Namysyň derejesi
Namysyň derejesi

Sada ýigit ynanypdy «dost» diýip,
Bilmän ynam-ygtykatyň çägini.
«Dost» diýilýän bet niýete has uýup,
Duzun iýip, azdyrypdy gäbini.
Onuň maşgalasyn alyp nazara,
Gözlerini çarhlap, ogryn bakýardy.
(Galam titireýär yzyn ýazara),
Bolşy gelne günbe-günden ýakýardy.
…Gyzgyn posalaryň haram lezzeti
Ikisiniň ygtyýaryn alypdy.
Işikde duranyň köňül ezýeti
Ynamyn ýer bilen ýegsan kylypdy.
Wejera görnüşe gahar gaýnady,
Go:mlaryň içinde urdy küregi.
Aşhana pyçagy elde oýnady,
Ildirdi ujyna iki ýüregi.
«Bar-diýýärler-herki işiň alajy»,
Bu söz düşer daryganlaň ýadyna.
Obaň çetindäki igde agajy
Hem gulaç ýüp ýetdi onuň «dadyna».
Sada ýigit arman bilen gitmedi,
Ýumulgydy dideleri-gabagy.
Namys onuň abraýyn dikledi
Ýykyp-ýumrup «ahmyr» atly gabawy.
Şyhymyrat ABDYLLAÝEW. Goşgular