|

«Nike» adam gany ulanylan «Şeýtan aýakgaplarynyñ» öndürijisine garşy beren şikaýatnamasynda utan tarap boldy

"Nike" adam gany ulanylan "Şeýtan aýakgaplarynyñ" öndürijisine garşy beren şikaýatnamasynda utan tarap boldy «NIKE» ADAM GANY ULANYLAN «ŞEÝTAN AÝAKGAPLARYNYÑ» ÖNDÜRIJISINE GARŞY BEREN ŞIKAÝATNAMASYNDA UTAN TARAP BOLDY

"Nike" adam gany ulanylan "Şeýtan aýakgaplarynyñ" öndürijisine garşy beren şikaýatnamasynda utan tarap boldy

Sport egin-eşiklerini öndürýän «Nike» kompaniýasy Nýu-Ýorkuñ Bruklin raýonyndaky «MSCHF» sungat kolleksiioneriniñ üstünden düzüminde gyzyl syýa we bir damja hakyky adam gany bolan «Şeýtan aýakgaplary» atly jedelli dizaýnynyñ üstünden beren arzasy boýunça utan tarap boldy.
1.018 dollara satylan modifisirlenen «Nike Air Max 97» kysymly aýakgaplarda «Luke 10:18» ýazgysy bar. Aýakgabyñ ýüzünde ters haç we pentagram yşaraty-da bar.
«MSCHF» rep aýdymçysy Lil Nas X (Montero Lamar Hill) bilen ylalaşyp çykaran aýakgabyndan 666 jübütini satuwa çykarypdyr. Aýakgaplaryñ bir minutdanam az wagtyñ dowamynda satylandygy aýdylýar.
«MSCHF» 666 jübüt aýakgabyñ 665-siniñ müşderilere elin gowşurylandygyny mälim etdi.
Haryt markasy boýunça bozulandygyny öñe sürüp, Nýu-Ýorkuñ federal suduna ýüz tutan «Nike» kompaniýasy «MSCHF»-niñ satuwy togtatmagyny talap edýär.
«MSCHF»-niñ adwokatlary bolsa öndürilen 666 jübüt aýakgabyñ «hemişeki sport aýakgaplary däl, talapgärleriñ tabşyrygy boýunça ýörite çykarylan sungat eserleridigini» aýtdy.
Federal sudýa sud prosesiniñ dowamynda «Nike»-niñ dawasynyñ dogrudygyny öñe sürdi we birinji tapgyrda sungat kollektiwine gadagançylyk girizme barada karar çykardy.
Emma birinji öndüren 666 jübütinden başga aýakgap çykarmajagyny mälim eden «MSCHF»-niñ ygtyýarlylary bu kararyñ näme many añladýandygyna heniz doly düşünmeýändiklerini aýdýarlar.
Gyzyl-gara reñkli aýakgaplar Lil Nas X-iñ täze «Montero» aýdymy bilen birlikde muşdaklaryna hödürlendi.
YouTube-de paýlaşylan klipde gürrüñi gidýän aýakgaplary geýen Lil Nas X jennetden dowzaha striptizçi sütüninden aşak kelemenläp gaýdýarka janlandyrylýar. Lil Nas X 2019-njy ýylda özüniñ geýdigini mälim edipdi. Bu kartinanyñ-da aýdymçynyñ öz «gomoseksuallygyny gutlaýandygy we aýyplamalary ret edýändigi» nygtalýar.
Aýakgabyñ her taýyndaky «Nike Air» ýörite zolagynda 60 santimetr kub gyzyl syýa we sungat kollektiwiniñ bagyşlan bir damja gany bar.
«Nike» kompaniýasy Nýu-Ýorkdaky suda beren şikaýatnamasynda aýakgaplaryñ adynyñ «Şeýtan aýakgaby» diýlip üýtgedilmegine idin bermändigini öñe sürdi.
"Nike" adam gany ulanylan "Şeýtan aýakgaplarynyñ" öndürijisine garşy beren şikaýatnamasynda utan tarap boldy

Tennesi ştatyndan Ýozef Raş hem şol aýakgapdan 1.080 dollara satyn alanlaryñ biri. Ol «Bu jedelli dawanyñ soñunda tölän pulum köýer öýdüp gorkýan. Eýýäm puluny tölän aýakgabym elime gelip gowşar diýip umyt edýärin» diýdi.
«BBC» habarlar agentliginiñ «OS» radiosyna interwýu beren Raş aýakgaplary ýörite geýmek üçin däl-de, syýasy signal hökmünde satyn alandygyny aýtdy:
«Aglaba köpçüligi hristian bolan we garaýagyzlara garşy problemalar bilen gidişýän ýurtda beýlekilerden üýtgeşik durmuş ýoly bolan garaýagyz we gomoseksualist adamy goldamak isledim.»
Günorta Karolina ştatyndan MakKenzi Norris-de «MSCHF»-ni uzak wagt bäri yzarlap gelýändigini, 1.080 dollara satyn alan aýakgaplaryny 2.500 dollara satmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.
Emma dawanyñ netijesi onuñ bu etsem-petsemini bozupdyr:
«Umuman alanda «Nike»-niñ şikaýatnamasyny we onuñ bular ýaly zada goşulmagyny ýerliksiz hasaplaýan. Çünki beýle hereket biziñ ýaly harytlaryny kanuny ýollar arkaly satmak isleýän adamlara uly zyýan ýetirip biler.»

02.04.2021 ý.

# Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. Geň-taňsy wakalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle