Nazym Hikmetiñ ýadygärligine
Nazym Hikmetiñ ýadygärligine

Nazym Hikmet aradan çykdy. Ol indi biziň aramyzda ýok. Muňa ynanmak örän kyn. Çuň gynanç bilen tukat oýlanýarsyň. Eziz dostumyň janly obrazy, onuň gujurly syraty, mähriban ýüzi göz öňümden geçýär. Onuň bilen duşuşyklarymy ýatlaýaryn.
…1954-nji ýylyň maýy. Kiýewiň T.G.Şewçenko adyndaky opera we balet teatry. Ukrainanyň Russiýa gaýtadan birikmeginiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly ýygnak. Moskwanyň, Leningradyň, soýuz respublikalaryň ýazyjylary özleriniň ukrain dostlaryny uly baýram bilen gutlaýarlar. Tribunada Nazym Hikmet:
— Eziz dostlar! Doganlyk respublikalaryň wekilleri ýaly, men öz ülkämden size hiç bir hili sowgat getirip bilmedim. Men size diňe özümiň dostluk, doganlyk ýüregimi alyp geldim!
Bu sözler ähli sowgatlardan gymmatlydy. Zaldakylar ony ör turup, dowamly el çarpyşmalar bilen hormatlaýarlar. Meniň Nazym Hikmet bilen tanyşlygym ana şonda başlandy. Men ondan: “Türkmenistana gelmeýäňizmi?” diýip soranymda, türkmen halky bilen duşuşmagy, türkmen topragyna baryp görmegi özüniň iň uly arzuwlarynyň biri hasaplaýandygyny maña aýtdy.
Nazym Hikmetiň bu arzuwy berjaý boldy. Ol Türkmenistana myhmançylyga geldi. Beýik Magtymgulynyň ýubileýine gatnaşdy, söz sözledi. Garagum kanalyny, Aşgabadyň töwereklerini, Pöwrizäni aýlanyp gördi, teatrlarymyzda spektakllarymyza, aýlawda at çapyşygyna tomaşa etdi. Biz ony ugratjak bolanymyzda: “Türkmen halky nähili bagtly halk, Türkmenistan nähili gözel ýurt” diýip, bize guwanç bilen aýtdy.
Geçen ýylyň sentýabrynyň ahyrky günleriniň birinde Moskwada men Nazym Hikmetiň öýüne telefon urdum. Trubkada onuň mähriban sesi eşidildi. Men oňa Türkiýeden gaýdyp gelendigimi aýtdym. Ol şeýle bir şatlandy, şol minudyň özünde: “Derrew görşeli” diýip teklip etdi. Biz salym sagat geçmänkä edebiýatçylaryň merkezi öýünde duşuşdyk. Men oňa Türkiýede görüp-eşiden zatlarymyň hemmesini birin-birin gürrüň berdim, tanyş-bilişlerinden salam gowşurdym. Biz hoşlaşjak bolanymyzda, ol meni berk gujaklady, ogşady, bu duşuşykdan özüniö çäksiz hoşal bolandygyny aýtdy.
Nazym Hikmet özüniň eziz watany Türkiýäni tüýs ýürekden söýýärdi. Onuň azat bolmagyny isleýärdi. Haýp, ol muny görmän aradan çykdy. Emma Nazym Hikmet ölenok. Ol ýaşaýar, göreşýär. Halkyň hakyky şahyr ogly, gahryman, mert ogly hiç wagt-da ölmeýär. Ol ýüreklerde hemişe ýaşaýar.
Men ýaňy-ýakynda “Türkiýe depderi” atly goşgular ýygyndymy ýazyp gutardym. Şonda Nazym Hikmete bagyşlanan goşgy bar. Men özümiň bu goşgymy oňa dirikä okap berip bilmänime örän gynanýaryn. Siz aşakda şol goşgyny okap bilersiňiz. Men täze goşgular ýygyndymy Nazym Hikmetiň ýagty ýadygärligine bagyşladym.
Eziz dostum, Nazym Hikmet!
Türk illeri salam aýtdy.
Anatoliň suwa teşne
Giň çölleri salam aýtdy.
Seniň dogup, önüp-ösen
Topragyňda gezen wagtym,
Samolýotly, wertolýotly
Ýerden aýak üzen wagtym,
Awtobusly ýörän wagtym,
Gämi bilen ýüzen wagtym; —
Uly-kiçi, aýal-erkek,
Köpler bilen sataşamda.
Hal-ýagdaýdan, öý-oňşukdan,
Güzerandan söz açamda,
Türk halkynyň tüýs ogluna
Olaň bary salam aýtdy.
Uludagyň, Araratyň
Ap-ak gary salam aýtdy.
Diňledim kän gijelerne
Eneleriň hüwdüsini,
Ýürekleri mynçgalaýan
Zaryndan zaryn sesini.
Eneler şum täleýinden
Nalyş edip dogjak güne,
Taňrydan bagt dileýärler
Öz ýaşajyk perzendine.
Olar juda ir gartaşyp,
Ak, çal saçly bolupdyrlar.
Durmuş jebrin çeke-çeke
Bagry daşly bolupdyrlar.
Hyrçyn dişläp, bozlaý-bozlaý,
Gözi ýaşly bolupdyrlar.
Gördüm Bursaň zyndanyny,
Ençe ýyllap ýatan ýerňi,
Okdan ötgür şygryň bilen
Haýynlary atan ýerňi.
Diňledim men çar tarapa,
Ganat gerýän aýdymlaňňy,
Watançylaň göreşinde
Kuwwat berýän aýdymlaňňy.
Goşgularyň göçürilip,
Elden-ele geçýär sözleň.
Hykatyň dessany dek
Dilden-dile geçýär sözleň.
Bursanyň ýaş ýigitleri,
Gojalary salam aýtdy!
Hakkariniň gap-garaňky
Gijeleri salam aýtdy!
Türkiýäniň ilatynyň
Durmuşyny ala gördüm.
Barly, gurply adamlaryň
Ýaşaýşyn kän ýola gördüm.
Emma köpleň gözlerinde
Ajy gussa, nala gördüm.
Kimler işsiz köw-söw edip,
Köçelerde ygyp ýörler,
Kimler dok, mes, mydam serhoş
Maşyn sürüp, agyp ýörler.
Çarkandakly, daş, tozanly
Dar ýollar köp salam aýtdy.
Kenarlarda ýatyp-turýan
Hammallar köp salam aýtdy.
Deňizlerde tirun gurýan
Balykçylar salam aýtdy.
Adam daşap günün görýän,
Gaýykçylar salam aýtdy.
Öküz bilen ýerin sürýän
Daýhanlar-da salam aýtdy.
Adalarda uçup-gonýan
Çarlak guşlar salam aýtdy.
Köllerini taşlap barýan
Ýaşylbaşlar salam aýtdy.
Geler ýoluň garap otyr
Hasrat çekýän ol goja ýer.
Ýol býunda boýnun burup,
Delmurýarlar benewşeler.
Türk gözeli gamgyn-gamgyn
Aýdym aýdýar täk kenarda.
Syrdam boýly gök serwiler
Sülmüreýär intizarda.
Eziz dostum, sen ogluna
Garyp iller salam aýtdy.
Derýa, köller, mawy asman,
Laýly siller salam aýtdy.
Dag başynda bulut, duman,
Ösýän ýeller salam aýtdy.
Watançylar ýeňer diýýär
Zähmet çekýän türkleň bary.
Watançylar ýeňer diýýär,
Egeý, Mermer kenarlary.
Watançylar ýeňer diýýär,
Izmir, Izmit aýlaglary.
Watançylar ýeňer diýýär
Aýwalygyň gür baglary.
Ylhamyňa ylham berýän
Türk illeri salam aýtdy.
Seni jandan eziz görýän
Türk illeri salam aýtdy.
Aýralykdan gözi girýan
Türk illeri salam aýtdy.
Baldagynda tiz saralýan
Gül-gunçalar salam aýtdy.
Il-gün üçin göreş edýän
Watançylar salam aýtdy.
Aprel, 1963 ýyl.
Anna KOWUSOW.
“Edebiýat we sungat” gazeti, 15.06.1963 ý. Ýatlamalar