Nazym Hikmete
Nazym Hikmete

Säher bilen ýene göwün galkyndy,
Ýene «bolsadylar» çekdi elimden.
Bu belent daglaryñ saýasyna men
Ýöräp geldim şol beletje ýolumdan.
Synlap dagyñ suratyny, durkuny,
Ýylgyrdym, şatlandym misli bir çaga.
Synlap dagyñ baýlygyny, görküni,
Onlap «bolsadynam» uçurdym göge.
«Bir zad-a bolmaly, näme bolsamkam!!
Dagyñ buludymy, kümüş garymy.
Magdanymy, ümürimi, gaýasy
Ýa-da onuñ injirimi, narymy?!»
Men jogap gözledim şeýle sowala,
Men jogap gözledim, çar ýana bakdym.
Şol mahal bir ýerden «Gulak sal, bala…»
Diýip, dagyñ göwsün ýardyñ-da, çykdyñ.
Gaýalardan gaýalara dyrmaşyp,
Diýdiñ: «Ne gar, ne-de bag… bolgun, oglum.
Başarsañ şolary özünde jemlän,
Synlaýan dagyñ dek dag bolgun, oglum…
Säher bilen ýene göwün galkynar,
Ýene «bolsadylar» çeker elimden.
Şu belent daglaryñ saýasyna men
Ýöräp gerin şol belentje ýolumdan.
Italmaz NURYÝEW. Goşgular