|

Nesimi

Nesimi

NESIMI

Ýeliñ ýelkeni dek bolup Nesimi,
Aýdymlardan ýasap özüne ganat.
Uçupdyr asmanyñ çuññurlygyna,
Misli tümde ýol gözleýän alamat.

Hakyky ýaşaýşyñ hatyrasyna,
Onuñ setirleri ýazylypdyrlar.
Soñ onuñ ýüregne düzülen tarlar,
Gamgyn owaz eýläp üzülipdirler.

Her hal, döwür döwür bilen badaşan,
Bir-birine baglaýar ol owazy.
Hudaýda adamyñ keşbini görüp,
Ýene adam bolup galypdyr özi.

Wladimir ŞLÝONSKIÝ.

Terjime eden: Ahmet MÄMMEDOW.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle