|

Nida getirdi

Nida getirdi Şa Ysmaýyl HATAÝY

▶ NIDA GETIRDI

Bir gün Muhammet öýde otyrka,
Dört melaýyk oña nida getirdi.
Selmanyñ çigninde geldi bir oglan,
Yzzat bilen gözel kelam getirdi.

Muhammet oglanyñ salamyn aldy,
Galkyban aýaga «Aýdyber!» diýdi.
Muhammet oglana ýerini berdi,
Oglan geçdi namazlykda oturdy.

Jebraýyl diýr: «Bu oglany bilsedik,
Yzzat edip salamyny alsadyk,
Üstümizde menlik baryn görsedik,
Ýüzümiz oñ aýagyna sürterdi.

Muhammet diýr: «Bu oglan-a Alydyr,
Ynsy-jyns-u meleklerden uludyr.
Hakykatyn ezizlemek ýoludyr,
Jebraýyl eşidip, özün ýitirdi. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle