Nireden bilýärsiñ?!
Nireden bilýärsiñ?!

(Bäş ýaşlyja gyzyma)
Nireden bilýärsiň, nädip bilýärsiň
Kakaň şeýle mähre mätäçligini?!
Işden gelenimde, gollaryň gerip
«Kaka-a» diýip, ýüwrüp gelşiňe göni
Meniň gujagyma oklaýaň özüň,
Ah, şol pursat, şojagaz şat pursadam.
Söýgi bolup kürsäp girýär kalbyma
Seniň edil doluşyň deý gursaga.
Wah, melejik gyzym!
Gülejik gyzym!
Bilýäň jandan söýülýäniň aşa sen.
Seniň begenşiňi görmeklik üçin
Gitmäge-de taýýar her gün işe men.
Günler kisämdäki teňňe deý ýitip,
Kalbymda galdyryp bilenok yzyn.
Emma olarda seň barlygyň üçin,
Hersin sen deý bagra basýaryn gyzym,
Mähriban gyzym!
Goçmyrat ORAZBERDIÝEW. Goşgular