|

Niýetiñ ýoldaşyñ bolsun! / gysga hekaýa

Niýetiñ ýoldaşyñ bolsun! / gysga hekaýa NIÝETIÑ ÝOLDAŞYÑ BOLSUN!

Niýetiñ ýoldaşyñ bolsun! / gysga hekaýa

Sylap Gurbangylyjowiçiň wezipesinden aýrylanyna (has takygy—boşadylanyna) ýedi-sekiz aý geçendir. Ol bu döwüriň içinde haşal ot basyp giden mellegini arassalap, dersläp ýorunja sepdi; jaynyň içini-daşyny düýpli abadanlaşdyrdy; Mekge-Medinä umra gidip geldi. «Öýde bikär oturyp, içimi hümledip oturmaýyn-la» diýip, bir kiçeňräk edara ýönekeý işgär bolup işe girdi. Bu täze işiniň gulluk ulagy bolmasa-da, işe hususy maşyny bilen gatnasa-da, öýündäkiler onuň dygysyz kellagyrydan dynanyna begendiler.
Günleriň bir güni Sylap Gurbangylyjowiç maşgalasy bilen çaý başynda oturan ýerinden telewizordan çykýan tanyş sese nazaryny öwürip:
—Eje, anha meni işden aýyran adam!—diýip, ejesine ýüzlenip, elini telewizora tarap salgady.
Ogultuwak gelneje «hyk-çoklap» ýerinden galkyp, telewizoryň alkymyna bardy-da, çykyş edip oturana ýüzlenýär:
—Niýetiň ýoldaşyň bolsun!
Üç-dört aý geçensoň, ýaňky ministiriň işde goýberen kemçilikleri üçin wezipesinden boşadylanlygy barada metbugatda habar berdiler.

© Kakajan BALKANOW. Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle