| |

«Nepes sen sözleseñ ulus illerde…»

"Nepes sen sözleseñ ulus illerde…"

"Nepes sen sözleseñ ulus illerde..."

Nepes sen sözleseñ ulus illerde,
Bilbil şeýda bolar täze güllerde.
Asal ezgil dahan içre dillerde,
Ary hüjüm eýlär bal sesin añsa.

Şu setirleriñ awtory Mollanepes hem bir wagtlar oglan okadypdyr, emma ol döwürde okuw-ylym hemme kişä ýetdirmändir. Bu meselede aýratyn-da aýal-gyzlar kemsidilipdir. «Aýal okap kazy bolmaz, köpek ýüwrüp tazy» diýilýärdi. Şol wagt aýal-gyzlaryñ başy açyk görülse, uly masgaraçylyk hasaplanardy.
Zamana üýtgedi. Indi ulus iller okuwa-ylma edil bala ary çozan ýaly çozýar. Mollanepesiñ asala-bala barabar sözlerini uly il okaýar.
Şu suratdaky Güljan Sopyýewa Ýylanly raýonynyñ 1-nji onbirýyllyk mekdebiniñ 11-nji klasynda okaýar. Ol esasy sapaklarynyñ daşyndan çeper eserleri, esasanam Mollenepesiñ eserlerini okamagy söýýär.

K.Toýlynyñ fotosy.

«Edebiýat we sungat» gazeti, 24.10.1962 ý. Ýatlamalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle