|

Nesihat

Nesihat NESIHAT

Nesihat

Döwrana

Sen özüñi aýa jelep gyzlardan,
Aýal bolup hezil bermez äre kän.
Ýamana duş bolsañ, gysylar egniñ,
Ornuñ bolar bir çetinde märekäñ.

Kart oýnama, gyjalata galarsyñ,
Ýüzüñem sow, arak-meýden, neşeden.
Şoldur jigim, sergin başy sämeden,
Şoldur meni matam güni mes eden.

Köñlümizem däldir Pars aýlagy,
Joşgunyna, gaýtgynynan esetgin.
Ötegçi şatlygy bagtym saýmagy,
Meñ özümem geçen ýyl güýz bes etdim.

Bagt bir guş, uçar gider, şonsuzam,
Ömrüñ gysga bolar, şat günleriñ kem.
Ýaşlyk edip galaýmagyn armanda,
Armanly ýürege tapylmaýar em. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи