Nesibe (Hekaýa)
«Görmäýin diýsem-de, gözlerim kör däl,
Ýöremäýin diýsem, aýaklam kesir.
Emma kalbym indi höwesegem däl,
Hyýallaryma boldum indi men ýesir»
MIRTEMIR
Ol gitdi… Ýapraklary Aýyň ýagtysyna ýaldyrap duran erigiň aşagyna baryp egildi-de, başga tarapa öwrülip ötägitdi. Ol gözden gaýyp boldy. Diňe adaja şemala pasyrdan köýneginiň etegini hem-de sag elindäki gyzyl ýantorbasyny görüp galdym.
Ol gitdi… Gulaklaryma bolsa çeşmäniň şildir-şildir akyşy bilen, horkuldap aglaýan gyz sesi henizem eşidilip dur.
…Gözlerime ýaş indimi?! Ýok-ýok, ahyryn, näme üçin insin?!
Ol gitdi. Ol gitse-de, barybir, hyýalymda hem şirin, hem ajy, hem süýji, hem-de armanly üzük-ýoluk ýatlamalar galdy.
…Şol wagtlar birinji ýyl talypdym. Ilkinji synagdan ýokary baha bilenem geçipdim. Geň galýan, ýaşlyk eken-dä! Mende-de birinji ýyllyk talyplara has bolan adaty endik bardy. Özümi juda bilimdar, göýäki, mugallymlardan hem köp bilýän saýardym. Hawa, men aşa gedemdim. Üstesine-de, ilkinji synagdanam ýokary baha alypdym. Keýpim kökdi, nirädir bir ýerlere belentden-belent perwaz edesim gelip durdy. Hyýalymda gowurly ülkelere barardym-da, hiç kimi görmezdimem, duýmazdymam.
Trolleýbusa mündüm. Boş oturgyçlaryň birinde oturdym-da, kitap waraklap başladym. Okanymda-da, näme diýýänine düşünmedim. Hyýallarym meni alyslara alyp gidipdi. Hatda golaýymda oturan gyza hem üns bermändirin. Ol ýylgyrdy.
— Adama seredesiňizem gelenok-la, Erkin äkä?!
Tisginip, ses gelen tarapa öwrüldim:
— Eý-waý, Holida…
Utanjymdan ýaňa gyzaran bolsam gerek, Holida kikir-kikir güldi.
Ebeteýsiz ýylgyryp, ony ünsli synladym. Asla özgermändir. Elmydama bir zada tamakinlik bilen seredýän çaganyňky deý gözleri-de, keşbine çaýylan sadalygy-da, gyrmyzy lebleri-de öňküje bolşy! Bu şo-ol Holidady. Mundan ýarym ýyl owal mekdep partasynda meniň bilen ýanaşyk oturan Holidady. Hiç üýtgemändir… ýöne maňa «äkä» diýmesine geň galdym. Çünki, ol mekdepde maňa «heýt, oglan» diýerdi ahyry, şeýtanjyk diýsänim!
Heniz hyýallarymy tasa getirip ýetişmänkäm, Holida ýene-de «hüjüme» geçdi:
— Özüňizçe talyp bolansyrap… hä? Okuwlaryňyz gowumy?
Sözümiň ýarysyny ýuwudyp:
— Hm! — diýdim.
Men oňa «siz» diýip ýüzlenjegimem, ýa bolmasa «sensirejegimem» bilebilmän, bir pursatlyk iňkise gitdim. Häki bir gepiň gerdişine görä:
— Siz nirede okaýaňyz, Holida? — diýip soradym.
Düşünmedim, näme üçindir Holida sowalymy eşitmedimi nämemi, o ýana-bu ýana garanjaklady-da, öňräkde duran zenana yşarat etdi. Öz ýerini oňa bermegi müwessa bilen bolsa gerek! Menem ýerimden gozgandym. Ikimiz ýan-ýana durşumyza, esli böwşeňligi ara salypdyrys. Ahyry Holida öňküje bolşy ýaly, ýylgyryp:
— Diýmek, žurnalist bolmakçy-da?!. Görsem bolarmy? — diýip, elimdäki kitaby aldy. — Lui Aragon! Gowy ýazyjy bolsa gerek, hä?
Men sowuk-sala başymy atdym. Ol kitaby waraklap durşuna, içinden synag depderçäm çykan bolsa nätjek?! Ol maňa gür gaşlaryny ýygryp, içiňden geçip gelýän garaýyş bilen seretdi-de:
— Birugsat görsem, gaty görmersiňiz-dä hernä?
Men birbada razylaşsam-da, birdenkä onuň ellerine ýapyşanymam duýmandyryn. Surat! Depderçämiň içinde onuň suraty bar, ahbetin! Birden görse, näme pikir eder?! Soňky jaň dabarasy güni synpdaşlarymyz bolup, özaralarymyzda birek-birege suratlarymyzy ýadygärlik üçin beripdik. Şondan bäri Holidanyň suratyny ýanymda göterip ýörün. Sebäbini özümem bilemokdym. Diňe… diňe onuň maňa ýyly nazar salýandygyny oglanlar aýdansoň düşünip galypdym. Ana, şonda hem oňa bolan garaýşym düýpgöter üýtgäpdi.
Emma ki, näme üçindir, şol pursat oňa ýanymda suratyny göterýändigimi bildiresim gelmedi. Ýasama ýylgyryp:
— Holida, bagyşlaň, bu mümkin däl — diýdim. Depderçämi jübime saldym.
— Bagyşlaň… Siziň şahsy zadyňyzy dörjelemeli däldim.
Ol degişdimi, ýa-da walla çynymydy teý düşünmedim. Ara düşen sowuk ýagdaýy gowşatmak üçin söz agtarsam-da, zybanyma ibaly söz gelmedi. Trolleýbus Hadra golaýlaberende, «Watan» kinoteatrynyň göze gelüwli, ullakan bildirişleri göründi.
— Gowy kino bar eken. Tomaşa edelimi? — diýip, aramyzdaky sowuklygyň soňuna çykmaga çalyşdym. Hiç zat ýok ýerden alagada, kino görmäge mürähet edenim Holidany pikirlendiren bolsa gerek. Dogrusy, onuň ýok diýerine garaşdym. Emma ki ýok diýmese nätjek! Eginlerini ýygryp:
— Bilmedim-dä — diýdi.
Men begenjimden uçaýjak bolup:
— Bor, hany, düşeliň onda — diýdim…
Kinoteatrdan çykyp, basgançaklaryň ýanyndaky pessejik arçanyň aşagynda sägindik.
— Erkin äkä, bilýäňizmi?!. — diýende Holidanyň ýaňaklary gyp-gyzyldy. Bir örüm saçyny eline alyp, sakyna-sakyna gürledi. — Neme… Men… size päsgel beremokmy?
Edil şol pursat ol gözlerime şeýlebir sada, şol bir wagtda-da, juda syrly göründi. Keserip duran bu sowalyň öňünde, birbada özümem aljyradym.
— Ýok-la, näme üçin beýle bolsun?..
— Bolmasa… öňümizdäki hepdäniň şu güni, şu sagatda, şu ýerde garaşsam, gelermisiňiz?.. — diýip, Holida gür gara kirpiklerini galdyryp bilmän durşuna, nar ýaly gyzardy…
— Holida, gelersiňizmi, siziň çynyňyzmy? — diýip, begenjimden ganat baglaýjak boldum.
— Men gitdim! Hoş!
Holida ýerden gözüni galdyrman hyrra öwrüldi-de, säginen trolleýbusa tarap howlukdy. Sary keltekçesine kybapdaş, ýeke örüm ýogyn, goňrumtyl saçynyň iki ýana owsun atyşyna seredip galypdyryn. Ol trolleýbusyň basgançagyna mündi-de, maňa tarap göz aýlady. Göwnüme bolmasa, mylaýymja, juda sadalyk bilen ýylgyran ýaly hem boldy. Ana, şonda men ony ugratmandygyma ökündim. Özümizem obadaş ahbetin! Emma eýýäm giçdi. Trolleýbus bir siltendi-de, ýöräp ugrady. Duran ýerimde esli wagtlap doňup galypdyryn. Hälki söhbetdeşlik, hamana diýersiň, jana aram beriji şirin saz kimin gulagymyň düýbünde ýaňlanýan ýalydy. Ol saz meni ömür sermest etjege meňzeýärdi!
Soňky duşuşyga çenli şol sazyň täsiriniň astynda ýaşadym, dem aldym, ynjaldym.
Çarşenbe güni Holidany şol öňki ýerde, kinoteatryň öňündäki keltejik pürli arçanyň aşagynda garşy aldym. Ol bu gezek aýnanyň öňünde eslije oturana meňzeýär. Saçlaryny ýuwan bolsa gerek, uzyn tarlary henizem guramandyr.
— Bu gün kino tomaşa etmesek näder, hoşmy? — diýip, Holida gaşyny ýaýyp, ajaýyp ýylgyrdy.
— Gözel göwnüňiz…
Hardanyň köçesi bilen baga tarap ýöredik. Onuň bilen ädimme-ädim ýöräp barşyma:
— Öýüňizdäkiler niçik, Holida? — diýdim.
— Sag boluň… Gowuçylyk — diýip, bir pursat dymdy… Köprüden aşyp, baga girdik. Şu ýerde hemişe ir iňrik garalýan ýalydy. Agaçlaryň başyny sypaýan şemalyň şuwwuldysy tümlük bilen dymyşlygy has-da çuňlaşdyrýana çalymdaşdy…
Men kenarda duran pessejik dyzeperi ümläp:
— Oturalymy? — diýdim.
Oturdyk. Ýerden çogup çykýan çeşmäniň akyşyna maýyl bolupdyrys. Esli wagt ikimizdenem ses-seda çykmady. Holida balkyldaýan gözlerini meniň gözlerime gezedi.
— Erkin äkä, siz meni edepsiz gyz hasaplaýaňyzmy?
— Ýokla, näme üçin? — diýip, ör-gökden geldim. Holida meniň jogabyma ähmiýetem bermän:
— Çynym… öz ýanymdan size… — diýip, başyny aşak egdi. Ýuwdundy-da — Emma neýläýin? — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Bütin bedenimi entek duýulmadyk, heniz ýat, nähilidir bir ýakymly saňňyldy gurşady. Entek yşkyň nämedigine düşünmeýän ýürekde juda näzik, şamçyrag deý bir ýagtylyk söýgä teşne ot bolup alawlady. Söýginiň ody bir gezek, diňe birje gezek tutaşýan bolsa, ol lowlap ýanar ot bolaýýan eken.
— Holida, neçüýn beýle diýýäňiz? Sebäbi, men sizi… Sizi… Hyýallarymy diňe siz ogurladyňyz, ahyryn! Maňa nesip edermi, etmezmi diýip howatyrlanyp ýören zadymy, diýjek bolýanym, hatda özümiň hem tapyp bilmedigimi peşgeş etdiňiz ahyryn…
Men ýene ençe-ençe sözleri aýdyp, ýüregimi gowzatjakdym, emma bu duýgularyň öňünde ejizdim…
— Çyndanammy? Şu sözleriňiz rastmy? — diýip, Holida çytylan gaşlaryny galdyryp, gözlerime seretdi. Endiräp gitdim.
— O nähili, maňa ynanaňzokmy?
Ol ýuwaşlyk bilen başyny ýaýkap:
— Ynanýan… — diýdi. — Ýöne… Geliň, indi biri-birimizden syr gizlemäli. Hoşmy?
— Sizden nämäni gizläýin?
— Gizläňzokmy? — diýip, Holida ýeserlik bilen gaşlaryny ýygyrdy. — Ho-ol, arada synag depderçäňizi näme üçin menden gizlediňiz?
— Onda… Onda siziň suratyňyz bardy.
— Çyndanammy? — diýip, ol çaga ýaly sadalyk bilen gözlerini güldürdi.
Holida bilen hoşlaşan pursadymdan başlap, ýüregimde baky ot alawlap başlady. Bu ot asla sönmän, tersine, wysala golaýladygysaýy güýjeýän ýaly. Käteler özüni görsem köşeşäýjek ýalydyr welin, ýok, beter möwjeýär.
Bu ot tas iki ýyldanam, ýok, ondan soňam, şu güne çenlem gowşarly däl. Emma ki, göýä, takdyr seniň islegiňe görä däl-de, sen onuň islegine görä hereket etmäge boýun bolaýýan ekeniň…
…Okuwymyň ikinji ýylynyň soňky synagyny üstünlikli tabşyran günüm, Samarkandyň welaýat gazetine tejribelige taýýarlandym, Holidany bolsa, duşuşyga çagyrypdym. Emma ol gelmedi. Her sapar bäş minutjyk gijigäýse, gaharymy papirosdan çykarardym. Bu gezek onuňam nepi degmedi. Şol öňki pessejik dyzeperiň ýanynda bir sagat garaşdym. Ýüregimi gaplan şübheleriň yzasyna çydam edebilmän, şäheriň köçelerinde selpedim. Tanyş seýilgählere, şol ýuwaş çeşmä, jübüt-jübüt bolup ýören aşyk-magşuklara seretsem, derdim on esse artýardy.
Kellämde diňe «Holidanyň ýanyna barmalymy, ýa ýok?» diýen sorag iki ýana at salýardy. Ahmal, oňa bir zat bolandyr? Ýok-la, düýnjik gördüm ahyryn! Birden ol näz edýän bolsa näme?
…Ýok… Barybir, söýgi üstün çykdy. Olaryň köçesine nähili barandygymy özümem bilmändirin. Köçe o diýen uly däldi, emma näçinji jaýdygyny bilemokdym. Her sapar ony köçäniň başyna çenli ugradardym-da, yza dönerdim. Holida aşa çekinjeň bolansoň, köçä girmesem kem görenokdy.
Bir pursat ikirjiňlenip durdum-da, köçäniň bir ujundan girdim. Ýöne ýigrimi ädim ýöräp-ýöremänkäm sakga durdum. Açyk derwezeden Holidanyň agasy pilini egnine atyp, çykyp gelýärdi. Men onuň adyny bilmeýärdim. Ol bizden iki ýyl öň orta mekdebi tamamlap, häzir haýsydyr bir edarada işleýärdi. Ol maňa pitiwa-da etmän, bedresine kömür salyşdyrýardy. Golaýyna baryp, salam berdim. Ol pilini ýerde goýman, egilip durşuna eginaşyry maňa seretdi. Dessine göwresini dikeltdi. Buýra-buýra saçlarynyň arasyndaky der damjalary ýaldyraýardy, kömür degen eşigi hem eleşan görünýärdi. Bilmedim, salamymy eşitmedimi, nämemi, aleýk almady. Tanamakçy bolýan ýaly ýüzüme çiňňerilip seretdi. Maňlaý derini endigan süpürdi-de:
— Hawa, hyzmat?! — diýip, gözüme dikanlap seretdi.
Pikire batdym. Aljyrap, näme diýjegimi bilmän:
— Holidahan barmy? — diýip gönimden geläýdim.
Onuň reňki-roýy öçüp, pilli eli titräp başlady:
— Agasy gerek dälmi, agasy?! — diýip, meni bir demde ýuwdaýjak ýaly, dişlerini gyjyrdadyp hetjikledi. — Ätjek ädimiňi bilipjik bas, han ogul! Gyz soraýançaň, burnuňa eýe çyk! Sen kim?! Kakaň ýaly sertaraşsyň-da!.. Eýgiligiň barka, güm bol şu ýerden!
Gözümiň öňi garaňkyrap, tutuş bedenim lowlap başlady. Gulaklarym şaňlady. Ynsan üçin mundan agyr, mundan ryswa zat barmydyr eýsem?! Hyýalymda iň mukaddes saýan öýüm şumy? Ýüregimiň töründe yzzatyny saklap ýören ynsanlarym şularmy?
Men indi dagy-duwara bu köçä aýagymy sekmerin, hiç haçan!.. Gowy görmek — ýalbarmak däl ahbetin! Men Holidanyň öňünde ýazykly däldirin, ýalbarmarynam…
Ertesi Samarkanda ugradym. Özüm o ýere gitsem-de, hyýalym şu ýerde Holida bilen galypdy. Öz ýanymdan bu ýagdaýdan soňra Holidanyň ötünç soramagyny isleýärdim. Hakykatdan hem, bir hepdäniň içinde Holidadan iki hat geldi. Ikisiniň-de mazmuny şol bir zatdy: «Men siz bilen hökman duşuşaýmaly. Tizräk gelseňiz gowy bordy». Nirä barmaly? Ýene şol öýemi? Kimiň ýanyna barmaly? Meni kemsiden adamyň alnyna barmalymy? Näme üçin baraýyn? Ýalbaryp-ýakarmak üçinmi?
…Holidanyň hatlaryna jogap ýazmak üçin näler elime kagyz alsam-da, jogap ýazyp bilmedim. Her gezek galam alamda, göz öňümde onuň agasy janlanyp, göýäki, ýigrenç bilen seredip kemsidýän ýalydy.
Oba dolanyp baranymda bolup geçenler üçin Holida ötünç sorar diýen umytda gezdim. Ýok, barysy püçege çykdy. Tejribeligimiň tamamlanjak uçurlary, köne dostum Jawdoddan hat geldi. Mazmuny juda gysgady: «Holidadan el çek! Durmuşa çykanyna on bäş gün boldy. Ýoldaşy agasynyň dostumyş…»
Haty tike-tike etdim. Biwepa!
Ýok, ýigrenmäge-de, länet okamaga-da mejalym galmandy.
Barybir, işläp gönendirmejekdigime düşündim. Goşlarymy ýygnaşdyryp, öýe dolandym.
Awtobusdan düşdüm-de, bilgeşleýin Holidalaryň köçesine sowuldym. Näme üçindir, oňa şol ýerde, şol köçede duşjakdygyma ynanýardym. Hawa, ýalňyşmandyryn. Arman uzakdan diýmeseň, ony görüp galdym. Olam meni gördi-de, gara «Wolganyň» deňinde doňňara daş deý doňup galdy.
Bir zatdan tisginen ýaly sakga sägindim. Daş işikde ak köýnekli, gara boýunbagly bir ýigit peýda boldy. Ol Holidanyň bileginden tutdy-da, maşyna tarap südenekledi. Soňra özem maşyna mündi-de, wazladyp ötägitdi.
Ýantorbamyň tutawajyny şeýlebir gysypdyryn welin, barmaklarym gurşup, ellerim saňňyldap başlady. Alasamsyk!
Näçe wagt durandygym-a özümem bilemok. Gün dik depäme galyp, rehimsiz gyzdyrýardy. Asfaltyň howry ýüregimi bulaýardy.
— Bolýa, Holida örteneniňe degenok! Men oňa ulag alyp berip bilmeýän ahyryn! — diýip, öz-özüme göwünlik bermäge çalyşdym.
Bu sözleri näçe diýsemem, köşeşip gidiberemokdym. Ony unutjak bolup şunça jan etsem-de, onuň keşbi şeýlebir aňyma ornaşypdyr welin, heý, goýaý!