Nikolaý Rubsowdan goşgular
Nikolaý Rubsowdan goşgular

SÄHER
Şapakdan ot alyp, ýagtylyp barýan
Tokaý ukyň tümün syrýar serinden.
Sosnalaň kölgesi gaçypdyr derýa,
Şöhle akýar obaň köçelerinden.
Petiş howlularda ýylgyryp,
Güni
Ulular, çagalar garşy alanda,
Jaýlaň, gülli ýaýlaň gözelligini
Keýp edip synlaýan durup alaňda.
Köpriň üstündäki ýabyny hem-de
Gülli ýaýlalaram küýsäp gezdim men.
Bu görnüşi bolsa-da öz elimde,
Başga hili edip döretmezdim men…
HOŞLAŞYK AÝDYMY
Men giderin bu obadan, doňan gar
Hem galňas buz örter derýaň üstüni.
Gije derwezeler dynman jygyldar,
Howlyň hapa jolky basar sussuňy.
Uklar ejeň, sen çyrany öçirsiň,
Soň bolsa çal berýozalaň gabygna
Çalymdaş gijäni aglap geçirsiň,
Aglarsyň sen meniň biwepalygma.
Nämüçin sen başda gaş kakyp, söýüp,
Örten çagy batga şu çal mesgeni,
Bişen klýukwany aýaňda goýup,
Bigünä guş ýaly iýmlediň meni.
Eşidýärmiň, saraýda şuwlaýar şemal,
Eşidýärmiň, gyzym gülýär düýşünde.
Perişdeler bilen oýnaýandyr ol,
Hem uçýandyr, belki, gülýändir şonda.
Gam çekme hem çola duralga baryp,
Garaşma sen ýazda gämiň gelerne.
Gowsy, hoşlaşaly bir salym durup,
Gursakda duýgular durlansyn ýene.
Aýra-aýra guş biz, gezenden beýdip,
Diýeli, gel, gowsy “gutular gaçan”.
Belki, men ir-u-giç gelerin gaýdyp,
Belki, gelip bilmen indi hiç haçan.
SAZ ÇALNAN PURSADY
Gussaly sazlaryň çalnan pursady
Göz öňüne gelýär sary suw, ada.
Eşdilýär aýallaň hoşlaşýan sesi,
Hem güwlän berýoza düşüp dur ýada.
Ýada düşýär çal asman hem ilki gar,
Howry öçen meýdanlaryň alasy.
Ýada düşýär bir ynamdar ýola zar
Hem ýaňy gar kowan durnalaň sesi…
Kalbym birçak irdi sergezdanlykdan,
Undup köýen söýgiň serhoşlygyny.
Düşünildi, hiç peýda ýok ýanmakdan,
Şonuň üçin söýýän indi şu güni.
Ýöne saz çalynýar bu çagşan jaýda,
Synanma, ýok saklamaga hakyň-da.
Aglaşýar gyjaklar gür berip, saýda
Saralan suw hem-de söýgi hakynda.
Barybir, men bu asmanyň astynda
Görýän hem diňleýän gözýaşym saçyp,
Sary suwlaň ses-ä golaý aslynda,
Berýozaň güwleýşem eşdilýär açyk.
Hoşlaşyk baky deý uzakdyr gaty,
Wagt hasabam ýok ýaly bu arada…
Gussaly sazlaryň çalnan pursady
Diň salyň,
gürlemäň hiç zat barada.
ÇOLA ÝERDE
Tupandan soň asman
Ara açanda,
Kalbyma rahatlyk
Aralaşanda,
Başymy egdirip,
Çygly hem güri
Tallyga siňýär-de,
Irkilýär süri.
Keramatly toprak
Gülüp bakanda,
Hem mesän derýadan
Asman akanda,
Gamlanýan men
synlap
Bu zatlaň baryn,
Sebäbi ýanymda
Ýok meň dost-ýarym…
EKSPROMT
(Taýýarlyksyz ýazylan goşgy)
Gämilerde ýüzerin men,
Suw astynda gezerin men.
Giderin bedewli ýa-da
Goşhaltamy egne atyp,
Giderin paý-u-pyýada.
Sanap durmaýyn baryn men,
Öz ilimde ýaşaryn men.
ILKINJI GAR
Wah, söýmeýän barmy ilkinji gary?
Örtüp derýaň doň hanasyn, kenary,
Şuwlap oba, meýdanlara, tokaýa
Sepeläp dur şemal ilkinji gary.
Obalarda hasyl toýy toýlanýar,
Garmonyň üstünde gar tozgalanýar.
Ýalpyldaşyp ýatan garda,
Ylgaşyp barýan loslar-da,
Doňup galýar alysdaky kenarda.
Sen näme gamçyny saklaýaň elde?
Atlar çapyp barýar, sanýa ýeňil-le.
Düz ýoldan öňe okdurlan,
Sanýaň astyndan syçran gar
Sürsi ýaly ak kepderleň.
Wah, söýmeýän barmy ilkinji gary?
Örtüp derýaň doň hanasyn, kenary,
Şuwlap oba, meýdanlara, tokaýa
Sepeläp dur şemal ilkinji gary.
LEÝLISAÇ
Leýlisaç, sen näme ösüp otyrsyň,
Kenarynda gämi geçýän derýanyň.
Tolkunlary sypap, öpüp otyrsyň,
Ýa olary köşeşdirjek bolýarmyň?
Sowulmazak, çakgan örän tolkunlar
Seniň rahatlygňy etmäge gurban.
Gämiler geçende dörän tolkunlar
Gelýär bulanyp hem hiç ýerde durman.
Bar-a tebigatyň asuda ýerem,
Mesgeni kilisäň ýanynda onuň.
0l ýerde gök suwy mylakat bilen
Sypap otyr seniň aýal doganyň.
ÇÖREK
Goşhaltama saldym peýnirdir köke,
Gelşik üçin saldym oňa badam-da.
Ýöne nan almadym, salmadym ony,
Ýük saýyndym bolsa-da ol ýadymda.
Ýöne mamam saldy bir döwüm nany,
Boljak zady bilip dur ol bada-bat.
Diýdi: “Mähribanym, diňle garryny,
Öz-özün götärmiş çörek diýlen zat.”
GYŞ
Bu obada otlaň öçmändir birem,
Diýme: “Gussam güýjedi. ”
Bezelipdir ýagty ýyldyzlar bilen
Asuda gyş gijesi.
Ýanýar ak nur sessiz, eşdilýär derýaň
Güwwüldisi alysdan.
Meň geçen ýolum kyn, kyn düşdi örän,
Nirde siz meň gam-gussam?
Bir sada gyz maňa garap ýylgyrýar,
Şat menem, ýagty ýüzler.
Kyn düşdi, kyn, ýöne bary undulýar,
Ýanýar ýagty ýyldyzlar.
Kim maňa: “Çemenlik syrgynly tümde
Ýok bolup gitdi” diýen?
Kim, dost, toslap maňa: “Näme etseň-de,
Bar umyt ýitdi” diýen?
Bu obada otlaň öçmändir birem,
Diýme: “Gussam güýjedi. ”
Bezelipdir ýagty ýyldyzlar bilen
Asuda gyş gijesi.
GÜLLER
Säher çygy bilen ýuwunýan irden,
Düşýär güller ýiti çalgyň astyna.
Men gözümi aýryp bilmän olardan,
Diýýän: “Bulaň ady näme, aýtsan-a!?”
Çekdi oý-hyýallam kän-kän günlere,
Eşdemsoň bu syrly sözjagazlary.
Çensiz gamgyn hem bu näzik güllere
Diýilýär “Anýutaň gözjagazlary”.
WATAN GIJESI
Beýik dub.
Astynda ýatyr çuňňur suw.
Asuda kölgeler örtüpdir teýin.
Degre-daşym ümsüm, öňde-soňda bu
Tebigat hiç sarsgyn görmedik deýin.
Şeýle bir asuda jaýlaň üçegi,
Sarsmadyk deý gök gübürdän mahaly.
Yrananok gök baldaklaň seçegi,
Şygyrdanok howludaky pahalam.
Ukuly jokjoky saýraýar selçeň,
Men geldim, geçensoň gelmez ýyl-aýym.
Nädeýin, gelmese gelmesin geçen,
Şu pursat bir dowam etsin ylaýym.
Gozgamadyk çagy hasrat kalbyňy,
Süýşýär ümsüm kölge suwlaň astynda.
Hem durmuş asuda, hiç haçan indi
Düşülmejek ýaly durmuş sarsgynna.
Söýýär kalbyň ezýet çekmän ol güni,
Iň eziz hem gizlin zady söýşi deý.
Eýeleýär ýagty gussa kalbyňy,
Aý nurnuň dünýäni eýeleýşi deý…
NIKOLAÝ RUBSOW
Belli rus şahyry Nikolaý Rubsow 1936-njy ýylyň 5-nji ýanwarynda Demirgazyk Dwina derýasynyň boýundaky Yemesk obasynda dogulýar. Rubsowyň kakasy ilkinjileriň hatarynda Beýik Watançylyk urşuna gidýär we dolanyp gelmeýär. Tiz wagtdan onuň ejesi hem keselläp aradan çykýar. Alty ýaşly Nikolaý Tolşmy derýasynyň boýunda ýerleşýän Nikolskiý obasyndaky çagalar öýüne ýerleşdirilýär. Nikolskiý obasy sümme tokaýlygyň we batgalygyň arasynda ýerleşipdir. N. Rubsow ony öz kiçi Watany hasaplap, köp goşgularynda şol obanyň ajaýyp keşbini suratlandyrypdyr.
1950-nji ýylda ýediýyllyk mekdebi tamamlap, N. Rubsow Totma obasyndaky tokaýçylyk tehnikumyna okuwa girýär. Ýöne ol ýaşlygyndan deňizçi bolmagy arzuw edipdir. Şonuň üçin ol Arhangelskiý şäherine gelip, balyk tutýan gäminiň ot salyjysy bolup işe girýär.
XX asyryň 50-nji ýyllarynda şahyr dürli zawodlarda işleýär, goşunda gulluk edýär. Onuň ilkinji goşgular kitaby harbygoşunda gulluk edýärkä neşir edilýär.
N .Rubsow 1962-n ji ýylda Edebiýat institutyna okuwa girýär. Ol Moskwada öz döwrüniň zehinli ýazyjy-şahyrlarynyň birnäçesi bilen tanyşýar. Bu N. Rubsowyň döredijiliginiň ösmegine örän uly täsir edýär.
Nikolaý Rubsow 1971-nji ýylda aradan çykýar.
Rus dilinden terjime eden:
Atajan ANNABERDIÝEW.
# «Dünýä edebiýaty» žurnalyndan. Goşgular