Nazmuhammet Pakga
Nazmuhammet Pakga
Nazmuhammet Pakga, türkmen şahyry, ýazyjy, terjimeçi, pedagog, žurnalist.
Nazmuhammet Pakga 1959-njy ýylda Türkmensähranyñ Şagaldepe obasynda eneden dogulýar.
Akgala we Gürgen şäherlerinde ýaşaýar.
Mugallymçylyk bilen meşgullanýan Nazmuhammet Pakganyñ açyk sözlüligi we mähriban türkmen halkyna bolan milli buýsanjy üçin Eýran hökümeti milletçi, pantürkist bahanalary bilen gün bermeýär we ol yzygiderli ýanalmalara sezewar bolýar. Netijede mugallymçylyk wezipesinden hem boşadylýar. Soñra ömrüniñ ahyryna çenli žurnalistlik bilen meşgullanýar.
Nazmuhammet Pakga ata Watany Türkmenistanda onçakly tanalmaýanam bolsa, manydan doly gysga ömrüni tutuşlaýyn edebiýata bagyşlan adamdyr.
Hut şonuñ üçinem Nazmuhammet Pakga türkmenistanly tanymal ýazyjy-şahyrlarymyz ýaly ägirtlerimiziñ hatarynda goýlup, Garaşsyz we Baky Bitarap Watanymyzda söýlüp okalmaga mynasyp şahsyýetleriñ biridir. Şahyr Eýran türkmenleriniñ arasynda uly hormata mynasyp.
Şahyryñ «Söyjek bolsaň…» atly goşgular kitaby türkmen dilinde, «Bag-e Ehsas» atly ýygyndysy pars dilinde neşir edilipdir.
Nazmuhammet Pakga ussat terijimeçidir. Ol türkmen sowet şahyrlarynyñ birnäçesiniñ eserlerini, şol sanda Kerim Gurbannepesowyň «Tomus Ýazgylary» eserini pars diline terjime edipdir.
Täzeçe pikirlenişi we çuññur lirizmi bilen özünden soñky şahyrlaryñ halypasyna öwrüldi.
Eger ýaşan bolsady, birgiden ajaýyp eserleri döretmegi meýilleşdirýän şahyr agyr kesele uçrap, 2002-nji ýylda döredijiliginiñ iñ kämil döwürlerinde bimahal çag aramyzdan gitdi.
Maşgalaly, Aýbölek we Gülälek atly iki gyzy bar.
Nazmuhammet Pakganyñ edebi mirasyna eýe çykmak, many-mañyzly gysga ömrüni öwrenmek, onuñ gymmatly eserlerini Türkmenistanda giñden tanatmak gönüden-göni biziñ mukaddes borjumyzdyr.
Şahyryñ ruhy bizden şat bolsun!
♣ Rubagylaryndan:
Ýarym seni hyýalymdan goýmanam,
Asyl-asyl jemalyňdan doýmanam,
Berseňde sen hasrat bilen hijrany
Aşyk boldum, bu söwdany ýaýmanam.
Jan seniňki, öz erkime goý meni,
Gerek bolsa bazara sal, ýoý meni,
Hä ýagşy men, hä ýaman men ezizim,
Söýjek bolsaň şu durşuma söy meni.
Çyn ýürekden gülgun, güleňde dostum,
Höwur bol, ýanymda bolaňda dostum.
Bilýäňmi men sende dostluk hakym bar!
Gamyňy goýup gel, geleňde dostum.
Läle gyzy çuňňur guýa atdylar,
Ýat illere, baý ogluna satdylar,
Soňam nalalaryn eşitmejek bolup,
Gulaklaryna pagta dykyp ýatdylar.
Bir adam gelenne ökünip barýar,
Birisi gaýgydan bükülip barýar.
Sebäbin soradym goja şahyrdan,
Diýdi: Oglum! Söygi tükenip barýar.
Käşgä, men bu dünyä gelmedik bolsam,
Ajy gözýaşlary görmedik bolsam,
Ýa-da şol ýaşlara gark bolup gidip
Görülen düýş ýaly durmadyk bolsam.
Ýadyň akarlarda, olumda galdy,
Adyň goşgy bolup, dilimde galdy.
Bilýämiň ezizim! Şol günden bäri
Gapyňam gözleri ýoluňda galdy?!
Gyzlar meni sazym üçin söýendir,
Güýzler meni ýazym üçin söýendir,
Her bir kişi her sebäpli söýse-de
Enem pahyr özüm üçin söýendir.
Söýgi diýmek, men-menlikden gaçmadyr,
Söýgi diýmek, özüňdenem geçmedir.
Sen söýgüni sähel zatdyr öýtme,
Söýgi diýmek, ýana-ýana öçmedir.
«Meni söýýäňmi?»diýip, müň gezek sora
özüňem söýýän diýip, söýgini gora.
Aýagmyzyň yzy barka bu çölde,
Söýgüden başga söz düşmesin ara.
Saz edende agyr derdi köşändir,
Heňlenende gaýgy gamdan boşandyr.
Aýdymlarny berdi sähraň aňyna,
Rubagylam şolardan bir nyşandyr.
Pyragyňdan aglap diňerinmikäm,
Jebir-jepalarňy ýeňerinmikäm,
Bu başyma köp gowgalar salan ýar,
Sensiz bu dünýäde oňarynmykam?
Ýagyş ýaly ýagdy durdy ýaşlarym,
Harmanlary oda berdi ýaşlarym,
Kim gelip oduma suw seper meniň
Gözlerimde doňdy durdy ýaşlarym
ll derdine derman bolabilsedim,
Söweşde baýdak deý galabilsedim.
Ölemde-de gülüp ölerdim welin
Watan üçin gurban bolabilsedim.
Bir adam bu ýerden göçdi bu gije,
Mahmala bürenip, geçdi bu gije.
Men şo mahal aýa bakyp otyrdym,
Asmanda bir ýyldyz öçdi bu gije.
Aý bilen asmana ara çekdiler,
Gül bilen bilbili nara çekdiler,
Güneşi zynjyrlap atdylar çaýa
Yşyklary tutup dara çekdiler.
Nirde sen bir mahal ýitiren söýgim?
Meni öz –özümde gark eden gaýgym.
Geliň! Bu ölümden gutaryň meni,
Sen eý ýiten gaýgym, güm bolan söýgim!
Güneş öçer gider, söýgi bolmasa,
Aýam göçer gider, söýgi bolmasa,
ýylgyrmak ýat bolar, ýüzün dönderip
Ykbal gaçar gider, söýgi bolmasa.
Käteler ýar jepa edip soldurdy,
Kämahalam göwnüm alyp güldürdi.
ýöne men bilýärin bu hakykaty
Aşyklary öz magşugy öldürdi.
Söýdüm weli hiç söýdürüp bilmedim,
Köýdüm weli hiç köýdürüp bilmedim
Depderler ot aldy yşgymdan ýaňa
Yşgy weli hiç duýdurup bilmedim
Söýmän bolsam synamdäki baş näme?
Söýmän bolsaň gözüňdäki ýaş näme?
Men bilmedim söýýäň mi ýä söýeňok
Söýýän bolsaň eliňdäki daş näme ?
Läle gyzy çuňňur guýa atdylar,
ýat illere baý ogulyna satdylar,
Soňam nalalaryn eşitmejek bolup
Gulaklaryna pagta dykyp ýatdylar.
Asmanymda görülmedik aýym sen,
Ogurlanan berilmedik paýym sen.
Ýeke ýalnyz çölde galan aşyk men,
Jyda düşen ýitip giden taýym sen.
@Kitapçy Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.