir­ji­nia Wulf — «De­ňiz yşy­gy»
29.Kons­tan­ti­nos Ka­wa­fis — «Şy­gyr­lar»
30.So­mer­set Mo­em — «Adam ar­zuw­la­ry­nyň je­bir-je­pa­sy»
31.Ka­rel Ça­pek — «Sa­la­mand­ra­lar bi­len uruş»
32.Hans Fal­la­da — «In­di nä­me, ki­çi­jik adam?»
33.Ni­kos Ka­zand­za­kis — «Grek hy­juw­la­ry»
34.Ri­çard Ol­ding­ton — «Gah­ry­ma­nyň ölü­mi»
35.Erih Ma­ri­ýa Re­mark — «Gün­ba­tar front üýt­gew­siz»
36.Jon Dos Pas­sos — «42-nji pa­ral­lel»
37.Fren­sis Skot Fitz­je­rald — «Be­ýik Gets­bi»
38.To­mas Wulf — «Öýe do­lan­ma ýok»
39.Mi­ha­il Bul­ga­kow — «Us­sat we Mar­ga­ri­ta»
40.And­reý Pla­to­now — «Çe­wen­gur»
41.An­tu­an De Sent-Ekz­ýu­pe­ri — «Adam­la­ryň pla­ne­ta­sy»
42.Ste­fan Sweýg — «Düýn­ki dün­ýä»
43.Li­on Feýht­wan­ger — «Op­per­man­la­ryň maş­ga­la­sy»
44.Fe­de­ri­ko Gar­sia Lor­ka — «Aý­dym­lar»
45.Ro­bert Mu­zil — «Hä­si­ýet­siz adam»
46.Iw­lin Wo — «Braýds­he­da do­la­nyş»
47.Uis­ten Hýu Oden — «Hä­zir­ki pur­sat»
48.Jorj Oruel — «1984»
49.Ber­told Breht — «Üç kö­pük­lik ope­ra»
50.Alf­red Döb­lin — «Ber­lin, Alek­san­derp­latz»
51.Lao Şe — «Pi­şik­ler şä­he­ri hak­da ýaz­gy­lar»
52.Wla­di­mir Na­bo­kow — «Je­za­lan­dy­ryl­ma­ga ça­ky­lyk»
53.Ol­dos Haks­li — «Kont­ra­punkt»
54.Ne­jip Fa­zyl — «Çi­le»
55.Ro­bert Penn Wor­ren — «Şa­nyň äh­li adam­la­ry»
56.Hor­he Lu­is Bor­hes — «Alef»
57.Di­no Bussa­ti — «Tar­ta­ri çö­li»
58.Hu­lio Kor­ta­sar — «Nus­ga­wy­lyk oý­ny»
59.Si­mo­na De Bo­wu­ar — «Gö­zel su­rat­lar»
60.Hor­he Semp­run — «Uzak ýol»
61.Ko­bo Abe — «Ama­nat ýüz»
62.Grem Grin — «Güýç we şöh­rat»
63.Jon Len­non — «Göz öňü­ňi­ze ge­ti­riň»
64.Ita­lo Kal­wi­no — «Eger sy­ýa­hat­çy bir gyş gi­je­si…»
65.Kar­los Kas­ta­ne­da — «Don Hua­nyň sa­pak­la­ry»
66.Jon Ap­daýk — «Tow­şan, gaç!»
67.Çi­nua Açe­be — «Äh­li­ zat­lar ýum­rul­ýar»
68.Çin­giz Aýt­ma­tow — «Je­mi­le»
69.Ežen Io­nes­ko — «Kerk»
70.Je­rom D.Se­lin­jer — «Ga­ýa­da­ky çö­püň üs­tün­de»
71.Reý Bred­be­ri — «Fa­ren­geýt 451»
72.Ri­çard Bah — «Ill­ýu­zi­ýa­lar»
73.De­ni­el Kiz — «El­jer­non üçin gül»
74.Aý­ris Mar­dok — «De­ňiz, de­ňiz»
75.In­ge­borg Bah­man — «Ma­li­na»
76.Maks Friş — «Ştil­ler»
77.Kurt Won­ne­gut — «Ýe­ňi­ji­ler üçin er­tir­lik»
78.Um­ber­to Eko — «Bä­gü­liň ady»
79.Ien Mak­ýu­en — «Şen­be»
80.Ha­ru­ki Mu­ra­ka­mi — «1Q84».

# «Dünýä edebiýaty» žurnalyndan. Edebiýat täzelikleri

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle