|

Nobatguly Rejebowdan goşgular

Nobatguly Rejebowdan goşgular GURBANNAZAR EZIZOWA

Sen güýzüň aşygy,
Güýzüň aýdymy,
Sen şygyr ýazardyň gamgyn güýz hakda.
Hasratly heň edip barýan durnalar
Seň setiriň bolup görnerdi hatda.

Halkyň şahyr bolup çüwäýen bagty,
Şahyr bolup çüwen bagty ilimiň,
(Şöhratly söz üçin bagyşla,
ýöne
Sen nä şondan pesi diýer ýalymyň).

Il günüň ruhuna — aýdyma sygnyp,
Hem sygryp şatlygyň-ahyň şygra sen,
Bu gün ajy habar bolup gelşiňe
Sen aga-da
Sen ýasa-da sygmadyň.

Asgyryp tur-da sen (bor how, oýun-da),
Çörek deý şygryň ýaz güýzüň hakynda
Hem okap ber edehediň boýunça
Käbir ýerde edep bilen sakyn-da.

…Güýz deý hasyllydyň,
bereketlidiň,
Miweli bag kimin egikdi seriň.
Başyn ýere urup aglaýar saňa
Ýürekden düşünen daragtlaň seniň.

Üzlem-saplam tozan güýzüň ahy deý
Gumak ýolda tüsse kimin suwlunýar.
Derekler atylýar jynssyz agy deý.
Sary sähra
Aglap bilmän ýuwdunýar.

Ýanýar, daragtlaryň ýapragy ýanýar.
Wah, gyrmady güýzüň derdi öňdenem…
Bu ot alan güýzi gözýaşlar bilen
Öçürersiň neneň,
Öçürjek neneň?!

* * *

POEZIÝA I

Poeziýa!
Men seniň yşgyňda gezdim,
Men seni kalbymda göterip geldim,
Göterip gezşi deý
ene garnynda
Ölen bäbejigin hamyla gelniň.

Poeziýa!
Sen ömrümiň bahasy,
Nesip etse, ölerin men eliňden
Bäbejigne goýup ýagty jahany
Ýaş üstünden gidişi deý gelinleň…

* * *

POEZIÝA II

Poeziýa saňa barym berdim men,
Galplyk ýokdur! Düşürmedim düşnügni
Gynanýan: düşnüksiz ömür sürdüm men,
Gynanýan: goşgulam juda düşnükli.

Kynçylykmy? — onuň ýakarys jantyn,
Ýaşa-da ýaz, ýaz-da ýaşa — jowranma!
Ömrüň ýaryn öljegime gynandym,
Galan ýaryn — gynanaryn doglanma.

* * *

«ÝAZYJY»

Onuň kellesine ýazmak pikiri
Haçan geldikän?
Belli däl!
Ýöne belli şondan soňra hiç pikiriň gelmäni,
Ýöne belli şondan soňra ulanmany kelläni.

Gijeler irginsiz ýazyp ýatyr ol,
Aýyny, Gününi ýazyp ýaşyr ol.
Ýazar goşgy, pýesa, roman, ýatlama…
Ne-hä bir rehim bar okyjy bendä,
Ne-de şepagat bar neşirýatlara.
Ýazyp ýatyp galypdyr ol durmuşdan,
Özem hondan bärsi — tumak durşuna,
Oba gitse — öwrenmäge däl,
Öwretmäge gider ol.
Oba gitse — görmäge däl durmuşy,
Özün görkezmäge gider durmuşa!

* * *

ŞAHYR GOŇŞULARYMA

Dünýä artyk berýän däldir hiç zady,
Kemmagal bolmasaň bermezem ol kem.
Oturşalyň, dostlar,
gülşeliň baky
Beýle bir kemmagal däldiris, belkem.

Şatlygmyzy paýlaşdyk biz pul ýaly,
Çekişdik gam ýüregmizi aýaman.
Bize «geldigeçer» diýdi panylar,
Bimanylar diýdi bize «eý, aman!»

Işledik düýbüne ýetmäge işiň,
Ýazdyk, şygyrlarmyz gögerdi ýerden.
Ýöne dünýä uly,
Ýöne dünýä giň
Ony şygyr bilen düzedäýerden.

Belkem, ýaş öleris,
belkem, biz… ýöne,
Galmaz kalbymyzda bir zerre arman.
Çünki ölmeris biz tutuş bir ömre
Berlen ähli güýjümizi gutarman.

Nobatguly REJEBOW Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle