|

«Ne azaşdyk, ne-de duşduk…»

"Ne azaşdyk, ne-de duşduk…" «NE AZAŞDYK NE-DE DUŞDUK…»

“Bir bilsediň, seni şeýle küýsänim…”,
Habaryňa menden jogap barmady.
Söýgiň, Talhatandan galan küýzäniň,
Ykbaly deý bulut bolup parlady.

Sen diýdiň: “Ne azaşdyk, ne-de duşduk…”,
Bu bir söýgümiziň dartyş güýjüdir.
Dokuzym ýuwutjak üç geldi, buşluk,
Menden menli ýatlamalar süýjüdir.

…Uzyn däl, gysga-da däldir dillerim,
Bar bolany, owurtlan bir owurdym.
Ýöne, sende ne gudrat bar dilberim,
Nädip, gyz halyňa, şahyr dogurdyň?!

Süleýman HAÝDAROW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle